img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Mar

BERLINDE SAGLYGY GORAÝYŞ BOÝUNÇA VII TÜRKMEN-GERMAN FORUMY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5 - 6-njy martynda Berlinde saglygy goraýyş boýunça nobatdaky, VII türkmen-german forumy geçirildi. Onda lukmançylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek üçin täze ugurlara garaldy.  Bu gezek ortopediýa, şol sanda çagalar ortopediýasy hem-de fizioterapiýa meselelerine üns berildi. Türkmenistanda we Germaniýada lukmançylygyň bu ugurlarynyň ýagdaýy boýunça çykyşlar guraldy, keselleriň öňüni alyş işi şöhlelendirildi, ortopediýa tehn...

DOWAMY
pic
6 Mar

2017-nji ýylyň ýylýazgysy: ulag we aragatnaşyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümi, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny çalt kemala getirmek bilen baglanyşyklylykda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berdi. Örän amatly çäk ýagdaýyny eýeleýän, sebitde we yklymda möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan Tür...

DOWAMY
pic
6 Mar

SEEMOUS-2018 bäsleşiginde talyplar matematika topary medallaryň 7-sini eýeledi

Türkmen talyplary 26-njy fewraldan 4-nji mart aralygynda Rumyniýanyň Ýassy şäherinde geçirilen Halkara Günorta-Gündogar Ýewropa SEEMOUS-2018 matematika olimpiadasynda medallaryň ýedisini eýelediler.  Dünýä ýurtlarynyň ençemesinden, şol sanda Argentinadan, Russiýadan, Gresiýadan, Kiprden, Çehiýadan, Bolgariýadan, Belarusdan, Makedoniýadan, Rumyniýadan we Türkmenistandan talyp ýaşlaryň ýüzden gowragy abraýly aň-paýhas bäsleşigine gatnaşdylar.  Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň hatarynda ýokary ok...

DOWAMY
pic
5 Mar

AŞGABATDA SÖWDA WE MAÝA GOÝUM HYZMATDAŞLYGYNA ÝARDAM BERMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-RUS TOPARY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 5-nji martynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň şygary astynda hereket edýän Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki topar öz işine başlady. Rus tarapynyň wekiliýetiniň düzümine döwlet düzümleriniň, dürli pudaklarda işleýän iri kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary, Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň agzalary girdi. Hökümet derejesinde gazanylan...

DOWAMY
pic
5 Mar

TÜRKMENISTANDA “HAZAR DEŇZI-DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRYŞ” ATLY HALKARA OKUW MASLAHATY GEÇÝÄR

2018 nji ýylyň 5-nji martynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy.  Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bi...

DOWAMY
pic
5 Mar

Merkezi saýlaw toparynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň başlygynyň birinji orunbasary Wiktor Guminskiý bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň çagyrmagy boýunça Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem-de onuň edarasy saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler.  Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň başlygynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen bolan duşuşygyň barşynda öňde boljak parlament saýlawlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyld...

DOWAMY
pic
5 Mar

«Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitabyň tanyşdyrylyşy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatçylar, döredijilik intelligensiýasynyň, sport ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.  Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş her...

DOWAMY