img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Pekinde adam hukuklary babatda global dolandyryş boýunça 2026-njy ýylyň Ýokary derejeli forumy geçirildi

img
img
img
img
img
img

babatda global dolandyryş boýunça Ýokary derejeli forum geçirildi. Çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Metbugat kanselariýasy we Hytaýyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy.

Iki günlük forumyň baş temasy “Bilelikdäki ösüş we umumy elýeterli adam hukuklary: Ösüşe bolan hukuk baradaky Jarnamanyň kabul edilmeginiň 40 ýyllygy we adam hukuklaryny global dolandyrmagyň täze garaýşy” diýlip atlandyryldy. Çäre 100-den gowrak ýurtlardan we halkara guramalardan, şol sanda BMG-den 400-den gowrak wekili özüne çekdi. HMK-nyň MK-nyň Syýasy býurosynyň agzasy we HMK-nyň MK-nyň Propaganda bölüminiň başlygy Li Şuleý açylyş dabarasyna gatnaşdy we maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Forumyň çäklerinde aşaky mowzuklara bagyşlanan bäş sany kiçi forum geçirildi: “Global ösüş başlangyjynyň adam hukuklary üçin ähmiýeti”, “Adam hukuklarynyň global ewolýusiýasynda ösüşe bolan hukugyň orny we ähmiýeti”, “Emeli aň döwründe ösüşe bolan hukugyň üpjün edilmegi we täze wezipeler”, “Ýaşyl ösüş we adam hukuklarynyň goralmagy”, “Modernizasiýa we adamynyň erkin hem-de hemme taraplaýyn ösüşi”.

Forumyň işine Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew hem gatnaşdy. Ol “Ýaşyl ösüş we adam hukuklarynyň goralmagy” baradaky dördünji ugurdaş sessiýada çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk wezipesinden ugur alyp, “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesini yzygiderli goldap gelýändigini belledi. Bu çemeleşme ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynda hem aýdyň ýüze çykýar. Tebigaty goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak durnukly ösüşiň hem-de adam hukuklaryny goramagyň düýpli esasy hökmünde seredilýär.

Adam hukuklarynyň goralmagy we ýaşyl ösüş ýaly demokratik gymmatlyklaryň umumadamzat ähmiýeti hemme tarapyndan ykrar edilýär, olara bolan umumy ygrarlylyk bolsa sebitlerde we bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de abadançylygy berkitmäge, degişlilikde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam etmelidir.

Forumyň çäklerinde şeýle hem Hytaýyň 2026-2030-njy ýyllar üçin Adam hukuklary baradaky milli hereket meýilnamasy çap edildi, onda ýurduň ýakyn bäş ýylda bu ugurdaky işiniň esasy ugurlary görkezilýär.