SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 26-27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň halkara «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşmak maksady bilen Horwatiýa Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy. Foruma 30-dan gowrak döwletiň hökümetleriniň we daşary syýasat edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri, halkara guramalarynyň, seljeriş merkezleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň hem-de işewür toparlaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, azerbaýjan Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň...
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili bilen gepleşikler
2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gaznanyň wise-prezidenti BMG-niň wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzma...
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän halkara maslahata gatnaşýarlar
2026-njy ýylyň 22–28-nji iýun aralygynda Pekin şäherinde «Kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we Hytaý - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak» atly halkara seminar geçirilýär. Bu seminar Hytaý Halk Respublikasynyň Bütinhytaý Halk Wekilleriniň Ýygnagynyň Hemişelik Komiteti tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri üçin guralýar. Seminara Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, şeýle hem sebit ýurtlarynyň kanun çykaryjy edaralarynyň deputatlary gatnaşýar...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Fizuli Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Ýolugra ýörite gurnalan ýerde hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle-de Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidi...
Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde Hytaý Kommunistik Partiýasynyň Hubeý welaýat Komitetiniň Sekretary Guan Çžio sebitе “Hubeý – açyklygyň içerki merkezi we strategik öwrülme” diýen simwoliki at bilen amala aşyrylan giň gerimli tanyşlyk saparynyň çäklerinde gelen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de ŞHG ýaly öňdebaryjy halkara guramalaryň bilärmenleriniň wekiliýeti bilen resmi duşuşyk geçirdi. Hubeý welaýat komitetiniň sekretary bilen geçirilen...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary
2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. “Zagulba” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasyny...