Türkmen Lideri Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

photo

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi we bu wezipä gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. 

Milli Liderimiz hatynda Russiýanyň halkynyň saýlawy Wladimir Putiniň ýurtda syýasy we durmuş durnuklylygyny, ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ýoluna ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar diýip belledi. 

“Siziň parasatly we uzakdangörüji ýolbaşçylygyňyzda Russiýanyň has-da uly üstünlikleri gazanjakdygyna, şeýle hem halkara giňişliginde öz at-abraýyny yzygiderli berkitjekdigine ynanýaryn. Biz Türkmenistanda türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris. Biziň dostlukly halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň tutuş toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça many-mazmunly gatnaşyklarymyzy we bilelikdäki netijeli işlerimizi dowam etdirjekdigimize ynanýarys” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. 

Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Wladimir Putine berk jan saglyk, abadançylyk we Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbitlerine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.