Türkmen talyplary Pekinde gurnalan dostluk futbol oýnunyň ýeňijisi boldular

photo

Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň sport toplumynda şu ýokary okuw mekdebiniň wekilleri bilen hytaý paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň arasynda futbol duşuşygy boldy. 

Çäräni Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň goldamagynda ýurdymyzda geçirilýän köpçülikleýin sport we bedenterbiýe-sagaldyş bir aýlygynyň çäklerinde gurnady. 

Duşuşyk başlanmazdan öň uniwesitetiň prorektory Çžaý Şuansin oňa gatnaşyjylara we tomaşaçylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol şu ýokary okuw mekdebinde şeýle çäräniň geçirilmeginiň simwoliki ähmiýete eýedigini, 4 ýyl mundan ozal, 2014-nji ýylyň maý aýynda Hytaýa döwlet saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň Hormatly professory adynyň dakylandygyny belledi. 



Çžaý Şuansin häzirki wagtda lukmançylyk barlaglary we ylmy hem-de lukmançylyk ugrundan hünärmenleri taýýarlamakda bilelikde iş alyp barmak üçin uly mümkinçilikleriň döredilendigini nygtady. 

Soňra çekeleşikli oýun başlandy. Türkmen talyplary hüjümli oýnap, garşydaşlarynyň derwezesine jogapsyz üç pökgi saldylar we 3:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Oýun tamamlandan soň toparlar ýadygärlik sowgatlaryny alyşdylar. 

Çäräniň guramaçylarynyň belleýşi ýaly, şeýle ýaryşlar ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini we sportuň toparlaýyn görnüşlerini wagyz etmägä ýardam edýär.