Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Sultan Bin Said Al-Mansury kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BAE-niň Prezidenti Şeýh Halif Bin Zaýed Al Nahaýanyň mähirli salamyny hem-de sebit ähmiýetli nobatdaky giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen bagly dabaralar mynasybetli, milli Liderimize iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi. Myhman Türkmenistanyň bütin dünýäde netijeliligi hem-de ählumumy ösüşe gönükdirilendigi bilen meşhur bolan halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň uly hormata we goldawa mynasyp bolýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Häzirki wagtda şol gatnaşyklaryň öňünde täze mümkinçilikler açylýar.
BAE-niň ykdysadyýet ministri arap işewür toparlarynyň ýurduň tutuş halk hojalyk toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Myhman Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny hem-de maýa goýumlary babatda özüne çekijiligini belläp, söwda-ykdysady, nebit-gaz, energetika, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk we beýleki esasy pudaklarda özara gatnaşyklary giňeldýän Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň aýratyn ornuny belledi. Muňa şeýle hem ýurdumyzda işewürlik üçin ähli şertleriň bolmagy, kanunçylyk üpjünçiliginiň kadalydygy, syýasy we durmuş durnuklylygy, okgunly senagat ösüşi ýardam edýär.
Hoşlaşanlarynda, hormatly Prezidentimiz we myhman iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň olaryň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de berkejekdigine we giňeljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdulla Al Adab, şeýle hem Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň maýa goýumlary boýunça direktory Raşid Muhammed Ahmed Al-Kaabi gatnaşdylar.