Türkmenistan we Hytaý oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

photo

10-13- nji iýul aralygynda türkmen wekilýetiniň agzalary Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň taslama işleri we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bölüminiň başlygy Akmyrat Ýylkybaýew bilen «Kuwwatly ýollar» HK-nyň direktory Şyhmyrat Öwezow Pekinde duşuşyklar we gepleşikler geçirdiler, olaryň barşynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Iş sapary Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasynyň ýardam bermeginde döwlet baştutanynyň ýurduň oba senagat toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, oba hojalyk önümleriniň eksportuny artdyrmak we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurnaldy. 

Saparyň ilkinji güni türkmen wekilýeti HHR-yň Telekçilik ministrliginde gepleşikler geçirdi, bu ýerde türkmen pagtasyny we ony gaýtadan işlemekden alynýan önümleri ibermegiň meseleleri barada pikir alşyldy. Maýa goýumlaryny alyşmagyň, şeýle hem Türkmenistandan HHR-a pagta önümlerini, şol sanda pagta lintini ibermegiň bellenilen möçberini artdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Gepleşikleriň barşynda Hytaýyň Telekeçilik ministrliginiň Ýewraziýa işleri boýunça departamentiniň baştutany Ma Çi hytaý tarapynyň Türkmenistandan oba hojalyk önümleriniň eksportuny makullaýandygyny we hytaý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň oba senagat toplumyna maýa goýumlaryny goldajakdygyny nygtady. 

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň wekilýeti şeýle hem ýerli eksportçylary goldamak we hytaý ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen meşgullanýan Hytaýyň hususy pudagy halkara edarasynyň başlygy Wan Ýango bilen hem gepleşikler geçirdi. 

Hytaýyň «China textile Corporation Limited», «China National Cotton Group Corporation» ýaly iri kompaniýalarynyň we «China National Cotton Exchange» söwda biržasynyň ýolbaşçylary bilen hem gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň wekilýetiniň agzalary hytaý telekeçilik bileleşigininiň wekillerini ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk pudagynyň önümçilik we eksport mümkinçilikleri, oba hojalygy ulgamyna maýa goýum taslamalary, şeýle hem logistiki mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. 

Öz gezeginde hytaý kompaniýalary Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynda maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga isleg bildirdiler. Duşuşygyň barşynda oba hojalygyna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki iş hakynda ylalaşyk gazanyldy.