Türkmenistanyň paýtagty „Aşgabat 2017“ Oýunlaryny toý lybasyna beslenip garşy alýar

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty, söýgügüniň, ylhamyň we ýaşlygyň şäheri Aşgabat giň köçeleri bilen bize gujak açýar, saýaly baglarydyr seýilgähleri bilen bagryna basýar, şadyýan gün öz mähri bilen gallap alýar.
Müdimi ýaş güneşli Aşgabat gözel binalarynyň ajap sazlaşygy bilen günsaýyn ösýär, özgerýär. Köçeleridir şaýollary giň, bagy-bosn, täzeden- täze meýdançaly, çüwdürimli-seýilgäh toplumly, kaşaň desgaly ak mermere bürenen şäherimiz Gündogaryň merjenidir. Onuň başy belent binalary, asman sary ymtylýan gümmezleri bilen, Köpetdagyň etegine tarap ösýän paýtagtymyz şäherleriň gözeli.
Biz söýgüli şäherimiziň parahtçylyksöýüjiligiň, açyklygyň we myhmasöýerligiň nyşany, halkara forumlarynyň, wekiliçilikli syýasy duşuşyklarynyň, medeni çäreleriň geçirlýän ýerine öwrülenine buýsanýarys.
Bu gün türkmen paýtagty „Aşgbabat 2017“ Oýunlaryna taýyarlanýar. Ol sport baýramyny toý lybasynda garşy alýar. Wokzalyň golaýyndaky meýdançada, paýtagtyň Halkara aeroportundaky Oýunlaryň nyşany gujurly-dostana alabaý Wepaly myhmanlary garşy alýar.
Aziadanyň nyşanlary şäher bezegine sazlaşykly utgaşyp, uly möçberli sport baýramynyň ruhuny görkezýär, oňa türkmen paýtagty ruhubelentlik we şatlyk bilen taýýarlyk görýär. Oýunlaryň öňýany Aşgabadyň şaýollrydyr esasy köçeleri düýpli özgerdi. Olara Aziadanyň nyşanlary bolan çyralar, monitorlar, diodçyraly ýazgylar, plakatlar bezeg berýär.
Paýtagtyň esasy binagärlik bezegi-sebitde deňi-taýsyz döwrebap köpugurly Olimpiýa şäherçesidir.Ozboluşly binagärlik täzeçillik we gurluş düzümleri milli nyşanlardyr üýtgeşik dizýnarlik tilsimleri, binalaryň ýokary tehnologiýalary we guramaçylyk täzeçillikleri bilen sazlaşykly urgaşmagy ýurtda bolup geçýän özgertmelerri we die bir ýokary sport üstünliklerini däl, eýsem halklaryň arasyndaky ynanyşmany berkitmegi şanlandyrýar.
Türkmen jemgyýetiniň medeni ýörelgelerini, taryhy-medeni dowamatlylygyny görkezýän heýkeller toplumy-da paaýtagtymyzy gaýtlanmajak görke getirýär. Dünýä belli ahal-teke bedewleriniň keşbi onuň aýrylmaz bölegidir. Bedew ýyndamlygy we batly gadamy eýýamyň depgine laýyk gelýär, biziň parahatçylyga, ösüşe we milli abadançylyga ymtylyşymyzy beýan edýär. Hut ady rowaýata öwrülen „ganatly bedewiň“ heýkeliniň „Saglyk.
Ruhubelentlik. Dostluk“ şygary bilen geçirilýän „Aşgbabat 2017“ Oýunlarynyň esasy sport meýdançasyny bezemeginiň özem simwolik häsiýete eýedir.