Aşgabat 2017 oýunlarynyň Açylyş dabarasynyň müdirleri bilen üç söhbetdeşlik

Aşgabat 2017 ady bilen dünýä dolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Açylyş dabarasynyň geçirilmegine sanlyja gün galdy. Munuň bilen baglylykda, biz dabarany geçirmekde ýardam berýän “Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň esasy üç işgäri bilen söhbetdeşlik geçirdik. Olar bize ýatdan çykmajak waka boljak Açylyş dabarasy barada gürrüň berdiler. Olaryň içinde saz müdiri Piýer Muşe, taslamanyň bezegçisi Çarlz Derbi hem-de önümçilik müdiri Patrik Ledwors bilen geçiren söhbetdeşligimizden käbir bölekleri ýetirýäris.
PIÝER MUŞE – saz müdiri
Muşe we onuň “Musicom” atly kompaniýasy Aşgabat 2017 oýunlarynyň Açylyş dabarasy boýunça ýaňlanjak sazlara jogap berýär. Şol sanda, Muşe we onuň işgärleri partitura (orkestr, hor üçin ýazylan saz eseriniň bitewi toplumy) ýazýarlar, soňra ony ýerine ýetirýärler, orkestrdäki saz gurallarynyň utgaşdyrylmagyna gözegçilik edýärler hem-de milli türkmen sazandalary bilen ýakyndan işleşýärler.
Taýýarlyk barada:
“Men baş müdiriň dabara üçin ýörelgesine hem-de ediljek çykyşlara laýyklykda sazlary utgaşdyrmaly bolýaryn. Olimpiýa stadionynyň “sahnasynda” horeografiýa, rekwizitler (ýasama bezegler), ýokardan “uçup gelýän” adamlar we birnäçe täsin pursatlar bolar. Saz bolsa, sahnada bolup geçýänleriň ählisine bezeg bermeli. Emma mundan öňinçä, men saz ilkinjilik bilen adamlarda güýçli duýgulary döredip bilýän, ýagny diňleýjileri ruhlandyrmaly diýip pikir edýärin”.
Işiň gidişi barada:
“Şu taslama 200-den gowrak sazandalar gatnaşýar. Biz dünýäde iň ökde dirižýorlaryň biri bolan Nikolas Dod bilen Budapeştde köp orkestr sazlaryny çaldyk. Nikolas Amerikada hem-de Angliýada düşürilýän köp filmler üçin döredilen sazlara dirižýorlyk edýär. Biz hem öz gezegimizde, türkmen sazandalaryny hem-de hor bolup aýdylýan aýdymlary ýazga geçirmek üçin ýörite toparymyzy Londondan Türkmenistana getirdik. Saz eserlerini taýýar etmekde biz uzak we gyzykly ýoly geçdik: köp syýahat etdik, gerekli saz gurallaryny gözledik, zerur bolan hünärmenleri tapdyk, soňra ählisini jemläp, deňi-taýy bolmadyk bitewi bir eser döretdik...”
Döredijilik barada:
“Bu dabara üçin ýazylan sazda garaşylmadyk öwrümler köp gabat gelýär. Ol saz halk sazlarynyň, elektronika sesleriniň hem-de simfoniýa orkestrleriniň sesleriniň garyşygyndan ybarat. Mundan başga-da, meniň “tötänlikler” diýip atlandyrýan böleklerim hem bar. Men olary örän täsirli hasap edýärin. Şonuň üçin-de bu bölekleriň özi hem biz üçin özboluşly bir “açyş” bolup durýar. Şolaryň biri-de, “Gujur” adyny beren saz bölegimiz. Ony biz elektronika temp urgulary hem-de ýerli orkestriň we horuň çykyşy bilen döretdik. Elektronika hem-de horuň sesiniň birleşdirilip döredilen saz bölekleri iň ajaýyplarynyň biri diýip hasap edýärin”.
Türkmen halky bilen işleşmek barada:
“Saz döretmek we taýýarlamak üçin geçen ýolum ýatdan çykmajaklaryň biri boldy. Esasy zat hem zähmetimiň ýerine düşendigine bolan buýsanjym. Adamçylyk nukdaýnazaryndan bolsa, biz türkmen halky bilen birlikde işleşdik, olar bilen tanşyp dostlaşmak Türkmenistandaky eden işlerimiň özeni bolup durýar. Dünýäniň haýsy künjegine işlemäge gidýändigimize garamazdan, biz baran ýerimizde adamlar bilen dostlukly aragatnaşyklary ýola goýmak isleýäris. Çünki, bu saz sungaty boýunça milletara tejribe bilen paýlaşmaga hem-de sazda täze “açyşlary” etmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin-de, şeýle mümkinçiliklerimiň bardygy üçin men özümi örän bagtly adam hasap edýärin”.
ÇARLZ DERBI – Taslamanyň bezegçisi
Çarlz Derbi we onuň “Clonwork” atly kompaniýasy döwrebap elektron proýeksiýa tehnologiýalary boýunça dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Çarlz we onuň kompaniýasy Aşgabat 2017 oýunlarynyň Açylyş we Ýapylyş dabaralary üçin baý tejribesinden peýdalanýar.
Aşgabat 2017 oýunlarynyň proýeksiýa işleriniň gerimi barada:
“Açylyş hem-de Ýapylyş dabaralarynyň ikisinde hem ýatdan çykmajak pursatlar köp bolar. Men ozal birine şeýle diýdim: “Eger-de şu iki dabaranyň iň gowy pursatlaryndan alnan wideo şekilleri “kesip”, soňra olary sepläp, bir wideo şekil döretseň, onda ol wideo şekil on ýylyň dowamynda geçirilen çärelerden alnan ýaly bolup görner”. Görkeziljek çykyşlaryň dürli tapgyrlarynyň hemmesi hem biri-birinden tapawutly. Olaryň belli bir estetika baglanyşyklary bar, emma olar köp däl. Haçan-da, dabaranyň iň şowhunly pursatlaryny aýratynlykda wideo şekile düşürsek, onda dabaranyň geçirilişine şaýat bolmadyk adam olary göreninde, wideo şekilleriň şol bir dabaradan alnandygyna ynanmasa gerek”.
Dabaranyň şahsy durmuşyna ýetiren täsiri barada:
“Bu işe baş goşup, oňa ýüregiň bilen ýapyşmazlyk, soňra bolsa ony has-da üýtgeşik we gowy ýerine ýetirmäge çalyşmazlyk mümkin dälmikä öýdýärin. Ýeke-täk islegim bu-da dabara tamamlananyndan soňra tomaşaçylaryň haýran galyp, tolgundyryjy duýgulary başdan geçirmegidir. Men dolandyryş işlerimde, esasan, şu ýörelgeden ugur alýaryn: eger-de pursat juda bir ýatdagalyjy bolmasa-da, barybir onuň bir üýtgeşikligi bar hem-de ol saz bilen gowy utgaşyp, meni taýýarlyk döwründe ýylgyrtmagy başartsa, onda ol pursadyň üstünlikli amala aşyrylandygyny bilýärin. Eger-de men ellerimi tirsegime ýetirip, gaşymy çytyp syn etsem, onda men pursadyň manysyna düşünmedigimi aňladýar. Islemesem hem, emma çala ýylgyran ýagdaýymda bolsa, men pursadyň ýerine düşendigini aňýaryn”.
PATRIK LEDWORS – Önümçilik müdiri
“Iron Maiden” rok toparynyň önümçilik müdiri hökmünde sazandalar bilen bilelikde dünýä syýahat etmeýän döwründe, Patrik Ledwors “Balich Worldwide Shows” ýaly ägirt uly dabaralary geçirýän kompaniýanyň guramaçy güýji hem-de ýardamçysy hökmünde işleýär.
“Balich Worldwide Shows” kompaniýasyndan garaşylýan dabara barada:
“Ilkinji günden başlap, biziň bar ünsümiz Açylyş we Ýapylyş dabaralaryny üstünlikli geçirmekden ybaratdy. Dabaralaryň ýakynlaşmagy bilen biz dürli duýgulary başdan geçirýäris. Türkmen halkynyň şatlygy bolsa, biziň azabymyzyň ýerine düşendiginiň alamatydyr. Haçan-da, tomaşaçylaryň dabaralara haýran bolup seredýändigini görenimizde, biz üçin örän bagtly pursat bolar.
Biz adamlaryň haýran galjak dabaralaryny geçirmekçi. Käte tolgundyryjy duýgulary hem başdan geçirýäris, çünki hemmeler biziň gurnap biljek dabalaralarymyzyň geriminden habarly. Emma biziň özümize bolan ynamymyz bar, tejribämiz bar, öňümizden çykyp biljek kynçylyklardan habarly hem-de biz bilelikde nähili ajaýyp işi amala aşyryp biljekdigimize gowy düşünýäris”.
Açylyş we Ýapylyş dabaralaryny geçirmekde başdan geçirýän tolgundyryjy duýgulary barada:
“Taýýarlyk işleriniň soňuna gelende wagtyň ýetmeýän ýaly duýulýar. Aşgabat 2017 oýunlarynyň Açylyş we Ýapylyş dabaralary ýaly dabaralar bolsa, öň hiç ýerde geçirilmedi. Ozalky tejribämizden bizde tehniki enjamlaryň köpüsi bar, emma biz olaryň asyl ulanyş usulyny saklamak bilen şol bir wagtda, düýbünden başgaça, täze usullary döretmek arkaly ulanýarys. Munuň bolsa eýýäm özüniň hem ýeterlik kynçylyklary bar. Kagyz ýüzünde dabaranyň taslamasyny birkemsiz hem-de howpsuz etmäge çalyşsak-da, käwagtlar dabaranyň tä başlanýan minudyna çenli ençeme kynçylyklar ýüze çykýar we biz olary netijeli hem-de köp wagt ýitirmän ýeňip geçmägä çalyşýarys. Çünki, her dabarany kagyz ýüzünden durmuşa geçirmeli, her dabaranyň aýratynlygy we uzak ýyllar dowam etjek “ömri” bolmaly”.