SOŇKY HABARLAR
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 28-nji fewralyndan 1-nji mart aralygynda Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň global saglygy goraýyş ulgamy boýunça Baş direktory hanym Kim Hýe-sonuň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda lukmançylyk ulgamyndaky ikitara...
FRANSIÝADA TEGELEK STOL WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA DEGIŞLI TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Parižde Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna bagyşlanan tegelek stol, şeýle hem birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tegelek stol we tanyşdyryş dabarasy Türkmenistanyň Ilçihanasy we Türkmenistan-Fransiýa Söwda edarasy bilen bilelikde gurnaldy. Tegelek stola we tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary, Ýewropanyň işleri we daşary işler ministrliginiň, Fransiýa...
DÖWLET BAŞTUTANYŇ “ALTYN ASYR” KÖLÜNE IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Altyn asyr” kölünde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bu sebitde bellenilen maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilen işler bilen tanyşyp, diplomatik wekilh...
HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YGTYÝARLANDYRYLAN WEKILLERI ÝÜZÜŞIŇ HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň iki günlük mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Russiýanyň wekilleri gatnaşýar. Gepleşikleriň başynda, myhmanlar türkmen tarapyna duşuşygyň guramaçylygy we myhmansöýe...
AŞGABATDA ESKATO WE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY TARAPYNDAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we sosial komissiýasy (ESKATO) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Meýletin milli hasabatyna (MMH) goldaw hökmünde geçirilen «Sistemleýin pikirlenmek we Durnukly ösüş maksatnamasyny (DÖM) milli meýilnamasyna integrasiýasy» atly üç günlük okuw seminary öz işini tamamlady. Seminaryň işine Türkmenistanda işleýän Halkara gur...
Türkmenistan — Germaniýa: ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda žurnalistler üçin «Öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça» atly okuw maslahaty işläp başlady. Ol ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde guraldy. Çäre howanyň üýtgemegini nazara almak bilen, ýerden netijeli peýdalanmak boýunça GIZ-niň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde geçi...
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly gepleşigi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew häzirki döwürde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dostlugyň, doganlygyň we...