Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary Arkadag şäheriniň gözel keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny, Gazagystanda Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine guwanylýandygyny belledi. Şeýle hem myhman YHG-nyň forumynyň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary häzirki wagtda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň özara düşünişmegiň, strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, medeni däpleriň umumylygyna esaslanýar.

Ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler, energetika, ulag-logistika pudaklarynda gatnaşyklary pugtalandyrýarlar. Türkmenistan we Gazagystan ýokary derejedäki netijeli dialogy yzygiderli esasda alyp barýarlar, hökümetara we pudagara hyzmatdaşlygy ösdürýärler.

Myhman Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanyň döredijilikli daşary we içeri syýasatyny, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň transmilli energetika, ulag geçelgelerini döretmek boýunça möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi. Bu başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza doganlyk Gazagystanyň gadymy Türküstan şäherinde bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýew birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň halklaryna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdiler.