RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Noý

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylara

Dünýä çempionatyna gatnaşýan eziz myhmanlar!  Agyr atletikanyň hormatly türgenleri!  Sizi dünýäniň sport taryhyndaky möhüm waka — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu çempionatyň örän ýokary derejede we üstünlikli geçiriljekdigine, parahatçylyk we dostluk, olimpiýa taglymatlaryny we ýörelgelerini rowaçlandyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn!  Bedenter...

DOWAMY
31 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ABU-DABIDE “AGRISCAPE-2018” ATLY SERGI-MASLAHATYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 29-30-njy oktýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde Oba hojalyk toplumyna maýa goýumlary çekmeklige hem-de azyk howspuzlygy meselelerine bagyşlanan “Agriscape” atly 2-nji sergi-maslahaty geçirildi. Sergi-maslahat BAE-niň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň ýolbaşçylygynda hem-de BAE-niň Azyk howspuzlygy boýunça döwlet ministri Mariam Hareb Almeiriniň garamagynda Abu Dabiniň Azyk howsp...

DOWAMY
31 Okt

AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA HALKARA FEDERASIÝASYNYŇ KONGRESI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Kongresi geçirildi we onuň işine IWF-nyň wekilleri, Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurt we ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Kongresiň dowamynda gatnaşyjylara gutlag sözi bilen Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Prezidenti doktor Tamaş Aýan, şeýle hem Türkmenistanyň Sport...

DOWAMY
30 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNDA RESMI IŞ SAPARYNDA BOLDY

2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary Azerbaýjan Respublikasynda resmi iş saparynda boldy. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda türkmen-azerbaýjan ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklary, şeýle hem ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň...

DOWAMY
30 Okt

NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ULAGYŇ ÖSÜŞI BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamentiniň (UN DESA), BMG-niň iň pes ösen ýurtlar, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar we kiçi ada ösüp gelýän ýurtlar boýunça Ýokary wekiliniň Müdiriýetiniň (UN OHRLLS), Bütindünýä Bankynyň (WBG) we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň (ICTD) ýardam bermeklerinde “2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin ulagyň we ykj...

DOWAMY
29 Okt

Häzirkizaman tanslarynyň üsti bilen Durnukly ösüşiň maksatlary hakda

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebit-az toplumynyň paýtagtymyzdaky Medeni-işewürlik merkezinde Daşary işler ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasynyň goldamagynda ýurdumyzyň Sazçylyk jemgyýetiniň guran “Durnukly ösüşiň maksatlary: 2030-njy ýyla çenli Ählumumy gün tertibiniň kabul edilmeginiň 1000 güni mynasybetli” atly tans festiwaly geçirildi.  Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, DÖM boýunça Okuw-usulýet m...

DOWAMY
29 Okt

Türkmen wekilýeti GDA ýurtlarynyň bilim işgärleriniň forumyna gatnaşdy

Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlarynyň 17-sini tassyklady we milli derejä uýgunlaşdyrdy, ýurdumyz 2030-njy ýylyň Gün tertibine ýetmek üçin olary yzygiderli durmuşa geçirýär.  Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hemmeler üçin giň gerimli we adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmek jähtinden halkara derejesindäki çärelere gatnaşmagy DÖM-i milli derejä uýgunlaşdyrmak işinde nobatdaky ädim boldy.  Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň wekilýetiniň oktýabr aýynyň başynd...

DOWAMY