Birža täzelikleri

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata hem ýüplük, buýan köküniň guradylan ergini, aýna, portlantsement ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Türkiýe, Serbiýa. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 41 million 662 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 907 müň manatdan gowrak bolan ýod erginini we pamaza matany satyn aldylar.