«Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitabyň tanyşdyrylyşy

photo

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatçylar, döredijilik intelligensiýasynyň, sport ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi bu ulgamda uzakmöhletli umumymilli maksatnamanyň başyny başlaýjy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgerdijilik işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu strategiýanyň mazmunyny, onuň durmuşa geçirilmeginiň netijeleriniň ähmiýetini açmak täze neşiriň maksadydyr. Bu neşirde Watanymyzyň sportunyň ösdürilmegi milli Liderimiziň alyp barýan ösüşlere beslenen içeri we daşary syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşykly beýan edilýär. 

“Asyrlaryň ebedi aýdymy” diýen bapda döwlet Baştutanymyzyň sagdyn jemgyýeti kemala getirmek boýunça uly möçberli işleriniň pelsepewi esaslary döredilipdir, ylmy we amaly ugurlary kesgitlenipdir. Şunda milli Liderimiziň, ahlak we estetiki nukdaýnazardan ynsanyň durmuşynda bedenterbiýäniň hem-de sportuň tutýan orny barada aýdan sözleri esas edilip alnypdyr. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport bilen meşgullanmak -- munuň özi ruhy güýji, ýeňşe bolan erki terbiýelemekdir, häsiýetiňi taplamakdyr we kämillige tarap ýoldur. Türkmenistanyň Prezidentiniň getirýän Durmuş – Ýaryş - Ýeňiş diýen sözleri kitapda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlarynyň esasy hökmünde berilýär. Şu döwrüň mazmuny “Döwlet adam üçindir!” diýen gysga şygarda beýan edilendir. Şoňa görä-de, täze neşirde sport syýasatynyň amala aşyrylmagyna türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň dürli ulgamlarynda iri möçberli özgertmeler bilen aýrylmaz baglanyşyklylykda, sport ýeňişlerine bolsa türkmen halkynyň kämillige, tutuş dünýäde parahatçylyga hem-de ösüşe tarap ýolunda tutuş ilimiziň ýeňşi hökmünde garalýar. 

Kitabyň sahypalarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara sport hereketini ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli işleri beýan edilýär. Şol sport hereketi Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň möhüm ugrudyr. Şu babatda belent ynsanperwer maksatlaryň töwereginde adamlary jemleýän sportuň kuwwatly birleşdiriji güýji nygtalýar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, ruhy baýlyk bilen sazlaşyklylykda sport adamyň durmuşyna şatlyk we güýç, hoşniýetli duýgulary we gözelligi bagyşlaýar. Bu bolsa geçen ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginde öz beýanyny tapdy. 

Türkmenistan tarapyndan ajaýyp derejede guralan bu iri ýaryşlar Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny berkitdi, türkmen sportunyň abraýyny täze belentliklere çykardy, ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmek babatda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ägirt uly işleriň kanunalaýyk netijesine öwrüldi. 2017-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan eziz Diýarymyzyň sport ulgamynyň öňünde we umuman, tutuş türkmen jemgyýetiniň öňünde goýlan maksatlaryň hem-de wezipeleriň durmuşa geçmegini alamatlandyran ýyl boldy. Şeýlelikde, “Aziada-2017” baradaky gürrüňler giň okyjylar köpçüligine niýetlenen täze neşirde baş mesele bolup durýar. 

“Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar bular barada öz çykyşlarynda aýtdylar. 

Neşiriň köp bölegi soňky onýyllygyň taryhyna özboluşly syýahatdyr. Şol onýyllyk ýurdumyzyň sportuny ösdürmek boýunça anyk çäreleriň kabul edilmegi hem-de bizi “Aşgabat-2017” oýunlarynyň ajaýyp ýeňişlerine ýakynlaşdyran möhüm wakalar bilen taryha girdi. Şol wakalar ulgamyň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegini, maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegini, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegini, tälimçileriň hem-de türgenleriň hünär derejesinde taýýarlygynyň guralmagyny, sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda gyşky görnüşleriniň ösdürilmegini, halkara ölçeglerine kybap gelýän degişli döwrebap düzümleriň kemala getirilmegini we ençeme beýlekileri özünde jemleýär. 

Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyz sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerine ygrarly, ony wagyz ediji hökmünde, bu babatda watandaşlarymyza ajaýyp görelde görkezip, olary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. 

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan ösüşlere beslenen syýasaty anyk miwelerini berýär. Kitabyň sport desgalarynyň we hususan-da, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna bagyşlanylan baplarynda hem bular barada aýdylýar. 

Täze neşiriň köpsanly bölümlerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda geçirilen çärelere giňişleýin syn berilýär. Okyjylar oýunlaryň başlanmagyna çenli geçirilen halkara ýaryşlary, iri möçberli çäreler, atly ýöriş, meýletinçiler hereketi, oýunlaryň resmi nyşany we tumary hem-de beýlekiler barada giňişleýin maglumat alyp bilerler.

Döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri öz çykyşlarynda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ruhlandyryjy ähmiýetini, milli medeni mirasy, türkmen halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmekde şol oýunlaryň tutýan ornuny bellediler. Bular barada hem täze neşiriň:“Gözellik – duýgy hem-de ukyp”, “Bereketli, sahawatly il”, “Sport - medeniýetiň açary”, “Millilikden gözbaş alýan sport oýunlary” diýen bölümlerinde beýan edilipdir. 

Aýry-aýry çykyşlar ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde bedenterbiýäniň we sportuň tutýan ornuna bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleriniň, hususan-da, milli Liderimiziň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitabynyň ähmiýeti bellenildi. Şol kitaba täze neşiriň baplarynyň biri bagyşlanypdyr. 

Çykyş edenler ýurdumyzda ägirt uly üstünlik bilen geçen “Aziada 2017”-niň ähmiýetiniň sport ulgamynyň çygryndan has giňdigini adalatly nygtadylar, bu iri möçberli ýaryşyň köpöwüşginli täsiri eýýäm döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda şöhlelenýär. 

“Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitap diňe bir eýýäm taryha giren “Aşgabat 2017” oýunlaryna däl, eýsem, geljege-de bagyşlanandyr. Onda ýurdumyzda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän ýylda milli Liderimiziň täze başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ähmiýetini bellediler. Ol döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçer. 

Çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze kitabyň suratlar bilen bezelişine üns berdiler. Täze neşiriň sahypalarynda döwletimiziň milletiň saglygyny berkitmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiki ugrunyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly durmuşyň dürli taraplaryny beýan edýän köpsanly fotosuratlar jemlenipdir. 

Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy baradaky hemmetaraplaýyn aladasy, ýurdumyzda adamlaryň ähli babatda abadan hem-de sazlaşykly durmuşynyň möhüm ugry bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty höweslendirmek hem-de ösdürmek baradaky maksada gönükdirilen işler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Dabaraly çäre mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda sergi guraldy. Onda hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň sportuna, sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan kitaplary, dürli ýaryşlarda ýeňiji bolan talyplaryň köpsanly sport baýraklary hem-de sport ugruna degişli beýleki gymmatlyklar görkezilýär. Ýokary okuw mekdebiniň döredijilik toparynyň çykyşlary çäräniň baýramçylyk ruhuny artdyrdy.