TNGIZT-niň önümleri we dokma önümleri birža söwdalarynda köp isleg bildirilen harytlar boldy

photo

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 104-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kerosini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, russiýaly, BAE-li, türkiýeli, pakistanly, owganystanly, ermenistanly, gyrgyzystanly telekeçiler daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplük, şeýle hem awtoulag serişdelerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 84 million 907 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Russiýanyň, Şotlandiýanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň we Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 13 million 172 müň manatdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 13 müň manatdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.