2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary

photo

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Aşgabat şäheriniň 9-njy “Älem” saýlaw okrugyndan dalaşgär

OGULGURBAN AMANMYRADOWNA GELDIÝEWA

TERJIMEHALY

Ogulgurban Amanmyradowna Geldiýewa 1976-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.

1983-1993-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 23-nji orta mekdebinde okady.

1993-1997-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okap, dilçi, iňlis dili mugallymy hünäri boýunça tamamlady.

1997-1999-njy ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili kafedrasynyň öwreniji-mugallymy; 1999-2009-njy ýyllarda şol institutyň Teijimäniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy, uly mugallymy bolup işledi.

2009-2012-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň aspiranty boldy.

2012-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy bolup işledi.

2015-nji ýylda pedagogika ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesini aldy.

2016-njy ýyldan bäri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, uly mugallymy bolup işleýär.

2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

Maşgalaly, iki çagasy bar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.