img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

photo

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistanda Sadyr Žaparowyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüne ýokary baha berilýändigini belledi.

Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli halkara çäreleriň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de döwlet Baştutanymyzy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Prezident Sadyr Žaparow sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň uly goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Biziň ýurtlarymyz netijeli syýasy dialogy alyp barmak bilen, halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG-de we GDA-da, şeýle hem beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler — diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şu ýylyň iýul aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherine amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow gyrgyz topragynda mähirli kabul edilendigi üçin Sadyr Žaparowa ýene bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de bu duşuşygyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berendigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy özara söwdanyň hem-de maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir. Energetika, ulag, nebitgaz senagaty, şeýle hem oba hojalygy häzirki döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge goşant goşýan geljegi uly ugurlar bolup durýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge we bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge mundan beýläk-de goldaw bermegiň wajypdygyny belläp, özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde medeni-ynsanperwer ulgamyň hem aýratyn orun eýeleýändigini, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň türkmen we gyrgyz halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler.