Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata hem-de Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutany bilen salamlaşyp, şu ajaýyp günlerde Türkmenistana gelmek hem-de ulag-üstaşyr ulgamda halkara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilen BMG-niň howandarlygynda geçirilýän ýokary derejeli foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin öz owgan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan goňşy ýurtlar, şol sanda halkyny türkmen halky bilen dostlugyň bozulmaz gatnaşyklary hem-de köpasyrlyk taryhy-medeni umumylyk baglanyşdyrýan Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Prezident Mohammad Aşraf Gani mähirli kabul edişlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen Liderine hem-de tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Owganystanda sebitde durnuklylygy we rowaç ösüşi pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berilýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Owganystan bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara Türkmenistanyň ygrarlydygyny hem-de goňşy ýurduň ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen döwletiniň Baştutany halkymyzyň owgan halkynyň parahat we durnukly durmuşa bolan ymtylmasyna tüýs ýürekden raýdaşdygyny aýdyp, häzir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýan, hil taýdan täze tapgyry başdan geçirýändigini belledi.
Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek gyzyklanma bildirilip, aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan meselä öwrüldi. Iri energetika taslamasy bolan bu gaz geçiriji oňa gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň halklaryna we umuman, tutuş sebite abadançylyk getirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, Owganystany durmuş-ykdysady taýdan galkyndyrmaga, sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, şeýle hem döwrüň beýleki möhüm meseleleriniň çözülmegine degişli başlangyçlarynyň owgan tarapyndan doly goldanylýandygyny aýtdy.
Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek babatdaky taslamalaryň, şol sanda Aziýa halkara ulag geçelgesini döretmek babatdaky başlangyçlaryň hem durmuş-ykdysady taýdan uly netije bermegine garaşylýar. Şol ugur ýurdumyzyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň çäklerinden geçip, geljekde Hytaýyň demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň depginli ösýän döwletlerine çykar.
Şunuň bilen baglylykda, Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) täze demir ýolunyň ulanylmaga berilmeginiň taryhy ähmiýeti nygtaldy. Bu demir ýol goňşy ýurduň durmuş-ykdysady düzümlerini dikeltmek, täze iş orunlaryny döretmek, owgan halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Şol bir wagtyň özünde “Ymamnazar” gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ýüklemek boýunça terminal ulanylmaga berler.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan Owganystana ýeňillikli şertlerde iberilýän elektrik energiýasynyň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda degişli düzümleriň täze desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen iberilýän şol elektrik energiýasynyň möçberiniň has-da artjakdygyny belledi.
Türkmen-owgan döwletara gepleşiklerinde ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşýan ynsanperwer ulgamda özara hereket etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Däp-dessurlaryň, medeniýetiň, ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy bilen birleşen iki goňşy halkyň gatnaşyklarynyň taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen-owgan serhediniň dostlugyň we hyzmatdaşlygyň serhedidigini hem-de munuň hemişe şeýle bolmalydygyny nygtap, netijeli medeni we ylym-bilim aragatnaşyklaryny giňeltmäge hemme mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagynda, şol sanda dürli ulgamlarda möhüm başlangyçlaryň we taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň hasabyna hemişelik berýän kömegi hem-de goldawy üçin Türkmenistanyň Baştutanyna we tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani däp bolan dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň halklaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi