Türkmenistanyň DIM-inde Monako Knýazlygy bilen sport pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlașyldy
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Ýurtlar bilen halklaryň arasyndaky dostlugy, raýdaşlygy, hormaty we özara düşünişmegi ösdürmegiň guraly hökmünde Türkmenistanyň sport pudagyndaky başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bütin dünýäde parahatçylygyň hatyrasyna sport pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem gatnaşýan her ýyl giň gerimli geçirilýän Ak Кarta aksiýasynyň ähmiýeti nygtaldy.
Monako tarapynyň konstruktiw başlangyçlara we tejribe alyşmaga açykdygy bellenildi. Milli we halkara derejesinde adamlary birleşdirmäge ukyply sportuň bitarap tebigaty we özboluşlylygy aýratyn bellenildi.
Taraplar geljekde Parahatçylyk we sport guramasynyň ugry boýunça uly göwrümli çäräni bilelikde guramak we geçirmek mümkinçiliklerine hem garadylar.