Türkmenistan geljekki ýyllar üçin BMG-niň esasy düzümleriniň agzalygyna saýlanyldy

11-nji maýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň üçüsine — 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: strategik hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri» atly maslahat geçirildi.

Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatiýasynyň üstünlige beslenýändigini nobatdaky gezek görkezip, däp bolan gatnaşyklar üçin täze gözýetimleri açdy hem-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy howpsuzlygy, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi, demokratik edaralary ösdürmegi, gender syýasatyny, daşky gurşawy we ilatyň saglygyny goramagy hem-de beýlekileri nazara almak bilen, ähli möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmasyny we taýýardygyny tassyklady.

Maslahata Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, daşary ýurt ilçihanalarynyň baştutanlary, halkara guramalaryň hem-de BMG-niň edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda bellenilişi ýaly, döwletimiziň BMG-niň düzümleriniň üçüsine saýlanmagy döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde ýurdumyzyň barha artýan ornunyň ykrar edilmegidir. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana, milli Liderimiziň Merkezi Aziýa sebitinde we yklymda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gazanmaga gönükdirilen, alyp barýan daşary syýasat ýörelgesine dünýä jemgyýetçiliginiň aýratyn gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine bütinleý we doly kybap gelýän bu maksatlaýyn strategiýa köp babatda Türkmenistan bilen BMG-niň özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini öňünden kesgitledi. Aýdyň durmuş ugurlaryna eýe bolan içeri syýasaty amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler hem ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam etdi.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça uzak möhletleýin maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, neşekeşlige garşy göreşmek hem-de ýaramaz endikleriň öňüni almak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara gün tertibi babatda hem soňky ýyllarda Türkmenistanyň BMG bilen köptaraply gatnaşyklarynyň işjeňleşendigini bellediler.

Türkmenistan bu guramanyň başlangyçlar bilen çykyş edýän agzalarynyň biri hökmünde XXI asyrda parahatçylygy dawasyz ösdürmek üçin pugta binýady döretmek, halklaryň hem-de döwletleriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we özara düşünişmegi pugtalandyrmak maksady bilen, onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmagyň yzygiderli tarapdary bolup durýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Bu merkez sebitiň döwletleriniň gatnaşyklaryny ösdürmäge, bu ýerde bar bolan meseleleri özara kabul ederlikli çözmek üçin olaryň tagallalaryny birleşdirmäge örän uly goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden çykyşynda: «Biz özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylykly, syýasy gepleşikler ýörelgelerinde halkara tertibiň binýatlaryny gorap saklamakda esasy we aýgytlaýjy orny Birleşen Milletler Guramasy eýelemelidir diýip hasap edýäris» diýip aýtdy. Şol bir wagtda milli Liderimiz sebitleýin meseleleri esasy ýörelgeleriň üçüsi boýunça çözmegiň netijeli ýollaryny kesgitledi. Birinjiden, halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalary berjaý edilmeli. Ikinjiden, gatnaşyjy ýurtlaryň bähbitleri nazarda tutulmaly. Üçünjiden bolsa halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG işjeň gatnaşmaly. Şu ýörelgeler hem Türkmenistanyň ýokarda agzalan düzümleriň üçüsine gatnaşmagyny häsiýetlendirýär.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, milli, sebit we dünýä derejesinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek biziň döwletimiziň halkara işiniň möhüm ugry bolup durýar, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Azyk forumyny geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Ýurdumyzyň azyk ulgamyny ösdürmekdäki uly üstünlikleri barada hem aýtman bolmaz. Obasenagat toplumyny, gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň mümkinçiligini çekmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan strategiýasynyň netijesinde şeýle üstünlikler mümkin boldy.

Munuň özi ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň çig mal binýatly bolmagyndan senagat derejesine geçmegine ýardam etdi, köp sanly iş orunlaryny döretmäge, içerki bazary doldurmaga hem-de ony dünýä bazarlaryndaky bahalaryň üýtgäp durmagyndan goramaga mümkinçilik berdi. Halkara maliýe institutlarynyň bilermenleri Türkmenistana dünýä ykdysadyýetindäki üýtgeşmeleriň täsirini ýetirmändigi barada netijä geldiler, şunda soňky ýyllarda ýurdumyzyň her ýylky jemi içerki önüminiň ösüşi 6 göterimden gowraga barabar boldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi BMG-niň degişli toparlarynyň işinde zerur bolup biler.

Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň işine gatnaşmagynyň ýene-de bir möhüm aýratynlygy onuň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagyndan ybaratdyr. Ýurdumyz Geňeşiň birnäçe toparlarynyň: Durmuş taýdan ösüş toparynyň, Zenanlaryň ýagdaýy boýunça toparyň, Ösüş maksatlary bilen ylym we tehnika boýunça toparyň hem-de BMG-niň tokaýlar boýunça forumy baradaky toparyň agzasy bolup durýar. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ösüş maksatlarynyň özara baglanyşykly häsiýetini göz öňünde tutup, gün tertibini işläp taýýarlamagyň ählumumy işine mümkin bolan ähli derejede gatnaşýar.

Häzir alymlar we bilermenler neşe serişdeleriniň söwdasyny umumadamzat ösüşi üçin iň uly howplaryň biri hökmünde kesgitleýärler. Türkmenistan bu howpuň örän çynlakaýdygyna düşünip, ilatyň saglygyny goramak babatda öz maksatnamasyny durmuşa geçirmekde Neşe serişdeleri boýunça topar bilen hyzmatdaşlygyny hemişe berkidýär.

Neşe serişdelerine gözegçilik etmäge degişli üç esasy halkara Konwensiýa gatnaşmak bilen, Türkmenistan bu ulgamda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýar.

Ilat we ösüş babatda hem biziň uly üstünliklerimiz bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasaty raýatlaryň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Milli býujetiň 70 göterimden gowragy durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýle güýçli goldawyň netijesinde, Türkmenistanda adam durmuşynyň ösüşiniň görkezijileri ýokary derejede saklanýar.

Ýurdumyz birnäçe keselleriň ýok edilendigi, sanjym geçirmegiň ýokary derejesi hem-de eneleriň we çagalaryň saglygy baradaky yzygiderli alada üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, ÝUNISEF-niň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bilim ulgamynda Türkmenistan ýaşlarymyzyň durnukly geljege has taýýar bolmagyny gazanmak üçin halkara ölçegleri we iň oňat tejribäni ornaşdyrýar. Häzir biziň talyplarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklerde, ders bäsleşiklerinde we beýleki çärelerde Türkmenistana üstünlikli wekilçilik edýärler.

Maslahatda edilen çykyşlaryň netijelerini jemläp, BMG-niň esasy düzümlerine ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagynyň bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga Türkmenistanyň ygrarlydygyny görkezýändigini aýdyp bolar. Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üznüksiz işdir. Durnukly ösüş tutuş adamzat üçin şol bir wagtda belläp bolýan maksat hem-de parahatçylygyň we gülläp ösüşiň baş ugry bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Komissiýalara hem-de Ýerine ýetiriji geňeşe saýlanmagy bellenen tertibe laýyklykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge kömek eder hem-de hyzmatdaşlyk ruhuny berkider.

Maslahat tamamlanandan soň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary üçin metbugat maslahaty geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, talyplar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça guralan metbugat maslahaty örän gyzykly we işjeň çekişmeler üçin netijeli çärä öwrüldi, onda çykyş eden BMG-niň edaralarynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň wekilleri BMG-niň düzümleriniň üçüsine ýurdumyzyň saýlanmagyna ýokary baha berdiler.

Hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň birnäçe ýyllaryň dowamynda alyp barýan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen ençeme gezek ykrar edilen we tassyklanan oňyn Bitaraplyk syýasaty Türkmenistanyň halkara derejede birnäçe örän oňyn başlangyçlary öňe sürmegi üçin çäksiz mümkinçilikleri açýar.

Ol Türkmenistanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýörite edaralarynyň üçüsine saýlanmagynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde beýan eden birnäçe başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmagyň örän möhüm, öz wagtyndaky tapgyr bolup durýandygyny nygtady.

Hanym N.German Türkmenistanyň bu mümkinçilikleri diňe bir öz raýatlarynyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň ilatynyň durmuşynyň ýokarlanmagy üçin hem peýdalanjakdygyna ynam bildirdi. Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy žurnalistleriň sowallaryna jogap berip, Türkmenistanyň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagynyň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howpsuzlyk baradaky wezipelere uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn nygtady.

Bu düzümde eýýäm 36 ýurt bar, Türkmenistan şolar bilen bir hatarda, EKOSOS-nyň bu edarasyna 2020 — 2022-nji ýyllarda gatnaşar. Şonuň çäklerinde örän uly möçberli işler alnyp barlar, çünki geňeş her ýylda dünýäniň 83 ýurdundan 91 milliondan gowrak adama kömek berýän Bütindünýä azyk maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda ýokary derejedäki Azyk forumyny guramak baradaky pikir Türkmenistanyň milli derejede öňe sürýän wezipelerini ileri tutulýan derejä ýetirmegiň yzygiderli dowamy bolup durýar. Ýerine ýetiriji komitete agza bolmagynyň netijesinde Türkmenistanyň BMG-ä gatnaşyjy beýleki agzalaryň syýasy erkini hem-de BMG-niň Bütindünýä banky, halkara maliýe edaralary we beýlekiler ýaly hyzmatdaşlaryny şu maksatlardyr wezipelere çekmek üçin guramanyň zerur düzümlerini gönükdirmäge goşmaça mümkinçilikleri peýda bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýleki möhüm başlangyçlary, şol sanda ýaşlar üçin ösüş maksatnamasy boýunça, hususan-da, ýakyn wagtda ýaşlaryň işi babatda ýokary derejeli forumy guramak boýunça möhüm başlangyjy hem ýatlanyp geçildi.

Şeýle hem energetika, ekologiýa, ykdysadyýet ulgamlarynda, Aral ýakasyndaky ýagdaýlar boýunça teklipler barada gürrüň edildi. Aralýaka maksatnamasynyň BMG bilen hyzmatdaşlyk etmegiň aýratyn düzüm bölegine goşulmagy Durnukly ösüş maksatnamalarynyň ençeme beýleki ugurlaryny çeker, şoňa görä-de BMG bu teklibe strategik hökmünde garaýar diýip, hanym N.German belledi.

Metbugat maslahatynyň dowamynda Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyny goldamak üçin BMG-niň üç düzümine Türkmenistanyň saýlanmagynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, TOPH gaz geçirijisi, Owganystana Hazar deňziniň üsti bilen Gara deňze çykmaga mümkinçilik berýän «Lazurit» geçelgesi, elektrik geçirijileriň gurluşygy hem-de ynsanperwer taslamalar ýaly ýakynlaşdyryjy sebitleýin taslamalara bu ýere ýygnananlaryň ünsi çekildi.

Türkmenistan mümkinçilikleri has netijeli ulanyp, ýurduň özi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary we goňşy sebitler üçin neneňsi peýdalanylmalydygyna oňat düşünýär diýip halkara bilermenler bellediler.

Metbugat maslahatynda Merkezi Aziýa üçin suw meselesi bilen baglanyşykly möhüm ugurlara hem garaldy. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygy ýaly, Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan ägirt uly taslamalaryň ähmiýeti bellenildi. Bu kölüň ýanynda ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze obanyň düýbi tutuldy.

Çöli gülläp ösýän ýere öwürmek üçin bu täsin taslama hem suw hojalyk meselelerinde öňdengörüjilikli meýilleşdirmegiň, strategik pikirlenmegiň, şeýle hem howanyň üýtgemegine oňyn täsir etmegiň nusgasy bolup durýar. Sebäbi şol ýerlerde ýaşaýan adamlaryň işi bu kölüň çäklerinden has alys ýerlerdäki sebitleriň ösüşine täsir eder. Munuň özi şeýle hem Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň nusgasydyr. Bu diplomatiýany ýurdumyz ulag we energetika diplomatiýasy bilen bir hatarda depginli öňe ilerledýär.

BMG-niň wekilleriniň ynandyryşy ýaly, Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň ähli başlangyçlaryna uly üns we gyzyklanma bilen garaýar hem-de şol başlangyçlaryň tiz amala aşmagy üçin bar bolan hemme serişdeleri gönükdirer.

Türkmen tarapyndan brifinge gatnaşanlar hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bütin adamzadyň parahatçylygynyň, döredijiliginiň we durnukly ösüşiniň bähbidine öz mümkinçiligini gönükdirmäge taýýardygyny tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil maksatlaryň başyny başlaýjy bolup çykyş edip, öz işlerinde häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleriň başyny başlaýar we öňe ilerledýär.

Ýurdumyzyň BMG-niň üç düzümine saýlanmagy bilen hem şu görnüşde strategik hyzmatdaşlygyň täze tapgyry başlanýar. Bu bolsa bilelikdäki birnäçe taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamaga hem-de soňra durmuşa geçirmäge kuwwatly itergi bolup hyzmat eder. Şol maksatnamalar we taslamalar tutuş ýer ýüzünde ýaşaýyş-durmuşy gowulandyrmaga gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda möhüm ädime öwrüler.