Awstraliýa taryhda yz goýjak Aşgabat 2017 oýunlaryna taýýarlanýar

photo

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmagyna ygtyýar bermek dünýäde agyr atletika bilen meşgul bolýan türgenleriň ýurduna ýaryşlara gatnaşmak üçin Aziýa yklymynyň gapysyny açmaga mümkinçilik berdi.  

Awstraliýa dünýä derejeli ýaryşlarda birnäçe onýyllyklaryň dowamynda yzygiderli üstünlikli çykyş edip gelýän ýurtdyr. Şonuň üçin-de Aşgabat 2017 oýunlary döwründe Awstraliýa hem Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde, ýekşenbe güni geçiriljek Açylyş dabarasynaşu hepde gelmegini dowam edýän 64 sany beýleki wekiliýetleriň hatarynda bardyr.  

Agyr atletika, sport göreşi we taekwondo sport ugurlary boýunça ýaryşmak üçin on sekiz sany türgen ýer şarynyň günorta böleginden Türkmenistana geler. Bu Oýunlaryň dowamynda häzirki hem-de geljekki sport ýyldyzlarynyň tejribe almagyny meýilleşdirýän bu wekiliýet ýeňijileriň münberinde öz yzyny goýmaga çalşar. 

“Aşgabat 2017 biziň türgenlerimize Aziýa yklymyndan hem-de Okeaniýa ýurtlaryndan gelen, şeýle-de dürli sport görnüşlerinde ýaryşýan türgenlerden ybarat bolan gurşawda bolmaklaryna mümkinçilik berer. Ondan daşary Oýunlar biziň türgenlerimize türgenler şäherçesinde uýgunlaşmaga ýardam berer. Ýaryşlar hem-de türgenler şäherçesi dünýä ülňilerine laýyk gelýän serişdeler bilen enjamlaşdyrylan hem-de olarda türgenlerimiziň ýaşamagy üçin ähli şertler döredilen” diýmek bilen, Awstraliýanyň taekwondo boýunça baş ýerine ýetiriji müdiri Joli Çişolm belläp geçdi. 

Soňra ol: “Aşgabat 2017 oýunlarynda ýaryşa gatnaşjak türgenler toparymyzyň iň esasy maksady, bu köpugurly sport gurşawyna uýgunlaşmak hem-de halkara ýaryşynda özlerini tanatmak bolup durýar. Şeýle-de, biz dünýä çempionatlarynda gazanan tejribämizi hem-de öwrenenlerimizi durmuşa geçirmek arkaly, Aşgabat 2017 oýunlarynyň biziň üçin hem ýatdan çykmajak çäre bolmagyny gazanmak isleýäris” diýip, öz pikiri bilen paýlaşdy. 

Ýaşynyň 21-digine garamazdan, Ridž Barredo awstraliýaly türgenler toparynyň iň tejribeli agzalarynyň biri bolup durýar. Ol Olimpiýa medaly üçin göreşmek maksady bilen 2016-njy ýylda Rio Olimpiýa oýunlaryna gitmezinden ozal, 2015-nji ýylda Hindistanyň Puna şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen Arkalaşyk çempionatynda bürünç medaly gazanmagy başardy.   

21 ýaşly awstraliýaly ýigit Okeaniýa çempionatlarynda 300 kilogram agramy götermegiň hötdesinden geldi. Munuň bilen çäklenmän, Ridž Rio hünärmenlik çäresiniň dowamynda Okeaniýadaky görkezen netijesini iki esse artdyrmagy başardy. Haýran galdyryjy netijelerine garamazdan, Ridž Olimpiýa medalyny ýeňip bilmedi. Emma, Ridžiň görkezen netijeleri bu zehinli türgeniň sport ýolunyň geljekki ýyllarda köp üstünliklere ulaşjakdygynyň alamaty boldy. 

Bu barada Ridž: “Başda men [Awstraliýanyň adyndan Aşgabat 2017 oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň toparyna saýlanandygymy bilip] geň galdym. Sebäbi men bu ýaryşlar barada ozal hiç wagt eşidip görmändim. Ýogsa men her ýylyň başynda özümiň taýýarlyk görmeli ýaryşlarymdyr çempionatlarym barada tertipnama düzýärin. Emma Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada biraz maglumat ýygnanymdan soňra, men beýle mümkinçilik döredilendigi üçin örän şat boldum. Men internet sahypasynda desgalaryň wideo şekillerine syn etdim we olaryň dünýä ülňilerine laýyk gelýändigine hem-de bu Oýunlaryň meniň üçin ýatdan çykmajaklaryň biri boljakdygyna göz ýetirdim” diýip, gürrüň berdi.

Soňra ol sözüni: “Öňümizdäki Oýunlar meniň sport tejribämde gatnaşan iň uly göwrümli sport çäresi boljakdygy gümansyzdyr. Bu bolsa meniň bäsdeşlerimiň hem dürli ýurtlardan gelip, ökde türgenler boljakdygyny aňladýar. Beýleki türgenler bilen deňeşdirilende maňa has pes baha berilmegi mümkin, çünki geljek türgenleriň aglabasynyň köp ýyllyk tejribesi bar” diýmek bilen sözüni jemledi. 

Ýaňy-ýakynda Parižde geçirilen Sport göreşi boýunça birleşdirilen Dünýä çempionatyna gatnaşan ýaş hem-de tejribesiz awstraliýaly pälwanlar, dünýäni haýrana galdyryp, iň güýçli topar bolmagy başardylar. Indi bolsa, ol pälwanlar topary Aşgabat 2017 oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görmek bilen, bu Oýunlara sport dünýäsinde ýene-de üstünlikler getirip biljek täze mümkinçilik hökmünde garaýarlar. 

Bu toparyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy bolmak bilen bir hatarda, Awstraliýanyň sport göreşi boýunça prezidenti hem bolup durýan Jon Saul, Aşgabat 2017 oýunlarynyň awstraliýaly ýaş türgenler topary üçin bahasyna ýetip bolmajak tejribedigini nygtamak bilen, şeýle diýýär: “Dünýä çempionatlary hem-de Aşgabat 2017 oýunlary ýaly köpugurly sport çäreleri ýaryşlar geçirilýän ägirt uly stadionalary hem-de şowhun edýän müňlerçe tomaşaçylaryň öňünde ýaryşmak mümkinçiligini döretmek bilen hem gatnaşýan türgenler üçin taýsyz tejribe bolup durýar. Sportuň söweş sungatynyň türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolýandygy üçin biz ýaryşyň hem-de tomaşaçylaryň göwrüminiň örän uly boljakdygyna düşünýäris we bu Oýunlara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip gürrüň berdi. 

Soňra: “Biziň pälwanlarymyzyň ýetip gelýän sport çärelerine gatnaşmak arkaly köp zady öwrenmäge hem-de sport äleminde ýene bir garyş ösmäge mümkinçiligi bar” diýmek bilen, Jon sözüni jemledi. 

Okeaniýa ýurtlaryndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin jemi 19 sany wekiliýetlerden türgenler Türkmenistana geler.