Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) sebitinde durnukly ösüş boýunça ilkinji ýokary derejeli forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadi bilen duşuşdy.

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirildi.

Söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşdylar.