Türkmenistanyň demir ýol ulagy paýdarlar jemgyýetine öwürler

photo

Demir ýol ulaglary ministrligi pudagyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmäge taýýarlanýar. Hökümetiň mejlisinde ulag we aragatnaşyk boýunça wise-premýer B.Annameredowyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda ministrliginiň garamagyndaky birnäçe kärhanalaryň guramaçylyk-hukuk düzümini kämilleşdirmek boýunça işler geçirilýär. Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň paýly gatnaşmagynda “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek baradaky teklibi goldady hem-de wise-premýere bu meseläni içgin öwrenmegi tabşyrdy.