Baş sahypa Bölümler Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyndan Teswirlemeler Kanunlar Mekdebara döredijilik gözden geçirilişi daşary ýurt dillerine ökdeleri kesgitledi

Aşgabatda Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanylyp mekdebara aýdym-saz festiwaly geçirildi. Çäräni Bilim ministrlige we onuň paýtagt müdirligi gurnadylar. Döredijlik çäresiniň aýratynlygy onda aýdymlaryň ählisiniň daşary ýurt-iňlis, rus, nemes, hytaý, ýapon we fransuz dillerinde ýerine ýetirilmegidir.
Festiwala Aşgabadyň orta mekdeplerinden dört ýüze golaý çaga gatnaşdy. Olar ýekelikde we hor bolup, Watana, onuň taryhyna, medeniýetine, tebigatyna, şeýle hem myhmansöýer, göwnaçyk, zähmetkeş we sahy türkmen halkyna bagyşlanan aýdymlary aýtdylar. Çagalar aýdym-sazlarydyr tanslary ussatlaça ýerine ýetirdiler, olar dürli saz gurallaryny, şol sanda milli saz guralalryny çalmaga ökdeligini görkezdiler.
Guramaçylaryň biri- 116-njy ýörüteleşdirilen orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Gurban Kasymowyň belleýşi ýaly, şeýle çäreler ösüp gelýän ýaş nesliň şahsyýet hökmüne ösmegine we olaryň döredijilik mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär, olaryň söhbetdeşlik ukybyny artdyrýar we daşary ýurt dillerini öwrenmäge islegini höweslendirýär. Festiwal dosltukly söhbetdeşlikler ýagdaýynda geçip, onda täze pikirler aýdyldy, çagalarda ýagşy täsirler galdyrdy. Topar agzalarynyň agzybirligi we bir-birine goldaly döredijiligi olaryň arasyndaky bäsdeşlikden rüstem geldi. Olar ak ýürekden birek-biregi goldaýarlar, çünki olar üçin daşary ýurt dillerini bilmegiň özi—bu, ozaly bilen, bilim almakda we pikirlenşiňi ardyrmakda täze bir mümkinçilikdir.
Zehinli çagalaryň bezemen egin-eşikli çykyşy gözden geçirilişe täze röwüş berdi. Festiwalyň netijesi boýunça 27, 40, 64, 68, 72, 116-njy mekdepleriň wekilleri ýokary baha mynasyp boldular.