Pälwan üçin öz ýurdunda ýeňiş gazanmak uly bagtdyr!

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna sanlyja gün galdy. Toýlymyrat Durdymyradow hem sentýabr aýynyň on gününiň diňe özi üçin däl-de, eýsem öz ýurdy üçin hem özboluşly we ýatdan çykmajak waka boljakdygyna ynanýar. Şonuň üçin-de, Toýlymyrat ol ýaryş günleri ýatdan çykmajak ýeňiş pursatlaryna beslemek üçin uly ynam we güýç bilen göreşmegi maksat edinýär.
Oýunlar döwründe 20 ýaşyny doldurmaly Ahal welaýatynda doglan ýaş ýigit göreş bilen 11 ýaşyndan bäri meşgullanyp gelýär.
“Men türkmen milli göreşini ilkinji sapar türkmen toýunda, sekiz ýyl mundan ozal görüpdim. Men sportuň bu görnüşini örän haladym we şondan bäri-de göreş bilen meşgullanýaryn. Bu gün bolsa men ýurdumyzdaky pälwanlaryň iň güýçlileriniň biri” diýip, gürrüň berýän Toýlymyradyň äheňinde saýlan ugruna buýsanç duýulýar.
Toýlymyradyň Türkmenistandaky pälwanlaryň iň ökdeleriniň biridigine şübhe ýok. Asly göreşçi pälwanlar neslinden bolan Toýlymyradyň kakasy hem-de atasy türkmen milli göreşiniň janköýeridir. 68 kilogram agyrlyk derejesinde Türkmenistanyň çempiony bolan ýaş pälwan, 2016-njy ýylda Gazagystanda geçirilen Dünýä çempionatynyň hem ýeňijisi bolupdy. Mundan başga-da, ol şol ýylda Aşgabatda geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orna mynasyp bolmagy başardy.
Guşakly göreş boýunça hem ýaryşjak bu ýaş ýigit, ýaryş ýakynlaşdygyça pälwanlaryň tolgunma duýgularynyň has-da artýandygy barada şeýle gürrüň berdi: “Biz Aşgabatda geçiriljek bu ýaryşlara ýedi ýyl bäri garaşyp gelýäris. Men örän tolgunýaryn. Hemmeler Oýunlara sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar we örän tolgunýarlar. Biziň pälwanlarymyzyň ählisi hem ýeňiş gazanmak bilen türkmen baýdagyny belende galdyrasy gelýär” diýip, Toýlymyrat içki duýgularyny paýlaşdy.
Her dogan gün oňa bu uly çäräniň ýakynlaşýandygyny ýatladýar. Awgust aýynyň ortalarynda Toýlymyrat ilkinji gezek ýaryşlar döwri üçin öz ýörite lybasyny geýip görüpdi.
“Munuň özi hem bir üýtgeşik hadysa. Emma lybasymy Oýunlar döwründe ilkinji gezek geýenimde düýbünden başga duýgularyň boljakdyny bilýärin” diýip, Toýlymyrat nygtaýar.
Aşgabat 2017 döwründe özüniň nähili netijeler bilen ýaryşjakdygyna garamazdan, ýaş pälwanyň geljek üçin belent maksatlary bar. Ol bu barada şeýle diýýär: “Men heniz ýaş, entek uzak ýyllar Türkmenistanyň adyndan daşary ýurtlarda geçiriljek ýaryşlara gatnaşaryn. Men diňe bir Aziýada geçirilýän sport çärelerinde däl, eýsem halkara derejesindäki ýaryşlarda hem ýeňiji bolmagy arzuw edýärin”.
Ýaş pälwanyň ýeňiş gazanmagyny dowam etjekdigine ýa etmejekdigine biz ýeneki ýyllarda şaýat bolarys, emma Toýlymyradyň kakasy we atasy onuň şowly geljeginiň bardygyna berk ynanýarlar.
Erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda iki günüň dowamynda geçiriljek Türkmen milli göreşi boýunça ýaryşlar Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda 16-njy we 18-nji sentýabr günlerinde geçiriler.