Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 22 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 22 ýyllygyna bagyşlanan maslahata birnäçe daşary döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmen döwletiniň daşary syýasat ugrunyň strategiýasy, bitaraplyk ýurduň diňe halkara derejesinde ykrar edilmegi hem-de milli bähbitleriň amala aşyrylmagy bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy bähbitleriň hatyrasyna dünýä we ösüş medeniýetiniň özboluşly beýany bolup durýar. Türkmenistanyň halkara giňişliginde, ozaly bilen, BMG-niň howandarlygynda alyp barýan işleri oňyn bitaraplyk syýasatynyň netijeli häsiýetiniň subutnamasy bolup hyzmat edýär.
Häzir türkmen diplomatiýasy Milletler Bileleşigi üçin dawalaryň öňüni almak hem-de kadalaşdyrmak, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça asudalygy döretmek işinde ygtybarly, işjeň hem-de hemişelik hyzmatdaş bolup durýar. Goňşy Owganystany syýasy-ykdysady taýdan dikeltmekde, şol sanda halkara ähmiýetli birnäçe möhüm taslamalary we başlangyçlary yzygiderli amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmen döwletiniň tagallalary oňyn bitaraplyk syýasatynyň maksada gönükdirilen netijesiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Ýakynda Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty (RECCA VII) geçirildi, ol owgan meselelerini çözmäge özara ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, Owganystan Yslam Respublikasyny asuda ýagdaýda dikeltmäge we ösdürmäge hem-de sebitde we sebitara derejesinde ykdysady taýdan goşulyşmagyna ýardam etmek boýunça umumy tagallalary birleşdirmegi ugur edindi.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň geçirýän işleri hem döräp biläýjek howplaryň öňüni almak, sebitiň çäklerinde netijeli döwletara gatnaşyklarynyň mäkämligini we durnuklylygyny berkitmek üçin özara kabul ederlikli çözgütleri gözläp tapmakda Merkezi Aziýa döwletleriniň gepleşiklerine ýardam etmäge gönükdirilendir. Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy häzirki döwrüň wehimlerine jogap berýän halkara hyzmatdaşlygynyň täze döredijilikli çäklerini gözläp tapmakda işjeň ulanylýan gural bolup durýar.
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda BMG-niň Bas Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 55-nji umumy mejlisinde “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” diýen Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi onuň netijelidigine şaýatlyk edýär.
BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutanynyň çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň dünýä bileleşigine agza döwletleriň 185-si tarapyndan ykrar edilmeginiň halkara meselelerinde Türkmen döwletiniň durnuklaşdyryjy orny eýeleýändiginiň tassyknamasy bolandygy hem-de sebitde bolşy ýaly, onuň çäklerinden daşarda-da Türkmenistanyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna işjeň ýardam bermegi bilen alamatlanan daşary syýasat derejesinde täze eýýamyň başlangyjyna öwrülendigi nygtaldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etmegi Ýer ýüzünde durnuklylygy saklamakda bitaraplygyň tutýan ägirt uly ornunyň ählumumy ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany halkara terrorçylygyna, ekstremizme garşy hereket etmekde dünýä bileleşiginiň toplumlaýyn we netijeli çemeleşmeleriniň zerurdygy babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň häzir has-da möhüm bolup durýandygyny nygtap, 2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň gatnaşmagynda “BMG-niň we Merkezi Aziýanyň arasynda BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli hyzmatdaşlygy”atly duşuşygyň geçirilendigini belledi. Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi duşuşygyň möhüm netijesi boldy.
Şeýle hem 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň barşynda Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylan sportuň parahatçylyk dörediji kuwwatynyň peýdalanylyşyna aýratyn üns berildi. Aýratyn wajyp bolan bu başlangyç ynsanperwer aragatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem-de berkidilmegi arkaly hereket edýän öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň üstünlikli peýdalanylýandygynyň özboluşly ajaýyp nusgasydyr. Aziadanyň aýratyn manysy bosgunlar toparynyň gatnaşdyrylmagynda, şeýle hem türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde “Parahatçylygyň we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň biragyzdan kabul edilmeginde beýanyny tapdy. Çykyş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Bitaraplyk we parahatçylyk diýen düşünjeler bölünmezdir” diýip aýdan sözleriniň mysal getirilmegi bilen tamamlandy.
Bu ýere ýygnananlar häzirki döwürde Türkmenistanyň uly geljegi, baý medeniýeti we taryhy bolan okgunly ösýän döwletdigini nygtadylar. Türkmen halky soňky döwürde ýurduň gazanan ajaýyp ösüşlerine buýsanmaga haklydyr. Sebit we ählumumy derejelerde Aşgabadyň syýasy taýdan tutýan orny barha artýar. Türkmenistan bütin dünýä tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwlet hökmünde sebitde diňe bir durnuklaşdyryjy wezipäni ýerine ýetirmän, eýsem, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasy bolup durýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, Bitaraplygyň esasy häsiýetleri bolan sabyrlylyk, parahatçylyk söýüjilik, özgeleriň garaýyşlaryna we pikirlerine hormat goýmak bilen şertlenendir. Bularyň ählisi türkmen halkynyň özboluşly häsiýetine kybap gelýär.
Türkmen Bitaraplygynyň nusgasynyň häzirki zamanyň taryhynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Bitarap döwlet diýlip yglan edilen ilkinji ýurt bolandygy nazara alnyp, halkara diplomatiýasynyň aýratyn özboluşlylygyna öwrülendigi bellenildi. Çykyşlarda Bitarap Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasynyň ugurlary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan daşary syýasat başlangyçlarynyň köptaraply ugra eýedigi, olaryň energetika howpsuzlyk ulgamyny, ulag düzüminiň ösdürilmegini, suw, energetika serişdelerini dolandyrmagy öz içine alýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky, suw diplomatiýasy, daşky gurşawy goramak ulgamyndaky başlangyçlary aýratyn nygtaldy.
Şeýlelikde, bu maslahatda parahatçylyk döredijilik strategiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň köptaraply daşary syýasatyna berlen anyk we hemmetaraplaýyn baha Türkmen döwletiniň hem-de onuň milli Lideriniň halkara derejesinde dünýäniň täze gurluşynyň örän görnükli we hormatlanylýan syýasy orny eýelemegi hökmünde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Institutyň eýwanynda Halkara Bitaraplyk gününe we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, guralan sergi maslahatyň gün tertibiniň möhümdiginiň sazlaşykly beýanyna öwrüldi.