2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: maliýe-ykdysady ulgam

photo

Düýpli özgertmeler ýoly bilen öňe ynamly barýan Türkmenistan 2017-nji ýylda öz şöhratly taryhynyň täze tapgyryna gadam goýdy. Bu tapgyr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy yzygiderli ösdürmegiň we giň möçberli özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmagyň döwri hökmünde kesgitlenildi. 

Milli Liderimiz mähriban Watanymyzyň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmagy hem-de eksport kuwwatyny düýpli artdyrmagy ýakyn geljekde döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi. Maksadalaýyklyk we uzakmöhletleýin bähbitleriň nukdaýnazaryndan ykdysady we dolandyryş çözgütleriniň kabul edilmegi, şeýle hem amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň täze ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. 

Geçen ýylyň jemlerini seljereniňde degişli döwürde maliýe-ykdysady ulgamda bolup geçen wakalaryň Türkmenistanyň milli we halkara ähmiýetli möhüm meseleleri ynamly çözýändigini, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda oňyn netijeleriň gazanylýandygyny, dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna okgunly goşulýandygyny tassyklaýandygyny bellemek gerek. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin bäsdeşlige ukyply harytlaryň eksportynyň möçberini artdyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, import harytlaryň ýerini tutýan harytlaryň öndürilişini giňeltmek, ýurdumyzda telekeçilige goldaw bermek hem-de dürli ulgamlarda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler dowam etdirildi. Senagat maksatnamasyny ýaýbaňlandyrmaga, uglewodorod serişdeleri bilen bagly bolmadyk pudaklary köp ugurly ösdürmäge alnan ugur giňden karz bermek syýasatynyň alnyp barylmagy hem-de maksada laýyk däl çykdajylaryň kemeldilmegi bilen bir hatarda amala aşyryldy. 

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça bu ugurda ädilen ädimler milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň depginini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Esasy makroykdysady görkezijiler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,5 göterim derejede üpjün edildi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagynyň hasabyna ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän çig malyň, serişdeleriň, azyk we azyk däl harytlaryň möçberi azaldy. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportunyň möçberiniň 6,6 göterim ýokarlanmagy, ýurdumyza getirilýän önümleriň bolsa 21 göterime golaý azalmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Pul dolanyşygynyň kadalaşdyrylmagyny, maliýe akymlarynyň gözegçiligini we paýlanmagyny, hojalyk edaralarynyň arasynda özara hasaplaşyklaryň geçirilmegini, ilata we aýry-aýry pudaklara karz berilmegini üpjün edýän bank ulgamy häzirki zamanyň bazar ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Dünýä bazarynda bolup geçýän düýpli ýagdaýlary nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pul syýasatynyň däp bolan ýörelgelerine täzeden garalmagyny, maliýe-durnuklylygynyň saklanylmagyny, milli puluň hümmetiniň pugtalandyrylmagyny, ýurdumyzyň töleg balansynyň durnuklylygynyň üpjün edilmegini, degişli kanunçylyk namalarynyň halkara ülňülerine laýyk getirilmegini bu ulgamdaky esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. 

Öňde goýlan maksatlardan ugur alnyp, maliýe edaralarynda ýylyň dowamynda toplumlaýyn işler geçirildi. Şunuň netijesinde 2017-nji ýylda elektron bankinginiň düzümi ösdürildi, nagt däl tölegleriň möçberleri, orta we kiçi telekeçilige karz bermegiň möçberleri artdyryldy, şeýle hem bank önüminiň täze görnüşleri işjeň ornaşdyryldy, hyzmatlaryň hili kämilleşdirildi, 2016-njy ýylyň görkezijilerine laýyklykda, manadyň hümmeti durnukly ýagdaýda saklanyldy, puluň hümmetsizlenmegi bolsa bellenen çäklerde galdy. 

Halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, geçen ýylda görlen giň möçberli çäreler maýa goýum kuwwatynyň artmagyna, maliýe binýadynyň pugtalandyrylmagyna, dolandyryşyň hem-de bank gözegçiliginiň standartlarynyň giňden ulanylmagyna, amallaryň görnüşleriniň artdyrylmagyna ýardam etdi. 2017-nji ýylda, Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara maýa bazarynda resmi agenti bolup durýan Döwlet daşary ykdysady iş banky abraýly “The Banker” britan neşiriniň ugry boýunça 2001-nji ýyldan bäri on üçünji gezek ýurdumyzyň iň gowy banky diýen ada mynasyp boldy we “2017-nji ýylda Türkmenistanda ýylyň banky” diýen diplom bilen sylaglanyldy. Bank özüniň eýeleýän ornuny yzygiderli giňeltmek bilen milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine ýardam edýär hem-de ýurdumyzyň iri köpugurly maliýe edarasyna öwrülmäge çalyşýar. 

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we daşary ýurtlaryň beýleki esasy banklary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berildi. Munuň özi milli maliýe-bank ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça süýşürintgiler kassalarynyň gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegini geçen ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Bu resminamanyň çäklerinde ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi maliýe ulgamyny dolandyrmak hem-de ýurdumyzyň bank işgärlerini okatmak babatda deňhukukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Prezidentbank” döwlet täjirçilik bankyny “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna birleşdirmek hakyndaky Karara gol çekmegi ýurdumyzyň bank ulgamyny özgertmegiň çäklerinde nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu çäre türkmenistanlylary, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň ýuridiki şahslaryny hem-de hususy telekeçileri ýokary hilli döwrebap bank hyzmatlarynyň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek, şeýle hem goýumçylaryň we karz berijileriň bähbitlerini goramak maksadynda görüldi. 

Welaýatlary özgertmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi milli Liderimiziň başyny başlan oňyn özgertmeleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu maksatnama durmuş-ykdysady görkezijileri artdyrmaga, demografiki we ekologiýa görkezijilerini gowulandyrmaga, sebitleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş - durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» bellenilen çäreleri durmuşa geçirmek babatda sebitleriň her biri üçin degişli meýilnamalar işlenip taýýarlanyldy. Şunda içerki bazaryň hem-de eksportuň talaplaryna laýyk gelýän önümçiligi döretmäge, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, iş orunlarynyň sanyny artdyrmaga uly üns berildi. 

Iş meýilnamalarynda bellenen çözgütler welaýatlaryň önümçilik, ykdysady, tehniki, durmuş, hojalyk, ylym-bilim we tebigy serişdeler kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär. 2017-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň uly toplumlary, köpsanly mekdepler hem-de mekdep ýaşyna çenli edaralar, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamynyň edaralary, şeýle hem inženerçilik desgalary ulanmaga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan iri desgalaryň 1700-e golaýy gurulýar. 

Türkmenistanyň guramalarynyň we edaralarynyň maliýe hasabatlylyk ulgamyny kämilleşdirmek, dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin esasy utgaşdyryjy gural bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň dekabr aýynda degişli Kararyň kabul edilendigini ýatlamalydyrys. Şol resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalara we guramalara (karz beriji edaralardan başga) 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan buhgalter hasabatynyň hem-de maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek bellenildi. Bu ulgamda özgertmeleri geçirmegiň artykmaçlygy olaryň ýuridiki we şahsy adamlaryň maliýe ýagdaýynyň açyklygyny üpjün etmäge hem-de anyk ykdysady ýagdaýy beýan etmäge gönükdirilendigi bilen baglanyşyklydyr. Bu ugurda görülýän çäreler kärhanalaryň hasabatlylygyny ulanýanlara esaslandyrylan ykdysady çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berer. 

Salgyt syýasaty döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi hem-de telekeçilik işiniň dürli görnüşleriniň döredilmegi salgyt salmak binýadyny giňeltmäge, döwlet býujetine gelip gowuşýan serişdeleriň artmagyna mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň iýun aýynda ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça geçirilen maslahatda milli Liderimiz ýurdumyzyň salgyt ulgamyny düýpli özgertmegiň zerurdygyny belledi. 

Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň düzgünlerini düşündirmek boýunça işleri geçirmek üçin häzirki zaman usullaryny giňden ulanmagyň, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň iýul aýyndan Döwlet salgyt gullugyny ýurdumyzyň Maliýe ministrliginiň garamagyna bermek baradaky çözgüdi bu ugurda möhüm ädim boldy. 

Geçen ýylyň oktýabr aýynda iki ministrligiň – Maliýe hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrlikleriniň binýadynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň döredilmegi maliýe-ykdysady toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksadynda görlen esasy çäreleriň biri boldy. Ykdysadyýete maýa serişdelerini çekmek, ykdysady we maliýe düzümleri döwrebaplaşdyrmak, dünýä bazarlarynda olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bu düzümiň öňünde durýan esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi. 

Durmuş abadançylygyny üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyllarda bolşy ýaly, 2017-nji ýylda hem zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň hem-de talyp haklarynyň ýokarlandyrylmagynyň, oýlanyşykly nyrh syýasatynyň geçirilmeginiň, hususy başlangyçlaryň goldanylmagynyň hem-de goşmaça durmuş ýeňillikleriniň hasabyna türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýy durnukly ýokarlandy. 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ýurdumyz boýunça ortaça zähmet haky 8,8 göterim ýokarlandy. 

Häzirki zaman şertlerinde jemgyýetiň intellektual kuwwatynyň ulanylmagy, bilimiň, ylmy barlaglaryň, işçi güýjüniň derejesiniň ýokarlandyrylmagy ykdysady ösüşiň depginine hem-de hiline uly täsir edýär. Döwlet býujetinden bölünip berilýän pul serişdeleriniň uly bölegi, hususan-da, 70 göterimi bilim, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy, saglygy goraýyş ulgamlaryna, Pensiýa gaznasyna gönükdirildi. Zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak we raýatlarymyzyň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döretmek boýunça çäreleri maliýeleşdirmek Döwlet býujetinde möhüm orun eýeledi. 

Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň iýul aýynda gol çeken Permanyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň hem-de guramalaryň işgärleriniň zähmet haklary, şeýle hem pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandy. Galyberse-de, ýakyn ýedi ýylyň dowamynda durmuş tölegleriniň şu görnüşleriniň ählisiniň möçberlerini şu derejede artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň ösmegi, maliýe we durmuş durnuklylygy bilen düşündirilýär. 

Milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan telekeçiligi ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn goldamagy hem-de kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmäge gönükdirilen başlangyçlary netijesinde bu ulgam soňky ýyllarda kuwwatly ösüşe eýe boldy. 

Telekeçilere ýeňillikli şertlerde karz bermek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi möhüm orun eýeleýär. Häzirki döwürde türkmen işewürliginiň wekilleri daşary ýurt kompaniýalary bilen birlikde, gurluşyk ulgamynda hem-de gurluşyk serişdelerini öndürmekde giň möçberli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar, azyk bolçulygy bilen baglanyşykly wezipeleri çözýärler, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmaga esaslanýan önümçilige maýa goýumlaryny goýýarlar, emele gelýän bazaryň ýagdaýyna çaltlyk bilen seslenýärler, täze pudaklarda üstünlikli işleýärler. Munuň özi öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga, onuň hilini ýokarlandyrmaga hem-de nyrhy babatda elýeterli bolmagyny üpjün etmäge, goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. 

Senagatçylar we telekeçiler boýunça makroykdysady görkezijileri muňa aýdyň mysal hökmünde getirmek bolar. Geçen ýylyň dowamynda 903,1 million manatlyk senagat önümleri, 2 milliard 287,2 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu babatdaky ösüş 24,2 we 73,7 göterime barabar boldy. 6 milliard 585,7 million manatlyk gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça söwda haryt dolanyşygy 11 milliard 685 million manada barabar boldy, öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,3 göterim artdy. Hyzmatlar ulgamynda 995 million manatlyk işler ýerine ýetirildi, munuň özi öňki görkezijiden 9,2 göterim ýokarydyr. 

Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ösüşiniň nobatdaky ähmiýetli ugruna geçmek bilen, bu ulgamda esasy wezipeleriň döwlete dahylsyz ulgamyň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hususy işewürlerini kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga çekmäge ýardam edýän amatly ýagdaýy döretmegiň, şeýle hem iri önümçilikleri we durmuş ulgamyny döwlet tarapyndan goldamagyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny bellemelidiris. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “açyk gapylar” syýasaty uzakmöhletli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Esasy daşary ýurt maýadarlarynyň bähbitleri hem ägirt uly tebigy serişdeleriň bolmagy, ýurdumyzyň eksport hem-de üstaşyr mümkinçilikleri, onuň yzygiderli senagatlaşdyrylmagy hem-de söwda we hyzmatlar bazarlarynyň ösmegi bilen şertlendirilendir. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlarynyň döwletimiz bilen maýa goýum we tehnologiki hyzmatdaşlyga taýýardygy ygtybarly, durnukly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana uly ynam bildirilýändigine, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. 

Türkmenistan milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen uzakmöhletli, özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyga çalyşýar. Döwletimiz salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyrma ýeňillikleri görnüşinde daşary ýurtlaryň işewürlerini giňden goldaýar. Şunda ýurdumyzyň çäginde maýadarlaryň işiniň hukuk esasyny kadalaşdyrýan degişli kanunçylyk we kadalaşdyryjy namalaryň kabul edilmegi, şeýle hem eýeçiligi hususylaşdyrmaga gönükdirilen ugra eýerilmegi möhüm orun eýeleýär. 

Iş ýüzünde görülýän çäreleriň netijesinde türkmen ykdysadyýetine goýulýan daşary ýurt maýa gýoumlarynyň paýy ýylsaýyn ýokarlanýar, bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar. Ägirt uly “Galkynyş” gaz ojagyny abadanlaşdyrmak işini, etilenden pes basyşly polietileni öndürmek boýunça gazy gaýtadan işleýän toplumyň, tebigy gazdan suwuk ýangyç öndürýän zawodyň, gazy polimere öwürmek boýunça kärhananyň, polietilen we polipropilen öndürýän zawodyň, konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürmek boýunça toplumyň we beýleki köpsanly desgalaryň gurluşygyny daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalarynyň hatarynda görkezmek bolar. 

Ýurdumyzda önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyklaryň şertlerinde meşhur halkara kompaniýalarynyň birnäçesi bilen bilelikde geologiýa-gözleg işleri alnyp barylýar, gury ýerde hem-de deňizde ýangyç çig mal ýataklaryny işläp taýýarlamak işleri amala aşyrylýar. 

Ýurdumyzda, şeýle hem tutuş dünýäde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda mineral dökünleriniň öndürilişini artdyrmak himiýa senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Garlykda belarusly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurlan, kaliý dökünlerini öndürmek boýunça Merkezi Aziýa sebitinde iri dag magdan-baýlaşdyryjy kärhanalarynyň biri bolan ýurdumyzdaky ilkinji toplumyň işe girizilmegi ägirt uly mümkinçilikleri döredýär. Balkan welaýatynda karbamid çykarýan zawodyň gurluşygyna uly ähmiýet berilýär. 

Agyr senagatdan başga-da, daşary ýurt kompaniýalary dokma pudagyndaky, oba hojalygyndaky, elektron senagatyndaky, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamyndaky, syýahatçylyk işewürligindäki, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky, raýat awiasiýasynyň, demir ýol we deňiz ulagynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak babatdaky, ýokary tizlikli awtoulag ýollaryny gurmak, milli kosmos emeli hemrasyny ulanmak ulgamyndaky taslamalara gatnaşýarlar. 

Halkara maliýe edaralary, şol sanda Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler birnäçe milli maýa goýum taslamalaryny hem-de maksatnamalaryny karzlaşdyrmaga hem-de maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan 2023-nji ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklary döretmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda möhüm ädim bolmalydyr. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilen mejlisinde çykyş edip, erkin ykdysady zolaklaryň häzirki döwürde halkara derejesinde ykdysady gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Hukuk binýadynyň taýýarlanylmagy – Türkmenistanyň “Erkin ykdysady zolaklar hakyndaky” Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurda ilkinji möhüm ädim boldy. Onda erkin ykdysady zolaklarda salgyt salmagyň şertleri, pul, gümrük ýagdaýlarynyň aýratynlyklary kesgitlenildi. 

Ýurdumyzda ýakyn döwürde erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi sebitleriň okgunly ösmegini hem-de eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegini üpjün eder. Galyberse-de, Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi içerki sarp ediş bazaryny harytlar bilen doldurmaga, ilatyň iş bilen meşgullyk derejesini ýokarlandyrmaga, döwrebap bazar düzümini kemala getirmäge, býujete gelip gowuşýan pul serişdelerini artdyrmaga, şeýle hem döwrebap tehnologiýalary we dolandyryş nou-haulary ornaşdyrmaga, çekilýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. Ykdysady, aýratyn hem daşary ykdysady işiň işjeňleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ahyrky netijede bolsa ýurdumyzyň gülläp ösmegine we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna kuwwatly itergi berer. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlarynyň, ikitaraplaýyn işewürler geňeşleriniň işi, şeýle hem yzygiderli geçirilýän işewürler forumlary, halkara sergileri hem daşary ýurt maýasynyň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam edýär. Türkmenistan bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň arasynda gazanylan degişli ylalaşyklar, jarnamalar hem ähli ulgamlarda we ugurlarda dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli uzakmöhletli gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmäge ýardam edýär. 

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň mejlislerinde BMG-niň düzümleriniň üçüsine – 2017-2020-nji ýyllar üçin ösüş maksadynda ylym we tehnika boýunça komissiýa, 2016-2020-nji ýyllar üçin ilat we ösüş boýunça komissiýa hem-de 2017-2021-nji ýyllar üçin durmuş ösüşi üçin komissiýa saýlanylmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň Hökümetiniň milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegi üçin görýän çärelerini goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýaşulularyň maslahatynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” kabul edilmegi 2017-nji ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň biri boldy. Bu maksatnama milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de soňky ýyllarda dünýädäki ykdysady we syýasy wakalary seljermegiň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamada bazar ykdysadyýetine mundan beýläk-de tapgyrlaýyn geçmek göz öňünde tutulýar. Ol bu çäräni sazlaşykly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. 

Maksatnamada ykdysady düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutuldy, döwlet kadalaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de onuň ýollaryny döwrebaplaşdyrmak wezipeleri kesgitlenildi, işjeň maýa goýum syýasaty, hereket edýän taslamalary, şeýle hem täze, şol sanda halkara we sebit ähmiýetli taslamalary maliýeleşdirmek, maliýe-bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmek göz öňünde tutuldy. Şunda içerki serişdeler esasy çeşmeler hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi ýurdumyzda ykdysady ýagdaýyň durnukly häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Umuman, ýedi ýyllyk meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi has uly möhletli geljek üçin durnukly hem-de ählumumy ösüşi höweslendirmek maksadynda bazar ýörelgelerine gönükdirilen özgertmeleri giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleri döreder. Şeýle çemeleşme çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasatynyň önümi – durmuş-ykdysady ösüşiň öz nusgamyzda döredilen milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak strategiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 

Maliýe-ykdysady ulgamda 2017-nji ýylyň jemlerini jemlemek bilen, ýurdumyzyň toplanan oňyn tejribä we gazananlara daýanyp, rowaçlyk we ösüş ýolunda nobatdaky möhüm ädimi ätmäge taýýardygyny ynamly aýtmak bolar. BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly maliýe düzümleri türkmen ykdysadyýetiniň oňyn ösüşini ençeme gezek bellediler. Olaryň çaklamalaryna görä, 2018-nji ýylda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ýokary derejede ösmegine garaşylýar.