Baş sahypa Bölümler Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyndan Teswirlemeler Kanunlar Dokma pudagynyň önümçilik düzümleri giňeldilýär

photo

Kaka etrabynda täze senagat toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy guraldy, bu desga “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” hem-de eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina ediler. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, egirme, dokma, boýag we tikin önümçiligini öz içine aljak senagat toplumy ýylda inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasyny, ondan “kompakt-penýe” belgili nah ýüplügiň 3 müň 650 tonnasyny öndürmäge niýetlenen önümçiligi, 12 million inedördül metr matany hem-de 1 million 200 müň taýýar önümi öndürmäge niýetlenen önümçilik bölümlerini öz içine alýar. 

Bu çözgüt milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy, şonda pudagy giň möçberde diwersifikasiýalaşdyrmak, sebitleri senagat taýdan ösdürmek, bar bolan çig-maly has düýpli gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Nobatdaky iri ýokary tehnologiýaly dokma kärhanasyny gurmak “Cotam Enterprises Ltd.” türk kompaniýasyna ynanyldy, bu kompaniýa bilen pudagyň desgalaryny gurmakda netijeli hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi toplanyldy. Toplumy 2021-nji ýylda ulanmaga bermek bellenildi. 

Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, dokma senagatynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Olary şanly waka bilen gutlamak üçin Mejlisiň deputatlary geldi. 

Dabaranyň barşynda ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan tutanýerli işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýerli serişdeleriň binýadynda giňeldilmegi, kärhanalarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly taýýar önümleriň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagy milli Liderimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. 

Bu çözgüt dokma pudagynyň toplumlaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir. Bu pudak ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän ýokary tehnologiýaly ýetmiş kärhanany öz içine alýar hem-de Türkmenistanda köp mukdarda öndürilýän pagtanyň — gymmatly çig malyň zerur serişdelerine eýedir. Bu pudaga gönükdirilýän uly döwlet maýa goýum serişdeleri, kärhanalaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde, daşary ýurtlarda öndürilýän harytlar bilen mynasyp bäsdeşlik edýän ýokary hilli önümleriň ýurdumyzda çykarylýan görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Merkezi Aziýada iň iri toplumlar pudagyň önümçilik binýadynyň esasyny düzýär, Kaka etrabyndaky geljekki kärhana şolaryň sanawyna goşular, onuň gurluşygyna şu gün badalga berildi. 

Jemgyýetçiligiň wekilleri öz çykyşlarynda halkymyzyň saýlan wekilleriniň — Mejlisiň deputatlarynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmelerini we ýerlerde durmuş meseleleriniň çözülmegini ilerletmäge goşýan goşantlaryny bellediler. Täze dokma toplumynyň ulanylmaga berilmegi bilen goşmaça iş orunlarynyň açyljakdygy nygtaldy, munuň özi ilatyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna ýardam berer. 

Halkyň saýlan wekilleriniň adyndan milli parlamentde Ahal welaýatynyň 24-nji saýlaw okrugynyň ýaşaýjylarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän Mejlisiň deputaty Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, pudagyň bu desgasynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene — Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýändiginiň buýsançly ýagdaýdygyny belledi. Çünki ýurdumyzyň dokmaçylarynyň zähmet toparlarynyň üçden iki böleginden gowragyny zenanlar düzýär, olar dokma önümçiliginiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny üstünlikli özleşdirýärler we arassa çig maldan ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýärler bu önümler häzirki wagtda türkmen eksportunyň uly bölegini düzüp, hili hem-de bezegi bilen daşary ýurtly alyjylary özüne çekýär. 

Deputat ýygnananlary kärhananyň gurluşygyna girişilmegi hem-de pudagyň tutanýerli zähmetkeş aýal-gyzlaryny baýramçylyk bilen gutlap, Ahal welaýatynda amala aşyrylýan iri möçberli we düýpli özgertmeleriň sebitiň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine, halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. 

Şol özgertmeleriň hatarynda — 2017-nji ýylda Kaka etrabyndaky “Serdar” pagta egriji fabriginde täze bölümiň ulanylmaga berilmegi bar. Bu bölümde ozal ýurdumyzda öndürilmeýän eksport ugurly önümçilik ýola goýuldy. Munuň özi iki gezek örülip, inçe süýümli pagtanyň ýüplüginden taýýarlanylýan, tüýjümek we örme, köýnek tikmek üçin niýetlenen aýratyn ýokary hilli önümdir. 

Şu gezekki waka ýurdumyzyň senagatyny pudaklar boýunça ösdürmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ýokary götermek, ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ugrundaky netijeli çäreleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

...Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde dekabr aýynyň ahyrynda — ýanwar aýynyň başynda keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylandygyny, täze perinatal merkeziň gurluşygyna badalga berlendigini, şol etrabyň Artyk şäherçesinde bolsa täze Saglyk öýüniň ulanmaga berlendigini ýatladýarys.