Geçmişiň kerwen ýollary—arheologlaryň üns merkezinde

“Gadymy täsin daşlardan geljege tarap basgançak ýasaň!” diýip, birmahallar Hindistanda ýaşap geçen beýik suratkeş Nikolaý Rerih ýazypdyr. Bu parasatly sözler biziň “Beýik Ýüpek ýoly” diýip atlandyrýan düşünjämiziň manysyny takyk beýan edýär. Nemes geology, geografiýaçysy we syýahatçysy, Berliniň geografiýa jemgyýetiniň prezidenti Ferdinand fon Rihtgofeniň häzirki döwürde meşhur bolan bu adalgany ylma girizeli bäri 140 ýyl geçdi. Emma dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlary gadymy eýýamlaryň we Orta asyrlaryň bu özboluşly döwri bilen çynlakaý gyzyklanyp hem-de geçmişiň kerwen söwdasynyň anyk ýollaryny öwrenip başlaýança ýene-de birnäçe onýyllyklar geçdi.
Ýer togalagynyň ägirt uly böleginde köp asyrlaryň dowamynda ynsan gatnaşyklary syýasy päsgelçiliklerden we döwletleriň serhetlerinden geçilip, işjeň ösdürilipdir. Ol anyk hukuk derejesi bolmadyk özboluşly bir döwletdi, belli at berilmedik imperiýady, döwlet alamatlary bolmadyk bileleşikdi. Onuň ugrunda ululy-kiçili ýüzlerçe şäher, müňlerçe oba, ýol ugry kerwensaraýlar, köprüler peýda bolup, olar dürli-dürli dilli hem-de biri-birine meňzeş bolmadyk halklaryň we taýpalaryň berk birleşigi astynda döräp, kemala gelipdir.
Türkmen topragy geografik taýdan amatly ýerleşendigi sebäpli, kerwen söwdasynda möhüm orun eýeläpdir. Patyşalyklar döräpdirler -- dargapdyrlar, parahat durmuşyň höküm süren ýyllaryndan soň uruş ody tutaşan döwürler gaýry ýurtlaryň kerwenleri howply ýerleriň daşyndan aýlanyp geçipdirler. Bu ýewropalylar üçin XV asyrda Hindistana we Hytaýa Merkezi Aziýadan aýlanyp geçýän gysga, howpsuz we amatly deňiz ýollary peýda bolýança şeýle bolupdyr. On bäş asyrdan gowrak dowam eden Beýik Ýüpek ýoly eýýamyndan Orta ýer deňzinden tä Uzak Gündogara çenli aralykda müňlerçe ýadygärlik galypdyr. Olaryň köpüsi Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Hut şol döwürde Merw, Köneürgenç, Amul, Zemm (Kerki), Sarahs, Abiwerd, Nusaý, Dehistan ýaly hakyky orta asyr şäherleri peýda bolupdyr. Olaryň arasyndaky ýollaryň bölekleri, şeýle hem olardan Buhara, Balha, Hyrada, Nyşapura we beýleki iri şäherlere barýan ýollar örän ýörgünli hem-de uzak wagtlap hereket eden ýollar bolupdyr. Olaryň her biriniň utgaşykly ýoly, beýleki ýollara çykarýan ýa-da has gysga aralara eltýän sansyz-sajaksyz şahalary hem bolupdyr. Ýollaryň käbiri ýylyň paslyna görä möwsümleýin bolupdyr, çünki gyşyna güýçli ýagyş-ýagmyrlar netijesinde uç-gyraksyz takyrlar batga bolanda, olardan ýol ýöräp bolmandyr, käbir ýerlerde bolsa, tomsuna guýylaryň bary gurap, şol ýollardan gider ýaly bolmandyr.
Diňe XX asyryň soňky onýyllyklarynda bu ýollary hem-de olar bilen baglanşykly ýadygärlikleri öwrenmek üçin arheologik barlaglar geçirilip başlanypdyr. Orta asyr ýazuw çeşmeleriniň ençeme gezek öwrenilmegi we ýerlerde barlaglar geçirilmegi netijesinde arheologlar ýollaryň käbiri boýunça Orta asyr ýol görkezijilerindäki ýerleri biziň günlerimize çenli ýetip gelen harabalyklar bilen kybaplaşdyrdylar. Ýöne çeşmelerde diňe has möhüm ýollar barada maglumatlar berlendigini, ikinji derejeli ýollara bolsa awtorlaryň üns bermändigini ýatdan çykarmaly däldiris. Türkmenistanyň belli ýadygärliklerini ilkinji bolup açan aşgabatly arheolog Aleksandr Maruşenko ençeme ýyl mundan ozal şeýle pikir aýdypdy. Ol baryp geçen asyryň 30-njy ýyllarynda pyýada, käte atly, soňra ilkinji awtomobillerde Orta asyr kerwen ýollaryny agtaryp, çöl üstünden we dag eteklerinden, akyp ýatan we guran derýalaryň ugrundan ýüzlerçe kilometr ýol aşypdy.
Onuň döwürdeşleri—Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Günorta-Türkmenistan toplumlaýyn arheologiýa toparyny esaslandyryjy Mihail Masson, şeýle hem Horezm arheologiýa-etnografiýa toparyny esaslandyryjy, akademik Sergeý Tolstow, olaryň ýaşy kiçi kärdeşleri we okuwçylary Gurban Adykow, Ýegen Atagarryýew, Juma Durdyýew, Aleksandr Lýapin, Öwezgeldi Orazow, Wiktor Pilipko, Galina Pugaçenkowa, Tirkeş Hojanyýazow, Hemra Ýusubow dagy ýurdumyzdaky gadymy söwda ýollaryny öwrenmäge bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdylar. Olaryň iş saparlarynda meýdanlarda geçiren işleri, monografiýalary we ylmy makalalary bolmadyk bolsa Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýoly hakynda häzirki düşünjelrimizem bolmazdy. Elbetde, Garagumdaky kerwen ýollarynyň bölekleriniň ählisini öwrenmäge we şol ýerlerdäki binalary ýüze çykarmaga olaryň mümkinçiliklerem bolmandy. Ol ägirt uly ylmy iş, ony dowam etmek häzirki we geljekki arheologiýa toparlarynyň işi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri öz kärdeşleri — ÝUNESKO-nyň bilermenleri bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän böleklerini Bütindünýä mirasynyň sanawyna toplumlaýyn ugruň hatarynda girizmek boýunça uly işleri alyp barýarlar. Birnäçe ýyl mundan ozal Aşgabatda geçirilen maslahatda olar umumy konsepsiýany, toplumlaýyn ugruň hataryna gatnaşyjy döwletleriň her biriniň hereketleriniň strategiýasynyň umumy garaýyşlaryny işläp taýýarladylar. Onuň maksady ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň geljekki desgasy hökmünde onuň degerlidigini subut etmekden ybaratdyr. Ozaly bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürde düşündirilişine degişli esasy adalgalar barada ylalaşyldy. Olar her bir kesgitlemäni her hili okamakdan gaça durmaga we nämäni aňladýandygyna anyk düşünmäge ýardam etdi. Olar merkezler, ýol bölekleri we geçelgeler ýaly düşünjelerdi. Merkez- bu iri şäher merkezidir birnäçe ýoluň kesişýän ýeridir. Gadymy Merw munuň aýdyň mysalydyr.
Merw ýaly şäherler döwlet dolandyryşynda, haryt önümçiliginde we üpjünçiliginde ägirt uly ähmiýete eýe bolupdyrlar, şeýle hem olar binagärlik, şekillendiriş sungatynyň hem-de maddy däl gymmatlyklaryň utgaşygy görnüşinde medeniýetleriň ýeten derejesiniň, jemgyýetiň durmuş gurluşynyň, ynanç-ygtykatlaryň, folkloryň jemlenen merkezleri bolupdyr.
Ýol bölekleri- çägiň belli bir topografiýa we medeni aýratynlyklary göz öňünde tutulýan , iki merkeziň arasyndaky ýoldur.
Ýol bölekleri her bir ýoly we anyk ýodany aňlatmaýar-da, kerwenleriň ýolunyň diňe esasy ugurlaryny kegitleýär. Geçelge—deň derejeli bufer, ýagny ylmy taýdan kesgitlenen ýoluň ugrundaky gymmatly taryhy landştafty saklap galmak maksadyna gulluk edýän sebit her bir ýol böleginiň takyk many- mazmunyny açyp görkezýär. Başgaça aýdylanda, bufer –bu kartada görkezilen ýoldan daşlygy bellenilen aralykdan—bufer zolagyň giňliginden uly bolmadyk nokatlaryň ählisiniň jemidir.
Merkezleriň arasyndaky anyk ýollaryň üýtgediläýmeginiň öňüni almak hem-de ýol bölekleriniň ugrundaky ýadygärlikleri we goralýan landşaftlary hem şol düşünjä salmak üçin geçelge düşünjesini girizmeli boldy. Şeýlelikde, bu ugruň hataryna esasy ýoldan çetde ýerleşse-de täjirleriň we syýahatçylaryň has köp gelýän möhüm künjekleri bolan kiçi şäherler, galalar, kerwensaraýlar, köprüler, keramatly ýerler girýär.
Alymlar belli ýadygärlikler babatynda bufer zolagynyň dürli çäklerini barlap gördüler hem-de ýoluň her tarapyna ini 30 kilometlik bufer, ýagny, ini 60 kilometrlik geçelge esasy binalaryň aglabasyny gerime almak üçin has amatly bolýar diýen netijä geldiler. Aşgabat duşuşygyna gatnaşanlar geçelge çemeleşmesi diýlip atlandyrylýan usuly has oňaýly tapdylar. Munuň özi umumy ugruň möhüm düzümlerini ýüze çykarmak hem-de onuň köpdürlüligini kesgitlemek nukdaýnazaryndan has ygtybarly usuldyr.
Iň täze kompýuter tehnologiýalaryň işjeň peýdalanylmagy netijesinde bu işleriň ählisini geçirmek mümkin boldy, şeýle tehnologiýalar aerokosmiki surat almak arkaly künjekleri öwrenmäge mümkinçilik berýär. Sanly kartografiýa ulgamyny geregiçe üýtgedip bolýanlygy ony kitaplarda ýerleşdirilen we diwardan asylýan kartalardan tapawutlandyrýar. Munuň özi her bir ýol bölegini, bufer zolaklarynyň suduryny çyzmak, bolup biläýjek kadadan çykmalar we ätiýaçlyk ugurlar babatda teklipleri girizmek üçin ýoluň her kilometrini ulaldyp, jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berýär. Elbetde, ol ençeme ýyla niýetlenen iş bolup, sanawa gatnaşyjy ýurtlaryň ählisinde bu işler bir wagtda geçirilýär.
Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärlikleriň her bir görnüşi ýerli gurluşyk serişdeleriniň, binagärlik ýörelgeleriniň, olaryň howa şertlerine uýgunlaşmagynyň, durmuş gurşawyny guramagyň özboluşlylygyny, şeýle hem dürli syýasy, ideologik ulgamlary we medeni däpleri beýan edýär. Her bir geçelgäniň köpugurly gymmatlylygy kesgitlenende bu şertleriň ählisi göz öňünde tutulýar, sebäbi gep diňe bir ähli belli ýadygärlikleri bu sanawa girizmek barada däl-de, eýsem olaryň howpsuzlygynyň we elýeterliliginiň üpjün edilmegini aýtmanyňda-da, diňe resmileşdirip, gorap, üýtgewsiz ýagdaýda goýmak mümkinçiligi bolanlaryny saýlap almak barada gidýär.
Tutuş Merkezi Aziýanyň ýadygärliklerini pasportlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek şu ählumumy taslamanyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň biridir. Medeni mirasy tükellemegiň milli ulgamlarynyň köpüsi ýeterlik derejede anyklaşdyrylandyr, emma olaryň diňe käbirleri kompýuterleşdirilendir. Sebitiň ýurtlarynyň ählisi boýunça her bir binanyň pasportlarynyň sanly görnüşe geçirilmegi, bar bolan maglumatlar gaznasynyň seljerilmegi hem-de milli sanawlaryň belli bir görnüşini ýöretmegiň kabul edilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi üçin netijeli binýat bolup durýar.
Dünýä tanalmaz derejede özgerse-de, binagärligiň gadymy ýörelgelerine häzirki sanly tehnologiýalar we kompýuterler döwründe hem isleg bildirilýär. Türkmenistanda häzirki wagtda-da ussat gurluşykçylar bar, gadymy binagärlik ýörelgelerini dowam etdirýän ol ussalaryň elleri bilen gadymy ýadygärlikleriň köpüsi gaýtadan dikeldildi, olaryň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyryldy, bu bolsa syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň şol ýerlere barmasyny aňsatlaşdyrýar. Olaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi syýahatçylyk mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyna baglydyr.
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny häzirki şertlerde dikeldip, halkara syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolan ulag-logistika ulgamyny işjeň ösdürýär.