“Demirgazyk - Günorta” ulag geçelgesi - sebitiň ýük akymlarynyň “altyn halkasy”

photo

Nobatdaky konteýner ýük düzümi Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ugry boýunça menzil aşdy - 9-njy maýda günebakar tohumynyň 1150 tonnasy ýüklenen ýük düzümi HHR-iň demirgazygynda ýerleşýän Baýan-Nur şäherinden çykdy we “Demirgazyk - Günorta” ulag geçelgesi boýunça ugrady. 

Türkmenistanyň demir ýol ulgamynyň sebit logistika ulgamyna girizilmegi ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigi hasaba alnanda, ykdysadyýetimizi ösdürmegiň wezipelerine laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow multimodal düzümiň kemala gelmegine gönükdirilen iri möçberli ulag taslamalaryny öňe sürüp, döwletimiziň üstaşyr mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň durmuş-ykdysady hem-de tehnologiýa ösüşiniň, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny hemişe belleýär. 

HHR-iň demir ýollar milli ulgamynyň maglumatlaryna laýyklykda, Baýan-Nurdan ugran konteýner ýük düzümi kesgitlenilen wagt boýunça “Horgos” (HHR) — “Altyn Kol” (Gazagystan) beketleriniň çatrygynda hytaý-gazak serhedinden geçdi we hereketini dowam edip, “Bolaşak” bekedine ýetdi, ol bu ýerde “Serhetýaka” bekediniň golaýynda gazak-türkmen serhedinden geçdi. 

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, ýük düzümi ýurdumyzyň çägi boýunça 700 kilometr ýoly bellenilen wagtdan bir gije-gündiz öň geçdi, munuň özi täze häzirki zaman demir ýollarynyň gurulmagy hem-de beketleriň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde mümkin boldy, olaryň hataryna “Bereket” saýpallaýyş bekedi hem girýär, bu ýerde iň öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen lokomotiw depo ýakynda ulanmaga berildi. Ýük düzümi “Akýaýla” (Türkmenistan) — “Inçeburun” (EYR) beketleriniň golaýynda ýurdumyzyň günortasynda döwlet serhedinden geçdi. 

22-nji maýda Hytaýyň konteýner ýük düzümi 13 gije-gündiziň dowamynda 8352 kilometr ýol geçip, Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherine bardy. Munuň özi ýükleri ibermegiň hem-de deňiz geçelgelerini ulanmagyň ozalky peýdalanylýan ugry bilen deňeşdirilende ýoluň 3 esseden hem gowrak (!) tiz geçilendigini aňladýar. 

Hytaýyň Baýan-Nur şäheri ýurtda günebakar tohumlaryny öndürýän iň iri sebit bolup, her ýylda bu gymmatly oba hojalyk ekininiň, takmynan, 180 müň tonna tohumyny eksport edýär, olaryň 90 göterimi ýakyn Gündogar, Ýewropa we Latyn Amerikasy ýurtlaryna iberilýär. 

Häzirki wagtda hytaý önüm öndürijileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesine aýratyn üns berýärler. Bu demir ýol üç dostlukly döwleti birleşdirip, täze görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde barha uly ähmiýete eýe bolýar. 

Bu ugruň herekete girizilmegi ýük akymlarynyň möçberlerini artdyrmaga hem-de sebitde we yklymda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini peýdalanmaga şert döredýär diýip, milli Liderimiz belleýär. 

Ýol geçmäge sarp edilýän wagtyň gysgaldylmagy, degişlilikde, ulag çykdajylarynyň azaldylýandygyny aňladýar we bu ugruň ykdysady taýdan düşewüntliligini ýokarlandyrýar. Şol sebäpli hem Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly häzirki wagtda iri ykdysady merkezleri birleşdirip, sebitde ýük akymlarynyň baş ugruna öwrülýär. 

Türkmenistan üçin bu halkara logistika taslamasyna gatnaşmak özüniň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmegi aňladýar, sebäbi häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Beýik Ýüpek ýoly häzirki zaman halkara awtomobil, demir ýoly, deňiz we uçar ugurlary görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Gadymy ýoluň ugurlary bilen gabat gelýän bu ýollar Ýewraziýa yklymynda daşary ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny, üstaşyr gatnawlaryň giňeldilmegini, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagyny üpjün eder. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki ulag taslamalary sebitde hem-de onuň çäklerinden daşarda umumy ýagdaýa, Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine oňyn täsirini ýetirer, tutuşlygyna yklym gatnaşyklar ulgamyna goşmaça durnuklylyk berer. 

Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň umumylaşmagynyň möhüm gurallaryna öwrüldi. Türkmenistan bu çäreleri herekete getiriji hökmünde öz çäklerinde yklymyň iň möhüm logistika merkezleriniň birini kemala getirýär, şunda ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş ösüşine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen döwletimiziň geoykdysady kuwwatyny sebitiň we dünýäniň bähbitlerine durmuşa geçirmek strategiýasyna daýanýar.