Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň prezidenti türkmen guramaçylaryna ýokary baha berdi

photo

Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Ýusif Al Mana ulularyň arasynda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatyny gurnan guramaçylara ýokary baha berdi. Bu çempionat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk döwründe synag ýaryşy hökmünde geçirildi.

Ulularyň arasynda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty Aşgabat şäherinde “Inspiring Ashgabat” atly synag ýaryşlarynyň çäginde 23-29-njy aprel aralygynda geçirildi.

Federasiýanyň ýolbaşçysyny ulularyň arasynda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynyň şeýle ýokary derejedäki guramaçylygy haýran galdyrdy. “Bu biziň köpimiz üçin Türkmenistanda sport ýaryşyna gatnaşmak üçin gelen iIlkinji saparymyz boldy. Guramaçylaryň ýerine ýetiren işiniň ussatlygyny meni haýran galdyrandygyny aýdasym gelýär. Hünärmenleriň jomartdygyny we her biriniň öz işini gowy bilýändigini belläp geçmek gerek. Maňa ynanyň, guramaçylygy barada aýdylanda, Aziýa çempionaty Halkara Agyr atletika federasiýasynyň geçirýän çärelerinden kem bolmady”.

Mohammed Ýusif Al Mana janköýerleriň dünýä derejedäki gurnalan çempionata tomaşa etjekdigini öňünden aýdypdy we ýalňyşmady. Hormatly myhman: “Agyr atletika boýunça soňky geçirilen iri ýaryş Rio 2016 Olimpiýa oýunlarydy. Aziýaly türgenler altyn medallaryň 15-sinden 13-sini eýelemegi başardy. 15 altyn medalyň diňe 2-si Aziýa äkidilmedi: biri Latyn Amerika, beýlekisi bolsa Ýewropa. Şonuň üçin Aziýa ýurtlaryň arasynda geçirilýän islendik ýaryş Dünýä çempionatyna barabardyr” diýip ýaryşyň geçirilişine ýokary baha berdi.

Mundan başga-da, Mohammed Ýusif Al Manany gatnaşyjylaryň sany hem täsin galdyrdy. Ol bu babatda şeýle sözler aýtdy: “Gatnaşýan döwletleriň sany eýýam bu ýaryşyň üstünliklidiginiň şaýadydyr. Çempionada 30-dan gowrak döwletden gelen türgenler gatnaşdy. Bu bolsa diýseň ýokary görkeziji. Adatça, Aziýa ýaryşlaryna gatnaşýan döwletleriň sany 20-22-den artmaýar. Desgalar, şol sanda türgenleşik binasy we ýaryş desgalar örän ajaýypdyr”.

12 döwletden gelen türgenler 7 ýaryş gününiň dowamynda medallaryň 144-si üçin öz güýjüni synladylar. Umumy toparlaýyn hasapda birinji orny jemi 36 sany medal bilen (22 altyn, 8 kümüş we 6 bürünç) Hytaý eýeledi.

Şeýle-de Mohammad Ýusif Al Mananyň aýtmagyna görä, bu çäre diňe bir sport çäresi hökmünde geçirilmedi. Bu çäre taryha girjek wakalarynyň biri, ýagny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherçesiniň kaşaň desgalarynyň taýýarlyk derejesini barlamak üçin gowy mümkinçilik döretdi. Ol: “Haçan-da Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça federasiýasy Aziýa boýunça yklym derejedäki ýaryşy Oýunlaryň öňüsyrasynda taýýarlyk derejesini barlamak üçin Aşgabatda geçirmäge teklip edende, biz kömek etmäge taýyndyk. Biz olaryň maksadyna ýetjekdigine ynanýarys” diýip belledi.

“Inspiring Ashgabat” atly synag ýaryşlaryň çäginde kikboksing boýunça Aziýa WAKO çempionaty we gysga aralygy ýüzmek boýunça Merkezi Aziýa ýaryşy hem geçirildi. Bu synag ýaryşlary 23-30-njy aprel aralygynda geçirildi.