2017-nji ýyl ýazgysy: obasenagat toplumy

photo

Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­na röw­şen sa­hy­pa bo­lup gi­ren 2017-nji ýyl köp san­ly mö­hüm wa­ka­la­ra baý bol­dy. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di. Şol mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, oba­se­na­gat önüm­çi­li­gin­de hem hil taý­dan ok­gun­ly ösüş ga­zan­ma­ly, ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­min­de oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň pa­ýy­ny ep-es­li art­dyr­ma­ly. 

Oba­se­na­gat top­lum­ynda döw­le­ti­mi­ziň azyk howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, ila­tyň azyk ha­ryt­la­ry­na hem-de se­na­ga­tyň çig ma­la bo­lan is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga, se­bit­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­lip ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­re tä­ze dep­gin be­ril­di. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan kes­git­le­ni­len il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da oba ho­ja­ly­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, önüm­çi­lik, guş­çu­lyk, mal­dar­çy­ly­gyň et we süýt önüm­çi­li­gi­ni, oba ho­ja­lyk ul­ga­my­nyň azyk we beý­le­ki pu­dak­la­ry­ny dep­gin­li ös­dür­mek ýa­ly we­zi­pe­ler bar. Oba ho­ja­ly­gy­nyň do­lan­dy­ry­ly­şy­ny hem-de dü­züm­le­ýin öz­ger­dil­me­gi­ni kä­mil­leş­dir­mek, ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mak­sa­dy bi­len anyk çä­re­ler gö­rül­ýär. 

Türk­me­nis­tan­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­ma­gyň bi­te­wi ul­ga­my iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy we ne­ti­je­li he­re­ket ed­ýär. Onuň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri ma­ýa goý­mak­dan yba­rat­dyr. Şol ma­ýa go­ýum­lar oba­se­na­gat top­lu­my­nyň hem-de hyz­mat ediş pu­dak­la­ry­nyň dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, teh­ni­ki taý­dan gaý­ta­dan en­jam­laş­dyr­ma­ga, şol san­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­leý­ji kär­ha­na­la­ry, mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça za­wod­la­ry gur­ma­ga gö­nük­dir­ýär. Ýer­le­ri suw­lu­lan­dyr­ma­ga we iş­läp be­jer­mä­ge, to­hum­çy­ly­gy, yl­my we seç­gi­çi­li­gi ös­dür­mä­ge, öň­de­ba­ry­jy se­riş­de tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, iň tä­ze yl­my-teh­ni­ki iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­ma­ga uly ma­li­ýe se­riş­de­le­ri bö­lü­nip be­ril­ýär. 

Şo­nuň bi­len bir­lik­de, “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki mil­li mak­sat­na­ma­nyň” dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýyl­la­ryn­da di­ňe bir önüm­çi­lik ul­ga­my däl, eý­sem, dur­muş dü­züm­le­ri hem ösü­şiň tä­ze dep­gi­ni­ne eýe bol­dy. Oba adam­la­ry­nyň dur­mu­şy ýyl-ýyl­dan bar­ha kä­mil­leş­ýär, ola­ryň dur­muş hal-ýag­da­ýy ýo­kar­lan­ýar. Ýa­şaý­şy­nyň hi­li we de­re­je­si bo­ýun­ça oba şä­he­re bar­ha ýa­kyn­laş­ýar. 

Oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­le­ri üçin döw­let kö­mek pul­la­ry hem-de sal­gyt ýe­ňil­lik­le­ri ha­ky­ky hö­wes­len­di­ri­ji bo­lup hyz­mat ed­ýär, hu­su­san-da, oba ho­ja­ly­gy bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ra ýer üçin tö­le­giň iň pes möç­be­ri kes­git­len­di, olar sal­gyt tö­le­mek­den do­ly bo­şa­dyl­dy. Teh­ni­ka, to­hum, mi­ne­ral dö­kün­ler, ösüş su­wy we hyz­mat­la­ryň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len üp­jün et­mek hem kä­ren­de­çi­le­re we daý­han bir­le­şik­le­ri­ne ýe­ňil­lik­li şert­ler­de ama­la aşy­ryl­ýar. 

Mun­dan baş­ga-da, oba ho­ja­lyk tas­la­ma­la­ry­na ýe­ňil­lik­li karz ber­me­giň ul­ga­my giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Şol tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin mi­nistr­lik­le­re, pu­dak eda­ra­la­ryna we kär­ha­na­la­ra, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­na hem-de daý­han ho­ja­lyk­la­ry­na ze­rur bo­lan ýer bö­lek­le­ri bö­lü­nip be­ril­ýär. 

My­sal üçin, ge­çen ýy­lyň mart aýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ka­ra­ra gol çek­di. Şol res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, daý­han bir­le­şik­le­ri­ne, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­na, oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne, oba ho­ja­lyk yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­na, mülk­dar­la­ra, kä­ren­de­çi­le­re, hu­su­sy te­le­ke­çi­le­re — oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­re hem-de döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk ýu­ri­di­ki ta­rap­la­ra ýe­ňil­lik­li karz ber­mä­ge bank­la­ra yg­ty­ýar be­ril­di. 

Bu karz pul­lar oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny, gu­ral­la­ry­ny we se­riş­de­le­ri­ni, suw tyg­şyt­laý­jy teh­ni­ka­la­ry, en­jam­la­ry, su­wa­ryş­da ula­nyl­ýan tur­ba­la­ry sa­tyn al­ma­ga ýyl­lyk 1 gö­te­rim şer­tin­de 10 ýyl möh­le­te be­ril­ýär. Ýyl­lyk 5 gö­te­rim şer­tin­de 10 ýyl möh­le­te çen­li bo­lan ýe­ňil­lik­li karz­la­ry mal­dar­çy­ly­gy we guş­çu­ly­gy ös­dür­mek, gaý­ta­dan iş­le­mek we hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ryny ama­la aşyr­mak, şeý­le hem esa­sy se­riş­de­le­ri we em­lä­gi edin­mek üçin al­mak bol­ýar.

Bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gin­de bin­ýat­lyk gör­ke­zi­ji­le­riň ösü­şi ha­sa­ba alyn­ýar. Ine, 2017-nji ýyl­da oba­se­na­gat top­lu­my bo­ýun­ça önüm ön­dür­me­giň, iş­le­ri we hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň möç­ber­le­ri­niň ösüş dep­gi­ni 103,8 gö­te­ri­me deň bol­dy. 2016-njy ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, unuň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­be­ri 4,2 gö­te­rim, ma­ka­ron önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­be­ri 5,3 gö­te­rim, etiň ön­dü­ri­li­şi 1,1 gö­te­rim, ýu­murt­ga­nyň ön­dü­ri­li­şi 7 gö­te­rim, bak­ja önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi 4,2 gö­te­rim, mi­we­le­riň we gök önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi 1,1 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. 

Ge­çen ýyl ýer eýe­le­ri Wa­tan har­ma­ny­na saý­la­ma bug­da­ýyň 1 mil­lion ton­na­dan gow­ra­gy­ny hem-de pag­ta çig ma­ly­nyň bir mil­lion 100 müň ton­na­dan gow­ra­gy­ny tab­şyr­dy­lar. Olar bel­le­nen möh­let­ler­de güýz­lük bug­da­ýyň eki­şi­ni ge­çi­rip, gel­jek­ki ha­sy­lyň oňat esa­sy­ny tut­du­lar. Ýur­du­my­zyň bug­daý eki­len meý­dan­la­ry 760 müň gektar meý­da­ny tut­ýar. Şon­ça meý­dan­dan 2018-nji ýyl­da daý­han­lar 1 mil­lion 600 müň ton­na bug­daý, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da 450 müň ton­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 380 müň ton­na, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 350 müň ton­na, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 300 müň ton­na we Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 120 müň ton­na bug­daý ýyg­nap al­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. 

“John Dee­re W540” we “TUCANO 430” (“CLA­AS”) dä­ne ýy­gy­jy kom­baýn­lar, “John Dee­re 9970” pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­lar, ýer sü­rü­ji “John Dee­re 8245R” trak­tor­la­ry, “AXOS 340 CX” (“CLA­AS”) kö­pu­gur­ly trak­tor­lar we beý­le­ki tä­ze döw­re­bap teh­ni­ka­lar bug­daý ora­gy, pag­ta ýy­gy­my we ekiş möw­süm­le­rin­de meý­dan­la­ra çy­ka­ry­lyp, oba ho­ja­lyk­çy­la­r üçin oňat gol­daw bol­dy. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýy­lyň de­kab­ryn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Oba we suw ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gi oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny, gu­ral­la­ry­ny, lä­bik so­ru­jy­la­ry hem-de olar üçin äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­ we sarp ediş se­riş­de­le­ri­ni 2017 — 2020-nji ýyl­lar­da üç tap­gyr­da Türk­me­nis­ta­na ge­tir­mek şer­tin­de sa­tyn al­mak ba­ra­da “Umax Tra­de GmbH” (Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­kasy) we “John Dee­re In­ter­na­tio­nal GmbH” (Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy) kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len şert­na­ma­la­ry bag­laş­dy. 

Mun­dan baş­ga-da, Öz­be­gis­tan­dan Daş­ken­diň oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry za­wo­dyn­da çy­ka­ryl­ýan “MX-1,8” ky­sym­ly pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­la­ryň 500-si sa­tyn alyn­dy. 

Zäh­me­tiň ýo­ka­ry de­re­je­de me­ha­ni­za­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy we aw­to­ma­ti­za­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni hem-de daý­han­la­ryň dur­mu­şy­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm ug­ru­dyr. Bu ul­gam­da mak­sa­da gö­nük­di­ri­len çä­re­ler oba­da iş­çi hü­när­le­ri­niň ab­ra­ýy­ny gal­dyr­ma­ga, ýaş iş­gär­le­ri işe çek­mä­ge hem-de ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. 

Hä­zir ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da tarp ýer­ler öz­leş­di­ril­ýär. Bug­daý we pag­ta bi­len bir ha­tar­da ýe­ral­ma, şu­gun­dyr, şa­ly, mek­ge­jö­wen, mäş, no­hut, kün­ji, ar­pa, da­ry, beý­le­ki gök önüm we dä­ne ekin­le­ri, şeý­le hem ga­wun we gar­pyz ýe­tiş­dir­mek üçin ýer­ler bö­lü­nip be­ril­ýär, tä­ze bag­lyk­la­ryň we üzüm­çi­li­giň düý­bi tu­tul­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si oba ho­ja­ly­gy­ny teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dyr­ma­gyň de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gy ta­lap ed­ýär, döw­re­bap teh­ni­ka­la­ra, kä­bir teh­no­lo­gi­ki iş­le­ri me­ha­ni­za­si­ýa­laş­dyr­ma­gyň we aw­to­ma­ti­za­si­ýa­laş­dyr­ma­gyň se­riş­de­le­ri­ne bo­lan is­le­gi şert­len­dir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň oba ho­ja­lyk ul­ga­my­nyň köpugur­ly hä­si­ýe­ti­ni na­zar­da tu­ta­nyň­da, ýer eýe­le­ri­ne oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň we en­jam­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­niň on­lar­ça­sy ze­rur­dyr. 

In­no­wa­sion esas­da oba­se­na­gat top­lu­my­nyň in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi­niň me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bi­len go­wu­lan­dy­ry­lan iş hä­si­ýet­na­ma­la­ry bo­lan iň tä­ze ky­sym­ly teh­ni­ka­la­ry sa­tyn alyp, döw­le­ti­miz, şol san­da meý­dan iş­le­ri­ni has oňaý­ly ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de hem-de ýo­ka­ry hil­li ge­çir­me­giň ha­sa­by­na oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­ber­le­ri­ni dur­nuk­ly kö­pelt­mek üçin şert­le­ri dö­red­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan oba ho­ja­lyk­çy­la­ryň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni hem-de hü­när de­re­je­si­ni art­dyr­mak, ola­ryň zäh­met şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. 

Ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­le­ri ge­çen ýyl mö­hüm zäh­met ýeň­şi­ni ga­zan­dy­lar. Olar döw­le­te 2 müň 40 ton­na go­laý pi­le tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. 

Ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­lik pu­da­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na dep­gin­li geç­ýän şert­le­rin­de özü­niň bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny art­dyr­ýar. Tut agaç­la­ry­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­den, gur­çuk­la­ry iý­mit­len­dir­mek­den baş­lap, pi­lä­niň, soň­ra bol­sa ýü­pek çig ma­ly­nyň alyn­ma­gy­na hem-de taý­ýar önü­miň çy­ka­ryl­ma­gy­na çen­li ýü­pek önüm­çi­li­gi­niň äh­li dü­züm­le­ri­niň iş­le­ri döw­re­bap ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ýo­la go­ýul­dy. 

Oba ho­ja­lyk işe­wür­li­gi­ne, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň ýe­ri­ni tu­tup bil­ýän önüm­le­ri ön­dür­mek hem-de Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän eks­port önüm­le­riniň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­la­rynyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri iş­jeň go­şu­lyş­ýar­lar. 

Hu­su­san-da, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň kär­ha­na­la­ry ta­ra­pyn­dan ge­çen ýyl 2 mil­liard 287,2 mil­lion ma­nat­lyk oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri ön­dü­ril­di. Mu­nuň özi 2016-njy ýyl­da­ky­dan 73,7 gö­te­rim köp­dür. 

Soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de we­la­ýat­lar­da iri un üwe­ýän, mal­dar­çy­lyk, guş­çu­lyk we ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry gu­rul­dy. Olar­da baý öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­re da­ýan­ýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar. Döw­let-hu­su­sy gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän we te­bi­gy se­riş­de­ler­den ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri­ni taý­ýar­la­ýan on­lar­ça kär­ha­na­lar gu­rul­dy. Bu ugur­da­ky iş­ler yzy­gi­der­li do­wam ed­ýär. 

Ge­çen ýyl­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän “Döw­let­li” daý­han bir­le­şi­gin­de tä­ze ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­ly­gy peý­da bol­dy. Bu iri top­lum ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan “Al­tyn ga­la gur­lu­şyk” hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan gu­rul­dy. 4 gek­tar meý­da­ny bo­lan ýy­la­dyş­ha­na­dan bir ýyl­da 800 ton­na po­mi­dor al­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le hem bu ýer­de ýer­li we da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ri­len to­hum­lar ýy­la­dyş­ha­na şert­le­rin­de ýe­tiş­di­ril­ýär. 

Ma­ry şä­he­rin­de gök önüm­le­riň 3 müň ton­na­sy­ny sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen döw­re­bap so­wa­dy­jy am­mar ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Tä­ze top­lum Azyk se­na­ga­ty döw­let bir­le­şi­gi­niň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da ýer­li hu­su­sy gur­lu­şyk kär­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan gu­rul­dy we ol Ger­ma­ni­ýa, Gol­lan­di­ýa, Tür­ki­ýe ýa­ly öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ýö­ri­te­leş­di­ri­len en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. 

Am­mar­da ula­nyl­ýan komp­ýu­ter­leş­di­ri­len so­wa­dy­jy ul­ga­myň işi ne­ti­je­sin­de bu ýer­de sak­lan­ýan önüm­le­riň we mi­we­le­riň gör­nüş­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da 23 so­wa­dy­jy ka­me­ra­lar­da ho­wa­nyň ýag­da­ýy we çyg­ly­ly­gy oňyn de­re­je­de sak­lan­ýar. So­gan we ýe­ral­ma üçin ni­ýet­le­nen des­ga­lar aý­ra­tyn wen­til­ýa­si­ýa ul­ga­my bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. Mu­nuň özi önüm­le­riň ba­zar­lyk gör­nü­şi­ni we hi­li­ni uzak wagt­lap sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

Top­lum­da önüm­le­ri saý­la­mak we gap­la­mak üçin üç sa­ny aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam he­re­ket ed­ýär. Äh­li am­mar­lar tek­je­ler we önüm­le­ri hem-de mi­we­le­ri sak­la­mak üçin ni­ýet­le­nen gap­lar bi­len üp­jün edil­di. Sarp edi­ji­le­re önüm­le­ri ug­rat­mak we el­tip ber­mek üçin ýük­çi-elekt­ro­kar­lar hem-de dür­li ýük­gö­te­ri­ji­li­gi bo­lan aw­to­ref­ri­že­ra­tor­lar bar. 

Şeý­le hem top­lu­myň çä­gin­de döw­re­bap teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün edi­len eda­ra bi­na­sy bo­lup, on­da Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň “Mi­we” oba ho­ja­lyk se­na­gat bir­le­şi­gi ýer­leş­ýär. Bu ýer­de am­ma­ra ge­ti­ril­ýän hem-de söw­da mer­kez­le­ri­ne, ba­zar­la­ra ug­ra­dyl­ýan ter önüm­le­riň we mi­we­le­riň hi­li­ni bar­la­ýan bar­lag­ha­na he­re­ket ed­ýär. 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça her ýyl­da we­la­ýa­tyň çä­gin­de iň go­wy et­rap ýa-da şä­her de­re­je­si­ni al­mak üçin bäs­le­şik yg­lan edil­ýär. Onuň şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da et­ra­byň dur­muş-yk­dy­sa­dy we me­de­ni gör­ke­zi­ji­le­ri jem­le­nip al­ynýar. 2017-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça şeý­le bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si diý­lip Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­by yg­lan edil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, bu et­ra­byň hä­kim­li­gi ABŞ-nyň 1 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­dä­ki pul sy­la­gy­na my­na­syp bol­dy. 

Mil­li par­la­men­ti­miz ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe ka­da­laş­dy­ryş-hu­kuk na­ma­la­ry ka­bul edil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da “Ýer ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny bar. Hu­su­san-da, bu res­mi­na­ma oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny bäş ýy­lyň do­wa­myn­da döw­let bu­ýur­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren daý­han­la­ra ýer­le­ri uzak ­möh­let­le­ýin esas­da kä­ren­dä ber­mek, oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ni dö­ret­mek üçin hu­kuk bin­ýa­dyny eme­le ge­tir­ýär. Mu­nuň özi di­ňe bir hu­su­sy ýer eýe­le­ri­niň däl, eý­sem, öz­baş­dak ýer eýe­le­ri­niň, kuw­wat­ly daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň we bir­le­şik­le­ri­niň eme­le gel­me­gi­ni şert­len­di­rer. 

Mun­dan baş­ga-da, mil­li ka­nun­çy­ly­gyň üs­ti “Döw­let ýer ka­dast­ry ha­kyn­da”, “Dä­ne­çi­lik ha­kyn­da”, “Pag­ta­çy­lyk ha­kyn­da”, “Me­de­ni ösüm­lik­le­riň ge­ne­tik se­riş­de­le­ri­ni ýyg­na­mak, sak­la­mak we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ha­kyn­da”, “Eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy ha­kyn­da” ýa­ly Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry bi­len ýe­ti­ril­di. 

2017-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan baş­lap, ýur­du­my­zyň suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak we aýaw­ly sak­la­mak, oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­niň saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýan su­wa­rym­ly ýer­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi ug­run­da­ky mö­hüm ädim bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň suw ko­dek­si he­re­ke­te gi­ri­zil­di. Soň­ky ýyl­lar­da bu ugur­da ägirt uly iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Äh­li ýer­de suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa or­naş­dy­ryl­ýar, tä­ze suw how­dan­la­ry gu­rul­ýar we ozal bar bo­lan­la­ry gi­ňel­dil­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň suw se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga we ola­ryň ýe­ter­lik gor­la­ry­ny sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. 

“Türk­me­nis­ta­nyň ilat­ly ýer­le­ri­ni aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek ha­kyn­da­ baş mak­sat­na­ma­nyň” we “Türk­me­nis­tan­da suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak we 2015 — 2020-nji ýyl­lar­da Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň suw ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň” çäk­le­rin­de iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­rynyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu me­se­le­le­re yzy­gi­der­li üns ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

Şeý­le­lik­de, ge­çen ýyl­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew et­ra­byn­da ýer­li ila­ty ýo­ka­ry hil­li agyz su­wy bi­len üp­jün et­mä­ge ni­ýet­le­nen suw aras­sa­laý­jy des­ga­lar top­lu­my ulan­ma­ga be­ril­di. Oba ýer­le­ri­ne suw ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ry çe­ki­len tä­ze top­lu­myň tas­la­ma kuw­wa­ty gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 30 müň kub metr su­wa ba­ra­bar­dyr. Onuň teh­no­lo­gik gör­ke­zi­ji­le­ri su­wy sak­la­mak, süz­mek we zy­ýan­syz­lan­dyr­mak ýa­ly, bir­nä­çe aras­sa­la­ýyş tap­gyr­la­ry­ny göz öňün­de tut­ýar. Äh­li iş­ler komp­ýu­ter ul­ga­my ar­ka­ly do­lan­dy­ryl­ýar. Top­lum on­lar­ça döw­re­bap so­ru­jy gur­na­ma­lar, süz­güç­ler, ener­ge­ti­ki, bar­lag­ha­na en­jam­la­ry we ABŞ, Ger­ma­ni­ýa ýa­ly bel­li önüm ön­dü­ri­ji­le­riň gu­ral­la­ry bi­len üp­jün edil­di. 

Hä­zir­ki dö­wür­de iri gid­ro­teh­ni­ki des­ga ha­sap­la­nyl­ýan “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň ikin­ji no­bat­da­ky­sy­nyň gur­lu­şy­gy bat­ly dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar. Dre­naž kol­lek­tor­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly işi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­dan şor suw­lar kö­le ak­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi ýe­ras­ty suw­la­ryň de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi­ni, ýer­le­riň su­wa­ryş ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy­ny, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­ny, ýer­li ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. 

Mun­dan baş­ga-da, dün­ýä­de iň uly çöl­le­riň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýan Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de tä­ze kö­lüň dö­re­dil­me­gi ýur­du­my­zyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýö­rel­ge­si­niň baş şer­ti bo­lup dur­ýar we ol di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl, eý­sem, tu­tuş se­bi­tiň eko­lo­gi­ýa de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. 

Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de paý­tag­ty­my­zyň we se­bit­ler­dä­ki ilat­ly ýer­le­riň tö­we­rek­le­rin­de gök zo­lak­la­ry, oba ho­ja­lyk meý­dan­la­ry­nyň go­rag to­kaý çäk­le­ri­ni dö­ret­mek, dag ar­ça­la­ry­nyň, çöl­dä­ki sa­zak­la­ryň we ke­nar ýa­ka­la­ryn­da­ky ýyl­gyn zo­lak­la­ry­nyň di­kel­dil­me­gi bo­ýun­ça bir­nä­çe mö­hüm we­zi­pe­ler ama­la aşy­ryl­ýar. 

Hä­zir­ki dö­wür­de Aş­ga­bat bag­lyk şä­her ha­sap­la­nyl­ýar. Tom­suň ys­sy gün­le­rin­de hem bu ýer­de dö­re­di­len gök zo­lak­la­r, suw çüw­dü­rim­le­ri, owa­dan gül­ler gö­zü­ňi do­kun­dy­ryp, ýa­kym­ly gur­şa­wy eme­le ge­tir­ýär. Ar­ça­la­ryň, ser­wi­le­riň to­kaý­la­ry, şeý­le hem owa­dan gül­ler otur­dy­lan çäk­ler paý­tag­ty­myz­da öz­bo­luş­ly gö­zel­lik dö­red­ýär. Kö­pet­da­gyň ete­gin­de sa­ýa­ly we pür­li agaç na­hal­la­ry­nyň çäk­le­ri ýyl-ýyl­dan gi­ňel­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, soň­ky ýyl­lar­da bu ýer­ler­de dür­li guş­la­ryň we beý­le­ki jan­dar­la­ryň sa­ny­nyň ar­tan­dy­gy du­ýul­ýar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zi­len, seý­rek duş gel­ýän gör­nüş­le­ri hem bar. Hä­zir­ki dö­wür­de to­kaý zo­lak­la­ry, se­ýil­gäh­ler we gök zo­lak­la­ry ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de, hat­da çet­dä­ki kün­jek­ler­de hem on­lar­ça gek­tar­la­ra uza­ýar. 

2017-nji ýy­lyň köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek möw­sü­min­de dür­li bag­la­ryň we gül­le­riň 3 mil­lio­ny­nyň eki­len­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­me­li. 

Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak tu­tuş adam­za­dy tol­gun­dyr­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de iş­jeň orun eýe­le­ýän döw­le­timiziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mün­be­rin­den we Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­rin­de (Bra­zi­li­ýa) ge­çi­ri­len “Rio+20” Bü­tin­dün­ýä sam­mi­ti, Sen­daý şä­he­rin­de (Ýa­po­ni­ýa) ge­çi­ri­len BMG-niň te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ryň tö­wek­gel­çi­li­gi­ni azalt­mak bo­ýun­ça III Bü­tin­dün­ýä mas­la­ha­ty we Te­gu şä­he­rin­de (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) ge­çi­ri­len VII Bü­tin­dün­ýä suw fo­ru­my ýa­ly iri hal­ka­ra mas­la­hat­la­r­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry hut şu ug­ra gö­nük­di­ri­len­dir. 

Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň se­bit­le­ýin eko­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň bi­le­lik­de gu­ran “Mer­ke­zi Azi­ýa­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we dur­nuk­ly ösüş ug­run­da hyz­mat­daş­lyk üçin baş­lan­gyç” atly il­kin­ji hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa fo­ru­my daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň Bü­tin­dün­ýä gü­nü­ne ba­gyş­lan­dy. 

Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, beý­le­ki hö­kü­met eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, öň­de­ba­ry­jy hü­när­men­le­ri, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, dip­lo­ma­tik eda­ra­la­ryň, yl­my we işe­wür to­par­la­ryň, ABŞ-nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Bel­gi­ýa­nyň, Weng­ri­ýa­nyň, Çe­hi­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň we beý­le­ki döw­let­le­riň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bol­dy. 

Umu­my we ugur­daş mej­lis­ler geç­ýän wag­tyn­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň, suw se­riş­de­le­ri­ni bi­le­lik­de do­lan­dyr­ma­gyň, ho­wa­nyň äh­lu­mu­my de­re­je­de üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ha­kyn­da düýp­li pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry mil­li te­bi­ga­ty go­ra­mak stra­te­gi­ýa­sy­nyň syn­la­ry­ny gör­kez­di­ler. 

BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň we BMG-niň Daş­ky Gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, BMG-niň çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş ba­ra­da­ky kon­wen­si­ýa­sy­nyň sek­re­ta­riat­la­ry­nyň, BMG-niň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy to­pa­ry­nyň, BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­la­ry­nyň, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň eko­lo­gi­ýa mer­kez­le­ri­niň, Ger­ma­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk jem­gy­ýe­ti­niň we­kil­le­ri öz çy­kyş­la­ryn­da bu ugur­da­ky mak­sat­na­ma­la­ry we tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de bar bo­lan tej­ri­be­le­ri sel­jer­di­ler. 

2017 — 2019-njy ýyl­lar­da Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň baş­lyk­lyk et­me­gi­niň kon­sep­si­ýa­sy daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň äh­li me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gy, se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r, öňi bi­len hem BMG, onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­gi göz öňün­de tut­ýar. 

Ge­çen ýy­lyň iýu­nyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len “Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de äh­mi­ýe­ti” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat hem bu me­se­lä ba­gyş­la­nyl­dy. Mas­la­ha­ta Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň se­bit­le­ýin eko­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ger­man jem­gy­ýe­ti­niň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň, Ýew­ro­pa­da abat­la­ýyş we ösüş ban­ky­nyň we­kil­le­ri, da­şa­ry döw­let­le­riň ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar. 

Mas­la­ha­tyň öňü­sy­ra­syn­da Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň (AHHG) Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň bi­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. 

AHHG-nyň Pre­zi­den­ti, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy iýun­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de bu dü­zü­mi dö­ret­mek ha­kyn­da­ky Çöz­gü­de gol çek­di. 

Mas­la­hat­da ser­he­ta­ra suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li we tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak, Aral­da­ky kyn­çy­lyk­ly ýag­da­ýyň ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mä­ge hem-de Ara­lyň ýa­ka­syn­da eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­nyň he­läk­çi­li­gi­niň öňü­ni al­ma­ga, bio­köp­dür­lü­li­gi aýaw­ly sak­la­ma­ga we te­bi­gy se­riş­de­le­ri dur­nuk­ly ulan­ma­ga, se­bi­tiň halk­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy hem-de dur­muş taý­dan ösü­şi­ne ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len we beý­le­ki me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Aral deň­zi se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­na kö­mek ber­mek üçin he­re­ket­le­riň tä­ze mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň (PBAM-4), Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň işi­niň hu­kuk esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, Aral deň­zi se­bi­ti bo­ýun­ça bi­te­wi se­bit­le­ýin mag­lu­mat ul­ga­my­ny hem-de mag­lu­mat­lar bin­ýa­dy­ny dö­ret­me­giň we beý­le­ki me­se­le­le­riň ze­rur­ly­gy bel­le­nil­di. 

Mun­dan baş­ga-da, türk­men paý­tag­tyn­da Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­ny dur­nuk­ly ös­dür­mek bo­ýun­ça döw­le­ta­ra to­pa­ryň no­bat­da­ky mej­li­si bol­dy. Ol Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň iş­çi gu­ra­ma­la­rynyň bi­ri bo­lup dur­ýar. 

Ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň gol­daw ber­me­gin­de Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň se­bit­le­ýin eko­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň gu­ra­ma­gyn­da ge­çen du­şu­şy­gyň te­ma­sy “Dur­nuk­ly ösüş we Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk” ba­ra­da bol­dy. 

Du­şu­şyk­dan öň AHHG-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da äht­na­ma gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Bu res­mi­na­ma, hu­su­san-da, “Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw se­riş­de­le­ri­ni ser­he­ta­ra do­lan­dyr­mak” at­ly mak­sat­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy bi­len bag­ly­dyr. Ol suw ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň hal­ka­ra hu­ku­gy­ň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na we iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­si­ne esas­lan­ýan ne­ti­je­li gu­ral­la­ry dö­ret­mek­de se­bi­tiň ýurt­la­ry­na ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

Şeý­le hem AHHG-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň Se­bit eko­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň ara­syn­da Hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da äht­na­ma gol çe­kil­di. Ol Türk­me­nis­tan­da “Suw, bi­lim we hyz­mat­daş­lyk” (Smart Wa­ters Pro­ject) hem-de “Suw — ener­gi­ýa — azyk” öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny güýç­len­dir­mek ar­ka­ly kö­pu­gur­ly ma­li­ýe­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­mak bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa gep­le­şik­le­ri” (Nexus) di­ýen tas­la­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar. 

ABŞ-nyň Hal­ka­ra ösüş agent­li­gi­niň (USAID) gol­daw ber­me­gin­de ama­la aşy­ryl­ýan bi­rin­ji tas­la­ma Aral deň­zi­niň se­bi­ti ýurt­la­ryn­da suw ho­ja­ly­gy pu­da­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny we hü­när­men­le­ri­ni, yl­my iş­gär­le­ri okat­mak, taý­ýar­la­mak hem-de hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­ly­dyr. 

Öz no­ba­tyn­da, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän hem-de Te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­ra­da­ky hal­ka­ra bi­le­le­şi­k bi­len hyz­mat­daş­lyk­da RES­SA ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan “Nexus” tas­la­ma­sy Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň suw, ener­ge­ti­ka we azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­me­gi ugur edin­ýär, bu bol­sa eko­lo­gi­ýa bi­len gös-gö­ni bag­ly­dyr. 

Mej­li­siň ka­da-ka­nun­çy­lyk ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky türk­men we­ki­li­ýe­ti maý aýyn­da Sankt-Pe­ter­bur­gda ge­çi­ri­len VIII Ne­wa eko­lo­gi­ýa kong­re­si­ne gat­naş­dy. GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi hem-de RF-niň Te­bi­gy se­riş­de­ler we eko­lo­gi­ýa mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan fo­rum “Eko­lo­gi­ýa aň-bi­li­mi — aras­sa ýurt” di­ýen şy­gar as­tyn­da ge­çi­ril­di. Onuň esa­sy te­ma­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da eko­lo­gi­ýa jo­gap­kär­li, “ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­ti”, önüm­çi­lik we sarp ediş me­de­ni­ýe­ti­ni, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ös­dür­mek me­se­le­le­ri bol­dy. 

“Awa­za” mi­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da “Ha­zar deň­zi­ne — dur­nuk­ly ösüş we do­lan­dy­ryş” at­ly okuw mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Ony ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça döw­let kär­ha­na­sy Hal­ka­ra um­man ins­ti­tu­ty­ bi­len bi­le­lik­de gu­ra­dy. 

10 gün­lük oku­wa Azer­baý­ja­nyň, Eý­ra­nyň, Rus­si­ýa­nyň we ýur­du­my­zyň dür­li mi­nistr­lik­le­ri­niň we eda­ra­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, şeý­le hem de­ňiz yk­dy­sa­dy­ýe­ti, sy­ýa­sa­ty, do­lan­dy­ry­ly­şy, eko­lo­gi­ýa, de­ňiz hu­ku­gy we beý­le­ki hü­när­ler bo­ýun­ça MIO-nyň yl­my mas­la­hat­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. 

“De­ňiz gi­ňiş­li­gi­niň me­ýil­na­ma­laş­dy­ry­ly­şy” at­ly şu­ňa meň­zeş oku­wy Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça döw­let kär­ha­na­sy hem-de Hal­ka­ra um­man ins­ti­tu­ty bi­le­lik­de gu­ra­dy. 

Dä­be gö­rä, 12-nji aw­gust­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň Hal­ka­ra gü­ni bel­le­nil­di. Bu çä­re giň jem­gy­ýet­çi­li­giň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň uzak­ möh­let­le­ýin gel­je­ge gö­nük­di­ri­len te­bi­ga­ty go­ra­ýyş sy­ýa­sa­ty­nyň wa­gyz edil­me­gi­ne, şeý­le hem eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň ber­ki­dil­me­gi­ne we gi­ňel­dil­me­gi­ne, äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösüş üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Onuň mak­sat­na­ma­sy­na “Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­lyn­da Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat, me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin we sport çä­re­le­ri gi­ri­zil­di. 

Ha­zar deň­zin­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne äh­mi­ýet be­ril­me­gi Ha­za­ryň aý­ra­tyn de­re­je­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Örän baý we köp ­dür­li ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si bo­lan, te­bi­ga­tyň mer­je­ni ha­sap­la­nyl­ýan, dün­ýä um­ma­nyn­dan aý­ra­tyn iri suw how­da­ny­nyň go­rag­ly­ly­gy döw­rüň mö­hüm me­se­le­si bo­lup dur­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de Ha­zar se­bi­ti Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de mö­hüm geo­sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy mer­kez­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar we ol kuw­wat­ly ener­ge­ti­ka, ulag hem-de ara­gat­na­şyk çat­ry­gy­na öw­rül­di. Şo­ňa gö­rä-de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça öňe sü­rül­ýän tu­tuş adam­za­dyň gu­wan­jy bo­lan aja­ýyp te­bi­gy top­lum hök­mün­de yk­rar edi­len Ha­zar deň­zin­de eko­lo­gi­ýa we teh­no­gen howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li kö­pu­gur­ly gu­ra­ly­ny dö­ret­me­ge de­giş­li tek­lip­ler örän wa­jyp­dyr. 

Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my Di­ýa­ry­my­zyň ba­zar­la­ryn­da azyk bol­çu­ly­gy­ny, oba ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dur­muş hal-ýag­daý­la­ry­nyň bar­ha go­wu­lan­ma­gy­ny üp­jün edip, hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çyk­ýar. Mu­nuň özi Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň ber­ýän aý­dyň ne­ti­je­si­dir.