Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanyldy

2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan 2023-2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.
Bu Komitet sportuň ähmiýetini we ornuny giňeltmek hem-de ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen 1978-nji ýylda döredildi.
Türkmenistan 2017-2021-nji ýyllar aralygynda hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanyldy.