Türkmen topary bilýard stolunyň başynda

photo

Sportuň bilýard görnüşiniň Türkmenistanda iň meşhur sport görnüşleriniň biridigine garamazdan, Türkmenistanyň Bilýard sport federasiýasynyň ýaňy-ýakynda 2015-nji ýylda döredilendigi köp adamy haýrana galdyrýar. 

Emma federasiýanyň döredilmeginden öň hem türkmen bilýardçylarynyň dördüsi 2013-nji ýylda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna gatnaşdy. Batyr Aşyrow, Begenç Aýdogdyýew, Kemaleddin Babaýew we Baýramgeldi Çakanowyň ählisi hem ýene-de bir gezek milli lybaslaryny geýip, Aşgabat 2017-niň beýleki birnäçe oýunçylaryna goşular. 

Türkmenistanyň Bilýard sport federasiýasynyň ilkinji we häzirki prezidenti B. Aşyrow sportuň bu görnüşiniň tiz depginli ösüşi barada gürrüň berdi. 

B. Aşyrow: “Bilýard sportunyň birnäçe wagtlap meşhur bolandygyna garamazdan, ol bir ýere jemlenmedi. Köp sanly ýerli ýaryşlar geçirildi, emma olar şahsyýetler ýa-da klublar tarapyndan gurnalýardy. Biz sportuň bu görnüşini has-da ýörgünli etmek isläp, Türkmenistanyň Bilýard sport federasiýasyny döretdik” diýip gürrüň berdi we Aşgabat 2017 oýunlary Türkmenistanyň sportuny ösdürmek boýunça möhüm waka boljakdygyny belledi. 

Ol: “Türkmenistanda köp sanly oýunçynyň gelip gidýän bilýard we snuker salonlary bardyr. Aşgabat 2017 oýunlary biziň sport görnüşimize deňi-taýy bolmadyk görk berer. Biziň milli toparymyzda birnäçe ussat oýunçylarymyz bardyr. Men bu iri ýaryşlardan soň, täze başarjaň höwesjeňleriň tapyljakdygyna ynanýaryn. Meniň özüm ýurdumyzyň goldawy bilen medal gazanmak üçin elimden gelenini gaýgyrmaryn” diýip, sözüni tamamlady.

1999-njy ýylda oýnamaga başlan Aýdogdyýew sportuň bu görnüşiniň soňky ýigrimi ýyldaky ösüşine şaýat bolup, öz toparyndaky kärdeşiniň geljegi baradaky tolgunmasyny paýlaşýar.

Ol: “Haçan-da, men oýnamaga başlamda, Aşgabatda bir ýa-da iki sany bilýard salony bardy. Oýunçylaryň sany hem örän çäklidi. Emma, häzirki wagtda bu ýagdaý düýpgöter ösüşe eýe boldy Indi her hepde diýen ýaly, ýerli çärelerimiz bolup durýar, şeýle hem muňa bolan gyzyklanma-da artýar. Aşgabat 2017 oýunlary sportuň bu görnüşini täze sepgitlere ýetirer” diýip gürüň berdi.

Batyr Geldiýew bilýard oýnamagy öwrendi we ýurdunyň öňdebaryjy medalçylarynyň biri bolup ýetişdi.

Ol: “Men Mary welaýatynyň ýaşaýjysy we 12 ýaşymda sportuň bilýard görnüşini oýnamaga başladym. Ilkibaşda sportuň bu görnüşini maňa öwreder ýaly hiç kim  ýokdy. Şol sebäpli men öýümiň ýanyndaky bilýard zalyna gatnamaga başladym. Men üns bilen oýunçylara we olaryň hereketlerine tomaşa edip, olaryň yzyndan gaýtalaýardym. Şeýlelikde meniň başarnyklarym ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşdi” diýip, sözüni dowam etdi.

“Haçan-da, men özümiň ukyplarymyň ýeterlik derejede kämilleşendigine gözüm ýetende, has gowy ýaryş mümkinçiliklerine eýe bolmak maksady bilen Aşgabada geldim. Meniň bu ädimim we gelen netijäm garaşanymdan hem gowy boldy, çünki men indi milli toparyň düzüminde. Men Aşgabat 2017-de üstünlikli çykyş etjekdigime berk ynanýaryn” diýip, Geldiýew sözüni tamamlady.

Gurluşyk pudagynda işleýän Ruslanbek Karanow 15 ýylyň dowamynda hereketli bilýard oýunçysy boldy. Ol muny birnäçe topar ýaryşlaryna gatnaşmak bilen subut etdi. 

“Meniň talyplyk ýyllarym Ukrainada geçdi we bilýard oýnamaga şol ýerde başladym. Şol wagtdan öň men basketbol we woleýbol oýunçysy boldum. Emma men ýekebara sport görnüşlerinde has başarjaňdygymy aňyp, sport görnüşimi üýtgetdim. Men 2007-nji ýylda Russiýa federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Dinamiki piramida boýunça dünýä çempionatyna gatnaşdym. Indi bolsa men, Aşgabat 2017 oýunlarynda üstünlikli çykyş etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip sözüni tamamlady.

Şöhrat Metdiýew üçin bolsa sportuň bilýard görnüşi berk maşgala däbine öwrüldi. 
“Men 15 ýyldan bäri bu oýun bilen meşgullanýaryn. Meniň üç oglum, Meretgeldi (18 ýaş), Resul (14 ýaş) we Babamyrat (10 ýaş) ählisi hem sportuň bu görnüşi boýunça ýakyndan gyzyklanýarlar. Käte biziň ählimiz bilelikde bilýard oýnaýarys we türgenleşýäris. Men ogullarymyň meniň yzymy dowam edip, wagty gelende Türkmenistanyň adyndan çykyş ederler diýip umyt edýärin” diýip, söwda biržasynda işleýän Metdiýew gürrüň berdi. 

Sportuň bilýard görnüşi 19-26-njy sentýabrda Aşgabat Olimpiýa toplumyndaky Bilýard sport arenasynda geçiriler.