SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda özar...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony mähirli...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
Şu gün — Hatyra güni Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem Watan goragynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanyldy. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýö...
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy Aşgabatda dowam edýär
2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekillerini hem-de bilermenlerini gatnaşýarlar. Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň işi «Maýa goýum işjeňligi — ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy ş...
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda çykyş etdi
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ýokary derejeli hepdeliginiň çäginde geçirilen 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda çykyş etdi. W.Hajiýew öz çykyşynyň başynda Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan dünýä ýurtlarynyň halklaryna mähirli salamyny, şeýle-de parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hemişelik wekil BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sess...
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. Döwlet Baştutanymyz assosiasiýanyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň baş baýramynyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet...
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şä...