Birleşen Arap Emirlikleri Aşgabat 2017-de ýeňiş gazanmagyň ugrunda

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde Ýekşenbe güni başlaýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin özüniň iň güýçli türgenlerinden ybarat toparlaryny döredip, medal gazanmak üçin göreşer.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli Olimpiýa komiteti 80-den ybarat agzalaryndan 55 sany türgeniň 17-27-nji sentýabrda geçiriljek Oýunlara gatnaşjakdygyny kesgitledi.
Birleşen Arap Emirlikleriň türgenleri Türkmenistanda geçiriljek sportuň 21 görnüşi boýunça, şol sanda welosport (trek), atly sport (konkur), taekwondo, agyr atletika we sport göreşi ýaly bäş sany Olimpiýa sport görnüşleri boýunça ýaryşyna diňe ýedi sany sport görnüşi boýunça ýagny, ýeňil atletika, bilýard sporty, bowling, welosport (trek), küşt, jiu-jitsu hem-de futzal sport görnüşleri boýunça ýaryşmak üçin gatnaşarlar.
“Birleşen Arap Emirlikleri Aziýa möçberindäki ýaryşlarynda öz görkezen ukyplary sebäpli, beýleki ýurtlaryň arasynda uly hormata eýedir. Biz özümiziň hakykatdan hem täsirli bolup biljek we medal gazanyp biljek sport görnüşlerini ýörite saýlap aldyk” diýip Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli Olimpiýa komitetiniň Ýerine ýetiriji müdiri Mohammed Bin Derwiş aýtdy. Mundan başga-da ol:
“Bizde tejribeli türgenlerimiz bilen bir hatarda, gelejegi ýagty ýaş nesillerimiziň hem birnäçesi bar. Munuň şeýle edilmegi ýaş türgenleriň zähmet ýollarynda ýokary derejelere ýetmekleri hem-de tejribe gazanmaklary üçin zerurdyr. Bu iki garyşyk nesliň Birleşen Arap Emirlikleriniň türgenler toparynda bolmagy toparyň gelejegi üçin oňat netijeler berer” diýip belledi.
Sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça 3000 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşa Aziýanyň çempiony tejribeli türgen Alia Saýid Mohammed gatnaşar, şol bir wagtyň özünde Saud Al Zaabi we Maýof Hassanyň ikisi hem erkekleriň arasyndaky 800 metr aralygynda ylgamak boýunça ýaryşa gatnaşar.
Alia iýul aýynda Hindistanyň Bhubaneşware şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda 5000 metr aralyga ylgamakda kümüş medala eýe bolmak bilen baýrakly orunlary gazanmaga örän okgunly hereket edýär. Ol öz ýeňişlerini Tunisda geçirilen Arap ýeňil atletika çempionatynyň 5000 we 10000 metr ylgamak boýunça ýaryşynda 2 altyn medala mynasyp bolmak bilen dowam etdirdi.
Gynansakda, bu ýeňişlerden soňra gaýtadan topuk şikesini almagy sebäpli, 26 ýaşly türgen 2017-nji ýylda Londonda geçirilen Halkara ýeňil atletika federasiýasynyň dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmedi.
“Häzirki wagtda onuň ýagdaýy gowulaşdy we biz Aşgabada gelýänçäk, onuň öňki durkuna gelmegine garaşýarys” diýip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýeňil atletika federasiýasynyň prezidenti Ahmed Al Kamali gürrüň berdi.
BAE-niň jiu-jitsu boýunça türgenler topary, hususan hem awgust aýynda Wiýetnamyň Hanoý şäherinde geçirilen Aziýanyň ikinji jiu-jitsu çempionatynda türgenleriň 10-sy altyn, jemi topar bolup 21 medal gazanmagy, ýurduna medal getirip biljek beýleki bir topardyr. Şeýle-de, oktýabrda Wiýetnamyň Danaň şäherinde soňky gezek geçirilen Aziýanyň kenarýaka oýunlarynda-da Birleşen Arap Emirlikleri dokuz medal gazandy.
“Biziň bu ýylyň iň wajyp ýaryşlarynyň birine gatnaşmak bilen öz maksatlarymyzy pes tutmaga hiç hili sebäp görmeýärin. Eger toparymyzyň dokuz medal gazanmaga mümkinçiligi bar bolsa, onda häzirki wagtda bu tagallalary 2 esse artdyryp, türgenlerimiziň Aşgabatda has gowy netijelere eýe bolmagyna garaşyp bileris” diýip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Jiu-jitsu federasiýasynyň tehniki müdiri Ýusuf Al Beluşi belledi.
“Biz türgenlerimiziň uzyn aralyga ylgamak boýunça ýaryşda garaşylýan netijä ýetip bilmekleri üçin maksatlarymyzy goýmaga dowam etdireris” diýýän Ýusuf Al Beluşi sözüniň ahyrynda ýeňiş gazanamaga bolan umydyny beýan etdi.
Bäş sany welosportça Ýosuf Mirzanyň ýolbaşçylyk etmegi bilen Birleşen Arap Emirlikleri ýene-de birnäçe kümüş medaly gazanmaga umyt edip biler. Häzire çenli iň ökde welosipedçi Mirza Halkara welotrek federasiýasy tarapyndan 2017 nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabidäki topary üçin wezipä bellenip, dünýä toparynda BAE-niň adyndan ilkinji çykyş eden türgen boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň türgenler topary
Ýeňil atletika: 3 türgen;
Bilýard sporty: 5 türgen;
Bowling: 4 türgen;
Welosport (trek): 5 türgen;
Küşt: 8 – 4 erkek we 4 zenan türgen;
Jiu-jitsu: 16: 13 erkek we 3 zenan türgen;
Futzal: 14 türgen;
Jemi: 55 türgen.