Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini HHR-yň Başlygy wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli gutlady

photo

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Si Szinpini Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. 

“Türkmenistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy däp bolşy ýaly deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri goramak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Hytaýyň uly üstünlikler gazanjakdygyna, döwletara gatnaşyklarymyzyň bolsa, hil taýdan täze derejä çykjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti hatynda belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, zähmetsöýer hytaý halkyna bolsa, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.