TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ ÜÇÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň üçünji mejlisi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, emirlikleriň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan ýolbaşçylyk etdiler.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini belläp geçmek bilen, ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gepleşikleriň ýokary derejesi nygtaldy. Döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ilerletmekde ýokary derejedäki gepleşikleriň derwaýys ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.         

Ministrler daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyplygyny nygtap geçdiler. Şu ýyl Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň  ýola goýulmagyna 25 ýyl bolandygyny nygtamak bilen taraplar geçen döwürde amala aşyrylan işleriň netijelerine kanagatlanma bildirldiler. Halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerindäki özara hereketlere aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň bitaraplygyny hem-de energiýa we ekologiýa howpsuzlygyny, durnukly ulag, sport hem-de beýleki ugurlar boýunça başlangyçlaryny goldaýandygy üçin emirlik tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurtlaryň arasynda parahatçylykly gatnaşyklaryň ilerledilmegi ugrunda çykyş edýär, öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetini ileri tutmak bilen, «açyk gapylar» syýasatyna eýerýär. Bu ugurda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi. Şunlukda, geljek ýylda bu ugurda göz öňünde tutulan çärelere BAE-niň wekilleriniň hem gatnaşmagy Türkmenistan üçin ähmiýetli boljakdygy nygtaldy.

Häzirki döwrüň howplary we wehimleri barada gürrüň edilende, taraplar global pandemiýa garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ähmiýetini bellediler. Ministrler pandemiýanyň dünýä derejesindäki durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek boýunça geljekki ädimler barada pikir alyşdylar.     

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň döwlet we hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine we maýa goýum şertleriniň gowulandyrylmagyna gyzyklanma bildirildi.  Türkmenistanyň we BAE-niň ulag mümkinçilikleriniň ulanylmagy we kämilleşdirilmegi boýunça pikir alşyldy.  Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek maksady bilen deňiz, demirýol we howa ulaglarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak, port infrastrukturasyny ulanmak dogrusynda gürrüň edildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýän “EXPO-2020” Bütindünýä sergisiniň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň energetika we infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, hususan-da Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyga açykdygy aýratyn bellenilip geçildi.  

Taraplar “ýaşyl ykdysadyýetiň” wajyplygyny belläp, durnukly energiýanyň ulanylmagy, innowasion tehnologiýalaryň we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynyň bilermenlik başarnyklarynyň ilerledilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.  Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) çäklerinde hyzmatdaşlygy has hem giňeltmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi. 

Ministrler medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlary boýunça amaly hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.  Mejlisiň ahyrynda taraplar şu günki duşuşygyň netijeli geçirilmegine kanagatlanma bildirip, ýakyn geljekde hem Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň işjeň hereketleriniň goldanylmagynyň zerurlygyny nygtadylar.

Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.