Türkmenistanyň Prezidenti Garagum sährasy boýunça sport awtomobilinde ýöriş etdi

Şu gün sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, asylly däbe görä, boş wagtynda sport bilen meşgullanýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen sport awtomobilinde Garagum sähralyklaryna çykdy. Awtomobil ýörişinde Mejlisiň deputaty, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow hem döwlet Baştutanymyzyň ýanynda boldy.
Yzygiderli ýagan ýagyşdan soňra sahawatly Günüň nury tyllaýy öwüşginleri bilen Garagum sährasyna gaýtalanmajak gözellik çaýdy. Sazak-selinler, çäge alaňlary ynsan göwnüni göterýän görnüşi emele getirdi. Ekologiýa taýdan tämiz türkmen sährasy ynsan saglygyna oňyn täsirini ýetirýär. Amatly howa gurşawy bu künjekleriň özboluşly aýratynlygy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz sport ulagynda sähranyň içinden geçýän çöllük ýol bilen menzil aşyp barşyna ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginiň ynsan saglygynyň berkidilmeginde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidigini belledi.
Soňky ýyllarda biziň türgenlerimiz halkara derejede geçirilýän sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça paýtagtymyzda geçirilen V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmegi munuň subutnamasydyr. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň söweş sungaty milli federasiýasynyň türgenleri “Aşgabat 2017” oýunlarynda medallaryň has köpüsini gazandy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesi netijesinde ýurdumyzda awtomobil sporty hem barha meşhurlyga eýe bolýar, sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegi üçin giň möçberli çäreler guralýar, awtomobil sportuny we motosporty ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Muňa öňde boljak “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde guralan ýaryş awtoulaglarynyň synag bäsleşikleri hem şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýaşlaryň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýan awtomobil we motosport merkezleri hereket edýär. Türkmen türgenleriniň toparynyň halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýandyklary milli Liderimiziň sport ulgamynda alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz 2009-njy ýylda Kazan — Aşgabat halkara awtorallisini geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi, bu bäsleşiklerde ýurdumyzyň türgenleri ýokary netijeleri gazandylar.
Hormatly Prezidentimiz sport awtoulagynda Garagum sährasy boýunça eden şu gezekki ýörişiniň dowamynda ogly bilen “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň meseleleri boýunça hem pikir alyşdy. Milli Liderimiziň teklibi boýunça bu awtomobil ýörişi Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkymyzyň saglygy biziň gymmatly baýlygymyzdyr. Şulardan hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatymyzdan ugur alyp, adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetiň kemala getirilmegine ilkinji derejeli üns berilýär.
Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport, olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen, bu ulgama iri möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, milli maksatnamalar we toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Halkymyzyň beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýaly gadymy däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän iri sport we atçylyk – sport toplumlary, stadionlar, köp sanly ýörite sport mekdepleri, şypahanalar we sagaldyş merkezleri gurulýar. Olar eziz Watanymyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik keşbini düýpli özgerdýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut şeýle syýasaty soňky ýyllarda mähriban Watanymyzyň sport döwleti hökmünde halkara abraýynyň belende galmagynyň binýady bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça alyp barýan ýadawsyz işleri netijesinde Türkmenistanda bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda “Bedenterbiýe we sport hakynda” Kanun hem-de degişli möhüm maksatnamalar kabul edildi, türgenleriň we tälimçileriň ussatlygyny kämilleşdirmek ugrunda ähli şertler döredilýär. Şeýlelikde, türgenlerimiziň dünýä sport giňişliginde ýokary netijeleri gazanmaklary we Watanymyza mynasyp wekilçilik etmekleri üçin ähli şertler üpjün edilýär.
Türkmenistanlylar halkara ýaryşlara gatnaşmak bilen, altyn medallaryň ýüzlerçesine mynasyp bolýarlar. Bu ajaýyp üstünlikler Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ýaşyl Tugunyň dünýäniň islendik künjeginde belende galdyrylmagy ýaly, ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbyny buýsançdan doldurýan tolgundyryjy pursatlary emele getirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellemek bilen, ildeşlerimiziň halkara ýaryşlarda ýeňişleri gazanyp, Ýer ýüzünde merdana türkmen halkynyň şöhratyny, Watanymyzyň abraýyny artdyrýandyklaryny nygtaýar.
Türkmen türgenleriniň dürli halkara ýaryşlarda gazanýan köp sanly ýeňişleri bilen bir hatarda, Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary hem-de millionlarça türkmenistanlylary sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýan milli Liderimiziň baştutanlygynda halkymyzyň gazanan nobatdaky ýeňşidir.
Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin sport hereketini ösdürmegiň öňüni çekmek hem-de oňa ählihalk derejesini bermek bilen, öz şahsy göreldesi esasynda diňe bir beden taýdan kämilleşmäge we ýokary netijeleri gazanmaga däl-de, şahsyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine çagyrýar, şunda ynsanyň ruhy-ahlak dünýäsiniň, onuň garaýyşlarynyň derejesine uly üns berilýär, şol garaýyşlaryň esasynda hem Watana söýgi we onuň kuwwatynyň we gözelliginiň artdyrylmagyna hyjuw emele gelýär.
Parahatçylyk söýüji ýurdumyz Halkara olimpiýa komitetiniň we Aziýa Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, olimpiýa hereketiniň hem-de halkara sport hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň ösdürilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ählumumy parahatçylygyň, dost-doganlygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň kemala gelmeginiň bähbidine gönükdirilen bu başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna we ykrarnamasyna eýe bolýar.
Döwlet Baştutanymyz ogly bilen bilelikde awtomobilli ýörişi amala aşyrmagyň barşynda Garagumuň giňişlikleriniň, şol sanda awtomobil sportuny halkara derejede ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.
Şu ýylyň bahar paslynyň hoştap howaly ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagda menzil aşmagy ýurdumyzda, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sportuň bu görnüşiniň wagyz edilmegine milli Liderimiziň aýratyn üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda Awtomobil sporty boýunça häzirki zaman awtodromy bolan milli merkeziň, yzygiderli geçirilýän ýurdumyzyň çempionatlarynyň, ýokary tizlikli sport awtomobilleriniň satyn alynýandygynyň ähmiýetini ýene bir gezek bellemek gerek. Munuň özi ýaşlaryň sportuň bu görnüşi bilen giňden meşgullanmagyna, şeýle hem awtomobil sürüjileriniň ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.
Bularyň ählisi Türkmenistanda awtomobil sporty boýunça iri halkara ýaryşlaryň, şol sanda öňde boljak “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bu awtoralli Watanymyzyň dünýäde sport döwleti hökmündäki abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolar diýip, sport awtoulagynda özüniň ýekşenbe günündäki ýörişini tamamlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.