Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň daşary ýurtly agzalaryna döwlet sylaşlaryny gowşurdy

Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň Aşgabatda geçirilýän nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki işiň ösmegine ägirt uly goşant goşandyklary üçin assosiasiýanyň daşary ýurtly agzalary Blank de Toledo Loma Osorio, Eloiza Anemon Flawiýa Žirärgä, Batturdy Ibadullaýewe Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz sylaglananlary gutlap, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagy, olaryň arassa ganlylygynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan yhlasly zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirdi we hemmelere jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlary Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan dabaralara, şol sanda Halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de türkmen paýtagtynda geçirilýän “Türkmen bedewi we dünýäniň seýsçilik sungaty” atly ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrdy.