Türkmenistanyň Ilçihanasynyň topary Pekinde futbol boýunça diplomatlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň ýeňijisi boldy

Pekiniň Sprot institutynyň sport toplumynda futbol boýunça diplomatlaryň arasynda 23-nji ýaryş geçirildi. HHR-yň bedenterbiýe we sport işleri baradaky Baş döwlet müdirliginiň gurnan ýaryşyna jemi 18 topar -- Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle hem ýurdumyzyň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Hindistanyň, GAR-yň, Russiýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Polşanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Çehiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň, BMG-nyň we ŞHG-nyň toparlary gatnaşdylar.

Olar 4 topara bölündi. Birinji tapgyrda ýurdumyzyň topary italiýaly, ABŞ-ly we GAR-ly kärdeşlerini utdy. Çärýek finalda ildeşlerimiz Ukrainanyň, ýarym finalda -- HHR-yň DIM-niň toparlaryndan üstün çykdy.

Hatarynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri we Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bolan toparymyz aýgytlaýjy oýunda Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Çekeleşikli, gyzykly geçen oýun 4:1 hasabynda ildeşlerimiziň ýeňşi bilen tamamlandy.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň topary futbol boýunça Kubogy 6 gezek eýeledi. Toparymyz Pekinde 2012, 2013, 2015, 2017 we 2018-nji ýyllarda geçirilen ýaryşlarda ýeňiş gazandy. Türkmen talyby Merdan Berdiýew “Iň köp pökgi geçiren oýunçy” adyna we “Altyn butsa” baýragyna mynasyp boldy.