Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň wise-prezidentini mähirli mübärekläp, Eýranyň Bender-Abbas şäherindäki Şehit Rejaýi portunda bolup geçen partlama zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Seýed Hamid Purmohammadiniň şu saparynyň netijeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge we ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, bu babatda bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyny möhüm gural hökmünde has netijeli ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde birnäçe möhüm energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Bu işler ilatymyzyň we daşky gurşawyň aýratynlyklaryny, howpsuzlygyny nazara almak bilen amala aşyrylýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzyň özara gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlary hem-de teklipleri goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadi hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.