Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň we Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler

photo

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Şa­hid Ha­kan Ab­ba­si­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tä­ze des­ga­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň baş­lan­ma­gy hem-de Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açy­ly­şy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za gel­di. 

Iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de res­mi su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Pa­kis­ta­nyň hö­kü­me­ti­niň baş­tu­ta­ny­nyň ara­syn­da iki­çäk gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. 

Mil­li Li­de­ri­miz Pa­kis­ta­nyň hö­kü­me­ti­niň baş­tu­ta­ny­ny türk­men top­ra­gyn­da ka­bul et­mä­ge örän şat­dy­gy­ny aý­dyp, Prem­ýer-mi­nistr Şa­hid Ha­kan Ab­ba­sä Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­mä­ge hem-de şan­ly wa­ka­lar my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Bu wa­ka­lar se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­läp, ta­rap­la­ryň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ok­gun­ly ösü­şe eýe bo­lan türk­men-pa­kis­tan gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy. 

Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Türk­me­nis­ta­na gel­mä­ge ça­ky­ly­gy, mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi hem-de myh­man­sö­ýer­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, hä­zir­ki dö­wür­de hil taý­dan tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lan, däp bo­lan dost­luk­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň uly şah­sy go­şan­dy­ny aý­ra­tyn bel­le­di. 

Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we be­lent mer­te­be­li myh­man iki ýur­duň öza­ra gat­na­şyk­la­ryň, şol san­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ul­gam­lar­da gat­na­şyk­la­ryň dür­li me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. 

Şeý­le hem öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän se­bit we hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. 

Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň Türk­me­nis­ta­na sa­pa­ry­na ta­rap­la­ryň iki­si hem öza­ra bäh­bit­li döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de mö­hüm ädim, çuň ta­ry­hy kök­le­ri, me­de­ni­ýe­tiň we däp-des­sur­la­ryň umu­my­ly­gy bag­la­nyş­dyr­ýan iki hal­kyň ara­syn­da bar­ha ber­ke­ýän dost­luk we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ga­ra­ýar. Bu döw­le­tiň hö­kü­me­ti­niň baş­tu­ta­ny­nyň şu ge­zek­ki sa­pa­ry bol­sa iki ýur­duň köp ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge me­ýil­li­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. 

Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan we Pa­kis­tan bar bo­lan se­riş­de­ler, yk­dy­sa­dy we in­tel­lek­tual kuw­wat­dan has do­ly peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýar­lar. Mu­nuň özi dür­li ul­gam­lar­da bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, il­kin­ji no­bat­da, TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň hem-de Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­mek mö­hüm­dir. Ulag-üs­ta­şyr ul­gam hem döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Çün­ki Pa­kis­tan Türk­me­nis­tan üçin Dün­ýä um­ma­ny­na iň gys­ga ýol, Türk­me­nis­tan bol­sa Pa­kis­tan üçin Mer­ke­zi Azi­ýa we GDA döw­let­le­ri­ne der­we­ze bo­lup dur­ýar. 

Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy ýur­du­my­zyň dur­mu­şa ge­çir­ýän hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­na, mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, äh­lu­mu­my ösü­şe we aba­dan­çy­ly­ga ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär we gol­da­ýar. Şol sy­ýa­sa­tyň esa­sy­ny bol­sa oňyn bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri düz­ýär. 

Pa­kis­tan ta­ra­py­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­nyň tä­ze ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge hem-de hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mä­ge de­giş­li tek­lip­le­ri­ni gol­da­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si se­bit we äh­lu­mu­my möç­ber­de dur­nuk­ly ösü­şiň mö­hüm şert­le­ri bo­lup dur­ýar. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2016-njy ýy­lyň mar­tyn­da Pa­kis­ta­na bo­lan res­mi sa­pa­ry döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryn­da mö­hüm tap­gy­ra öw­rül­di. Şol sa­pa­ryň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Ys­la­ma­bat­da türk­men-pa­kis­tan hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň en­çe­me­si­ne gol çe­kil­di. 

Soň­ra gep­le­şik­ler gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de — iki ýur­duň we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di­ril­di. 

Iş­jeň ýag­daý­da ge­çen du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de deň­hu­kuk­ly­lyk we öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň giň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ta­rap­lar ozal ga­za­ny­lan iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ne aý­ra­tyn üns be­rip, uzak ­möh­let­le­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len, türk­men-pa­kis­tan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny anyk­laş­dyr­dy­lar. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prem­ýer-mi­nistr Şa­hid Ha­kan Ab­ba­si der­wa­ýys hal­ka­ra me­se­le­le­ri, aý­ra­tyn hem pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň we Pa­kis­ta­nyň ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ga­bat gel­ýän­di­gi­ni bel­läp, ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de mun­dan beý­läk-de ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ra taý­ýar­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra we se­bit sy­ýa­sa­tyn­da Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ab­raý­ly or­nu­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni nyg­tap, Pa­kis­ta­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na türk­men döw­le­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­na hor­mat goý­ýan­dy­gy we onuň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. 

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýur­du­my­za şu sa­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn bel­läp, bu iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň dost­luk­ly we do­gan­lyk türk­men-pa­kis­tan gat­na­şyk­la­ryň mi­ze­mez esas­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öza­ra bäh­bit­li söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ni iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­läp, ýur­du­myz­da ener­ge­ti­ka pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan özü­niň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­mak bo­ýun­ça iri hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek işin­de Pa­kis­ta­na mö­hüm stra­te­gi­k hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýar. 

Prem­ýer-mi­nistr Şa­hid Ha­kan Ab­ba­si öz ýur­du­nyň Türk­me­nis­tan bi­len ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da gat­na­şyk­la­ra uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy. Mu­nuň özi Pa­kis­ta­nyň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne is­leg­le­ri­niň art­ýan­dy­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir. 

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan —Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy ýa­ly mö­hüm äh­mi­ýet­li ener­ge­ti­ka tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça uly öňe­gi­diş­li­giň ga­za­ny­lan­dy­gy bel­le­nil­di. 

Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň gur­lu­şy­gy­nyň baş­lan­ma­gy hem ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­me­giň ýo­lun­da tä­ze ädim bo­lar. 

Ulag-üs­ta­şyr ul­gam hem hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan we Pa­kis­tan de­giş­li dü­zü­mi ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça anyk ädim­le­ri äd­ýär­ler. Mu­nuň özi hem Azi­ýa — Ýew­ro­pa ug­ry bo­ýun­ça ulag gat­naw­la­ry, se­bit we se­bi­ta­ra söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. 

Öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­ma­la­ryň çäk­le­rin­de oba ho­ja­ly­gyn­da, ýe­ňil we gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat­da hyz­mat­daş­ly­gyň anyk hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­di. Iki­ta­rap­la­ýyn da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­ny yzy­gi­der­li art­dyr­mak, öza­ra ma­ýa go­ýum­la­ry, iki ýur­duň hu­su­sy işe­wür­li­gi­niň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy nyg­tal­dy. 

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, uzak ­möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge ýar­dam ed­ýän Hö­kü­me­ta­ra türk­men-pa­kis­tan to­pa­ry­nyň mö­hüm or­ny bel­le­nil­di. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow yn­san­per­wer ul­gam­da gat­na­şyk­lar me­se­le­si­ne ge­çip, Türk­me­nis­tan bi­len Pa­kis­ta­nyň ara­syn­da­ky me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň baý ta­ry­hy­nyň we däp-des­sur­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Ta­rap­lar şu däp­le­re eýe­rip, ylym, bi­lim we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­ýär­ler. Bi­le­lik­dä­ki yl­my mas­la­hat­la­ry, me­de­ni çä­re­le­ri, ser­gi­le­ri ge­çir­mek­de oňyn tej­ri­be top­la­nyl­dy. Bu çä­re­ler iki hal­kyň me­de­ni­ýet­le­ri­niň öza­ra baý­laş­ma­gy­na we ýa­kyn­laş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. 

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Şa­hid Ha­kan Ab­ba­si däp bo­lan dost­luk­ly türk­men-pa­kis­tan gat­na­şyk­la­ry­nyň umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler we iki ýur­duň halk­la­ry­na pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw et­di­ler.