Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gaznanyň çagalaryň saglygyny goramaga we olaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işine ýokary baha berdi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti BMG-niň wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri BMG-niň doly hukukly agzasy bolup durýandygyny we gurama bilen jemgyýetiň durmuşynyň ähli esasy ulgamlaryny öz içine alýan netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işinde çagalaryň saglygy, ösüşi, bilimi, durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn orun eýeleýändigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýylyň martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahatda degişli resminama gol çekilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şu ýylyň dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.