2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary

photo

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Aşgabat şäheriniň 9-njy “Älem” saýlaw okrugyndan dalaşgär

BATYR ORAZDURDYÝEWIÇ BAÝLYÝEW

* * * * *

TERJIMEHALY

Batyr Orazdurdyýewiç Baýlyýew 1990-njy ýylyü 2-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.

1997-2006-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň 33-nji orta mekdebinde okady.

2006-2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Aşgabat» döwlet söwda firmasynyň satyjysy bolup işledi.

2008-2013-nji ýyllarda Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tamamlady.

2013-2014-nji ýyllarda harby gullukda boldy.

2015-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň iş ýöredijisi, hukuk kömegi müdirliginiň esasy maslahatçysy, ministriň kömekçisi wezipelerinde işledi.

2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň kanunçylyk müdirliginiň ykdysady kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine alyş bölüminiň esasy maslahatçysy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, bir çagasy bar.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.