Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy: Ýüpek ýolunyň häzirki zaman nusgasy

Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň dolandyryş merkezinde iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan çäreleriň jemleýji gününiň maksatnamasyna laýyklykda “Türkmenistan — Hytaý: Täze Ýüpek ýolunda hyzmatdaşlyk” atly forum geçirildi.
Duşuşyga welaýatyň hökümetiniň we şäher meriýasynyň wekilleri, Uhan şäheriniň Hytaý geologiýa uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar düzümi, Hytaýyň birnäçe sebitleriniň barlag institutlarynyň esasy ylmy işgärleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly we beýleki ýurtlardan talyplar bar. Mundan başga-da, türkmen tarapyndan duşuşyga Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýaş alymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmen we hytaý halklarynyň taryhy we dostluk gatnaşyklary köklerini asyrlaryň jümmüşinden, biziň eýýamymyzdan öňki II asyryň ortalaryndan alyp gaýdýar, şol döwürde Orta Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda Beýik Ýüpek ýoly boýunça ilkinji gatnaşyklar ýola goýuldy, bu ýol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasy, ykdysady gurluşynyň kemala gelmegine, olaryň medeni gatnaşyklaryna ägirt uly täsir etdi. Onuň ähli ugurlary boýunça iri we kiçeňräk söwda merkezleri peýda boldy, olaryň hatarynda Köneürgenç, Nusaý, Dehistan we beýlekiler ýaly gadymy türkmen şäherleri bar. Ýüpek matalar, süýji tagamlar we dürli gymmat bahaly daşlar, kümüşden ýasalan önümler we beýleki köp dürli harytlar ýüklenip, Hytaýdan gelýän kerwenler türkmen sebitleriniň üstünden geçip, Amyderýadan we Murgapdan aşyp, ýollaryny dowam edipdirler.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Ýüpek ýolunyň ugrunda ykdysady geçelgäni döretmekde işjeň hyzmatdaşlyk edip, tagallalaryny birleşdirýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň strategiýalarynyň esasy maksatlaryna laýyk gelýär. Gadymy Ýüpek ýoly täze röwüşde, häzirki zaman halkara awtomobil, demir ýol we gaz geçirijileri görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary bilen takmynan gabat gelýän bu ýollar yklymda daşary ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, üstaşyr gatnawlaryň, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň üpjün edilmegine ýardam berer.
Duşuşyga gatnaşyjylar geçen 25 ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ýokary derejä ýetilendigini bellediler. Türkmenistan bilen Hytaý garaşsyz we parahatçylykly daşary syýasaty alyp barýarlar, dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda hytaý Lideriniň Aşgabada bolan ilkinji sapary, şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanynyň 2014-nji ýylyň maýynda HHR-e amala aşyran sapary döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar toplumy hyzmatdaşlygyň iň gowy meýillerini we onuň täze ugurlaryny kesgitledi.
Uhan şäherindäki Hytaý geologiýa uniwersitetiniň partiýa komitetiniň sekretary jenap He Guan Saý, Uhan şäheriniň halk hökümetiniň Aziýa işleri boýunça daşary işler edarasynyň departamentiniň başlygy hanym Szin Wançan we beýlekiler häzirki wagtda iki döwletiň hem ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça özara düşünişmegiň oňat mysalyny görkezýändigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýän oňyn başlangyçlary öňe sürýär, şeýle hem olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin zerur çäreleri geçirýär, muňa häzirki forum hem aýdyň şaýatlyk edýär.
2009-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berlen Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi gadymy Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek meseleleri babatynda bitewi çemeleşmäniň aýdyň mysalydyr. Asyryň iri taslamasynyň durmuşa geçirilmegi döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin berk binýady goýmaga mümkinçilik berdi.
Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda şeýle hem haryt dolanyşygynyň ýokary derejesi bellenildi, ol soňky ýyllarda ABŞ-nyň 10 milliard dollaryndan hem geçdi. Deňeşdirmek üçin 1992-nji ýylda bu görkeziji bary-ýogy ABŞ-nyň 4,5 million dollaryna deň bolupdy. 2014-nji we 2015-nji ýyllarda Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Türkmenistanyň ilçihanasynyň ýanynda Söwda wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Hytaýda wekilhanasynyň açylmagy bu ulgamda hyzmatdaşlygyň okgunly ösmegine ýardam berdi. HHR-den getirilýän harytlaryň sanawynda tehnologiýa enjamlary, gara metaldan öndürilen önümler, elektrik enjamlary we abzallary, ulag serişdeleri, demir ýol lokomotiwleri, enjamlaryň dürli görnüşleri, alýuminiý, plastmassa önümleri we beýlekiler bar.
Hytaýly hyzmatdaşlar Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda, dokma senagatynda, telearagatnaşyk, himiýa, gurluşyk we ulag ulgamlarynda amala aşyrylýan iri taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Türkmen bazarynda iri hytaý kompaniýalarynyň 40-dan gowragy işleýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň we Hytaýyň ynsanperwerlik ulgamynda uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler, ol ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynyň okgunly ösdürilmegine esaslanýar we ilkinji nobatda, iki döwletiň häzirki zaman şertlerinde ynamly hem-de durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Çykyş edenler hyzmatdaşlygyň gerimini ösdürmek we giňeltmek barada aýtmak bilen, ynsanperwerlik ulgamynda, ilkinji nobatda, ylym we bilim ugrunda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm şert bolup durýandygyny nygtadylar. Häzirki wagtda HHR-de türkmen talyplarynyň 2 müňe golaýy bilim alýar.
Ýygnananlar ylmy gazanylanlary özara alyşmagyň ýola goýulmagynyň möhümdigini hem-de bu örän möhüm ulgamda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, düýpli we amaly barlaglar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky pikiri beýan etdiler. Forumyň çäklerinde şeýle hem tanyşdyryş çäreleri geçirildi, ol türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça orta atylan ähli teklipler bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Duşuşygyň barşynda “tegelek stoluň” başynda Hytaý geologiýa uniwersitetiniň ýanynda Çu-Týanýa adyndaky Türkmenistany öwrenmek boýunça merkeziň resmi açylyşy boldy. Biziň ýurdumyzyň taryhy boýunça belli hünärmenleriň biri Wang Sihaýyň ýolbaşçylyk edýän bu merkezine Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem Türkmenistan hakyndaky neşirler sowgat berildi.
Şu gün biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň Uhan şäheriniň meriýasynyň hem-de Hytaý geologiýa uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi, olaryň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hytaý tarapynyň wekilleri sebitler derejesinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler, munuň özi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam berer.