DHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-niň 45 million dollaryna barabar boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere portlandsement, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million 860 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 2 million 588 müň manatdan gowrak nah matany we ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 29 million manada barabar polipropileni (TNGIZT) we pagta süýümini satyn aldylar.