Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisini hem-de ýörite wekilini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) baştutany Natalýa Germany kabul etdi. Olar V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.
Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýdan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň mähirli salamyny ýetirdiler. Söhbetdeşler parahatçylygyň hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine yzygiderli ösdürilýän Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygyna ýokary baha berip, bu hyzmatdaşlygyň özara başlangyçlara hem-de olary amala aşyrmak boýunça çärelere esaslanmak bilen, halkara derejesinde üstünlikli gatnaşyk etmegiň nusgasy bolup durýandygyny bellediler.
Myhmanlar döwlet Baştutanymyzy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň tamamlanmagy bilen gutlap, geçirilen ýaryşlaryň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň taryhynda iň gowy ýaryşlar bolandygyny, olaryň geçirilmeginiň Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrjakdygyny bellediler. Bu waka Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň täze ugurda – sport boýunça giň we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň başlangyjy bolar. Şeýle derejedäki wakalar halkara hyzmatdaşlygyny giňeldip, dostlukly we işewür gatnaşyklaryny berkitmäge, sebitde we dünýäde ynanyşmagywe özara düşünişmägi ýola goýmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryna salam ýetirmegi aýdyp, Milletler Bileleşigi hem-de onuň iri düzümleri bilen işjeň özara hereket etmegiň şu ýyl Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna girmeginiň 25 ýyllygyny, şeýle hem MAÖDSM-iň işiniň 10 ýyllygyny belleýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýändigini nygtady. Bu sebit merkeziniň döredilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda ähmiýetli waka öwrüldi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty amala aşyryp, biziň ýurdumyzyň döwrüň wajyp meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşmak bilen, giň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga hemişe ygrarly boljakdygyny aýtdy.
Türkmen Lideri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle derejedäki ýaryşlaryň ilkinjisi bolandygyny nygtady. Aziýa ýurtlarynyň türgenleri bilen bir hatarda, bu ýaryşlara Okeaniýa döwletleriniň türgenleriniň hem-de bosgunlaryň ýygyndysynyň ilkinji gezek gatnaşmagy oýunlaryň tapawutly aýratynlygydyr. Häzir sport adamlaryň gatnaşygynyň, döwletleriň we halklaryň, dürli konfessiýalaryň we ynam-ygtykady bolan adamlaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we ýakynlygyň möhüm guralyna öwrülýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençe Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlyk etmäge uly üns berýän ýurdy bolan Türkmenistana ýene-de gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Geçen ýyllarda Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Baş Assambleýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bütindünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. BMG-niň çäklerinde Milletler Bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde abraýy ýyl-ýyldan artýan Türkmenistanyň başlangyçlary uly seslenmä eýe boldy.
Jenap Miroslaw Ýençe pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretarynyň täze bellenen Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) baştutany Natalýa German bilen tanyşdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany şeýle jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de Ýer ýüzüniň strategiki sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda soňky döwürde täze hile we mazmuna eýe bolan giň gerimli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu babatda, türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan öňe sürülen halkara başlangyçlaryň, şol sanda ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, ählumumy ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly düzgünleşdirmek we bu ýurdy ykdysady taýdan dikeltmek, serhetüsti suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselelerini çözmek hem-de daşky gurşaw babatdaky başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi.
Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhmanlar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň öňünde duran wezipelere ünsi jemlediler. Nygtalyşy ýaly, diňe gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk döwrüň ählumumy howplaryna hem-de wehimlerine garşy hereket etmekde esasy gural bolup biler. Şunda gönüden-göni Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitlerinde BMG-niň dürli düzümleriniň işlerini has-da iňjeňleşdirmek üçin Türkmenistanda bar bolan düzümleýin mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagynyň wajypdygy bellenildi. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin häsiýetlere eýedir, yzygiderli esasda, ahyrky netijäni gazanmak ugurnda meňzeş ýörelgelerde we garaýyşlarda alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, hanym Natalýa German dawaly ýagdaýlary öňünden duýdurmaga, döwrüň wehimlerine we çagyryşlaryna bilelikde garşy durmakda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny jemlemäge gönükdirilen BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de öz tarapyndan netijeli gatnaşyklary üstünlikli dowam etmäge hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini ynandyrdy.
Duşuşygyň çäklerinde, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hoşlaşanlarynda döwlet Baştutanymyz we myhmanlar strategiki häsiýete eýe bolan Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.