img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Noý

Şanhaýda Türkmen-hytaý işewürlik forumy öz işine başlady

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýyň dokuzynjy «China International Import Expo–2026» halkara import harytlary sergisine gatnaşmagy mynasybetli Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň açylyşy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» kompaniýasy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly...

DOWAMY
pic
4 Noý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsirleri ga...

DOWAMY
pic
2 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Daşary işler ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Eýranda goňşy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Döw...

DOWAMY
pic
2 Noý

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde ösdürilmeginiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda işjeň dialogy...

DOWAMY
pic
2 Noý

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentine hormatly derejäniň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Hajettepe uniwersiteti tarapyndan «Halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor» derejesiniň berilmegi, şeýle hem Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) tarapyndan «Strategik dostluk» nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn...

DOWAMY
pic
31 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy. Ir bilen Türkmenistanyň Baştutany Türkiýäniň Prezidentiniň Köşkler toplumyna bardy. Bu ýerde türk lideri Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady we bilelikde ýadygärlik surata düşdiler.  Sammite gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII sa...

DOWAMY
pic
31 Okt

Ankarada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň ş...

DOWAMY