TÜRKMENISTAN UKRAIN HALKYNYŇ ÇAGALARY ÜÇIN YNSANPERWER KÖMEGINI IBERER
![photo](https://china.tmembassy.gov.tm/static/uploads/202303/sHKqbBT2Zb0OWqeSXwecUFdMJ93CbA-920x340.jpg)
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň mart aýynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Ukraina muzdsuz bermek tabşyryldy.
Ukrain halkynyň çagalary üçin bu ynsanperwer kömegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ugradylar.